|

Dost

Dost DOST

Eşidemde eýerýänim –
Sözüm bar bolsa – seniñki.
Aglan çagym elenýänim –
Gözüm bar bolsa – seniñki.

Sem etjek agy sesini
Şatlygym bolsa – seniñki.
Bir telefon belgisini
Ýatlaýan bolsam – seniñki.

Bogan gülüni biriniñ
Saklaýan bolsam – seniñki.
Doglan gününi biriniñ
Unutmaýan bolsam – seniñki.

Çagyrtmazdan, islän çagym
Barýan bir öýüm – seniñki.
Şatlyk-gussam, gyşym-ýazym,
Ýasym hem toýum – seniñki.

Açyk göwnüm, ak ýüregim,
Ter-tämiz törüm – seniñki.
Çyn dost meniñ bar geregim,
Bak, herne barym – seniñki.

Kadyr MIRZALYÝEW,
gazak şahyry

Terjime eden: Tirkeş SADYKOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle