| |

Ryfat beý näme üçin gaşanýarka? / satiriki hekaýa

Ryfat beý näme üçin gaşanýarka? / satiriki hekaýa RYFAT BEÝ NÄME ÜÇIN GAŞANÝARKA?

Ryfat beý näme üçin gaşanýarka? / satiriki hekaýa

— Allo! Alo!.. Ryfat beý, senmiñ? Salam! Dostum, diri ýitdiñ-le, Näçe gündür görneñok!
— Kemal beý, senmiñ! Wah, Kemal beý…
— Gubernatoryñ ýygnagynda-ha görmämsoñ, gaty howsala düşdüm. Biziñ ýygnanyşygymyzda-ha görneñok. Janyñ beri sagmy? Sen bolmasañ, bir hili, kart oýnunyñam gyzygy ýok…
— Sen sorama…
— Näne boldy,
— Gaty syrkawlapdyryn.
— Wah! Wah! Wah! Alla kuwwat berewersin! Keýpimo bozduñ! Näme kesel?
— Iteşen.
— Näme?
— Iteşen.
— Iteşen?
— Hawwa. Gaşanýaryn, düşýäñmi. Gijilewük alyp barýar!
— Şeýlemi! Wah! Wah! Wah! Niräñ gijeýär?
— Gijemeýän ýerim ýok!..
— Eý, Alla! Onsoñ şoña iteşen diýilýärmi?
— Hawwa, wraçlar şeý diýýär.
— Nämedendir öýdýärsiñiz?
— Özünem nämedendigini bilemok. Edenim, üwelen hindi towugyny iýdim. Gaty tagamly ekeni, agzymda eräp dur. Saklanyp bilmän, üç-dört bölegini iýäýipdirin. Nämedendir öýdýäñ, şeýle bolup bilermi?
— Aýdýanyñ näme? Üç bölek hindi towugyndanam kesellärmiñ? Biz-ä onda bir çak iteşene duçar bolmaly. Bir oturşyma bir hindi towugynam iýýärin. Hiç zadam bolanok.
— Gaşanañokmy?
— Ýok.
— Hindi towugynyñ ýanyndan kakmajam iýdim…
— Nähili kakmaç?
— Böwrekden.
— Böwrekden?! Heý, kakmaç iýip iteşen bolan gördüñmi. Başga bir zat iýen bolaýma.
— Bir zad-a iýdim, nämedigi ýadyma düşenok. Ilki işdämi açmak üçin sarymsak garylan hyýarly salat iýdim…
— Ýok, sarymsak ukyñy getirýär, ondan hiç ýeriñ gijemez.
— Gijilewükden ýaña uky ýadyña düşermi? Desert hökmünde halwa-da bardy.
— Öz-ä süýjüdir.
— Süýjüligine süýji! Ýöne endam-janym gabarçyk bolup dur.
— Wah, janyña döneýin, halwada günä ýok, bar zady halwa ýükläýäñ-aýt. Öten agşam iki jam halwany boşatdym, maña-ha hiç zadam bolanok. Başga bir sebäbi bolmaly.
— Nämekä? Agşam naharymyza takgaz balyg-a iýdik.
— Haý, balygyñam zyýany bormy. Öz tejribämden bilýän. Jinnek ýalyjagam zyýany ýok.
— Ikisini birden iýdim-ä.
— Iki däl-de, ýigrimi iki bolaýsyn. Balygyñ zyýany bolmaz! Ölüp barýan-da balyk diýip!
— Gaýrat et bakaly, ynha gutulaýyn, Alla ýol berse, hezil edip doýarys!..
— Bahymrak gutul! Diýmek, gijelewügiñ nämedendigini bilip bilmediñ-dä?
— Diñle, belkem, gaýmakly zapekankadandyr?
— Bir zat diýäýýäñ-aýt! Meniiñ gowy görýän iýmitim.
— Dört çanak gäwmüşiñ gaýmagyny iýäýdim-dä…
— Heý gaýmakdanam gabarçak çykarmy?
— Nämedenkä onda?
— Başga-da bir zat iýensiñ.
— Zyýanly zat iýmedimmikäm diýýärin… Banan bilen kokos hozy diýäýmeseñ…
— Kän iýdiñmi?
— O diýen däl.
— Kokos hozy — dermandyr, hiç zyýany bolmaz. Gaty peýdaly iýmiş…
— Onda nämeden bolup bilerkä?
— Wraçlar ýalñyşan bolaýmasyn? Sende iteşen bolmaly däl.
— Ýalñyşsalar ýalñyşandyrlaram welin, endamym-a gijeýär.
— Haýsy bir gijilewüge iteşen diýjek.
— Meniñki nämekä?
— Başgarak zat bolmaly!
— Hä, ýadyma düşdi, ýatmazymdan öñ az-kem duzly badam bilen gowrulan pisse iýdim… Şol içigar galmyşlaram başyma ýetdi öýdýän…
— Baý, gürled-ow! Ýatmankam menem iýmäni kem göremok.
— Gaşanañokmy onsoñ?
— Ýo-ýo-ýok… Gaýtam güýjüm-kuwwatym zyýat bolýar.
— Süýt işimi gören bolaýmasyn? Ukyñ öñ ýanynda bir stakan içäýmäm bardy. Ol gezek welin ikini içipdirin…
— Süýt saglygyñ girewidir, Ryfat beý… Näçe içseñem, gijilewük golaýyñ gelmez.
— Irden turup iki sany çig ýumurtga içýän… Şondan bolaýmasyn?
— Men onda otyz ýyl bäri gaşanyp gezmeli…
— Şol günüñ öñüsyrasynda mesge bilen gara ikrajyk, peýnir, şweýsar syryny iýdim. Näçeräkdigi ýadyma düşenok, az-a bolmaly däl…
— Näçe iýseñem, ikradan ýamanlyk bolmaz.
— Belki, zyýany ýokdur. Iteşen nämedenkä?
— Hany, gowy pikirlen, ýene näme iýdiñ?
— Ýene, ýene!!! Ýadyma salyp bilemok. Düýn iýen zadym ýadyma düşenok, geçen hepde barada-ha geplemelem däl. Gök önümden-ä däldir? Toklujyk bişiremde, ýanynda gök önümem bardy.
— Nähili?
— Zeýtun ýagyna garylan badamjan… Saklanyp bilmän alty-ýedi sanagyny iýäýipdirin, eýesiz galan.
— Zeýtun ýagyna garylan diýdiñmi?
— Hawwa…
— Onda hiç-laý. Ol ýeñil gitmeli. Ýene näme?
— Soñ kaşar peýniri bilen makaron… Wiý-uksusdan-a däldir-dä? Uksus içäýdiñmi?
— Ýok… Salat garylan-la.
— Uksus, gaýtam, gowy siñdirýär.
— Salata ajy burçam garypdyrlar… Ýöne şoñ yz ýanyndan mineral suw içdim…
— Ýeri, onsoñ, ýadyña salyber.
— Soñ nämedikä, soñ nämedikä? Soñ hiç zat içmedim, wiskiden başga. Sarym gaýnap başlady. Bir çemçejik soda içdim. Wi-i-iý… ýoldaşym bilen restoranda adam başyna bir kebap iýdik, yz ýanyndanam işlekli… Soñra çişlikli tüwi, bugdaý ýarmasynam iýdik. Üstüne ep-eslije gorçisa-da goýdum. Gorçisaly eti gowy görýärin… Häzir bolup durşumy görsediñ: bir elim bilen-ä trubkany saklaýaryn, beýlekim bilenem gaşanýaryn. Ýogsa-da, gutabam iýipdim, hä-hä, şondan bolaýmasyn? Ýumurtga garylan balyk saladynam iýdim… ondanan zat bolanok…
— Olardan däl…
— Nohutly çorbadan bolaýmasyn? Arada nohutlt çorba iýesim geldi. Aýalym yssyny bahanalap bişirmejegem boldy. Onda-da bişirtdim. Gaty tagamly boldy.
— Köp iýdiñmi?
— Ýo-ýo-ýok, iki jam…
— A, doktor näme diýýär?
— Hemmesini bolşy ýaly aýtdym. Doktor welin: «Bu kesel nahardan däl, başga ýakymsyz zat iýen bolaýmañ…» diýýär. Belki, duz ýygnaýandyr?
— O nähili duz?
— Her hili… Şol süýji garylan badamjandanmyka-da diýýärin.
— Eger badam gijilewüge duçar edýän bolsa, hemme bakgallary ýapardylar.
— Näme üçin iteşen ördükä?
— Gowuja pikirlen, şu gün näme iýdiñ?
— Aý, ullakan iýip baran zadym ýok. Bilýäñmi näme, kän işdämiñem ugry ýok… Ýüz ýyldan bir gezek artygrak iýsemem, yz ýanyndan gatyk iýýärin. Gatyk gowy siñdirýär.
— Gadyrdanym, soñky wagtda, heý, çörek iýdiñmi?
— Çörek?
— Hawwa, çörek…
— Nähili çörek?
— Tamdyrda bişirilen, ýagny adaty çörek…
— Çörek, kyn siñýär. Çörekden, birhili, semreýäñ. Düşdüñmi? Köplenç bir dogram iýýärin, ýekeje dogram, ýa-da bir bölejik fransuz bulkasyny… Dogrudanam men çörek iýdim-ä. Myhman gelipdi, bulka bolsa gutarypdy. Dükana barybam tapmadym. Içiñ ýansyn diýen ýaly, bir gramam galmandyr. Ynda şonda ýönekeý çörek iýmeli boldum.
— Indi düşnükli… Gijilewügiñ sebäbem şondan bolmaly. Ýönekeý çörek hemme kişä başartmaýar. Oña endik edinmeli. Çörek iýenini doktora aýtdyñmy?
— Ýadymdan çykarypdyryn. Ýatladanyñ gowy bolaýdy. Iteşeniñ nämedendigini indi bildim… Tas hamymy sypyrypdym. Bolşumy gören bolsadyñ!
— Bir dogram iýeniñe Hudaýa şükür etmeli, eger bitin çörek iýen bolsañ, at ýaly deperdiñ ýa-da kişñärdiñ… Özüñi bejert-de, bir dikel! Sag-amanja gutul!
— Tañryýlkasyn, dostum!
— Ýene jañ ederin. Saglykda görşeliñ.
— Alla işiñi ugruna etsin, gadyrdanym!

Eziz NESIN.

Terjime eden: Kemal YKLYMOW. Satiriki hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle