|

Deñiz şasynyñ gyzy

Deñiz şasynyñ gyzy DEÑIZ ŞASYNYÑ GYZY

Deñiz şasynyñ gyzy

Deñizde atyny ýuwýar şazada,
At keýerlip, üşerilýär bir zada

«Bärik bak, şazada!» — diýen ses gelýär,
Ar ürküp, pažžyldap, uçaýjak bolýar.

«Deñiziñ şasynyñ gyzy men, diñle,
Ikimiz bir gije bolaly bile!»

Ine, el görünip ýüzünde suwuñ,
Gysymlady atyñ ýüpek jylawyn.

Ýaşajyk gyz suwdan çykdy daşyna,
Ýaşyl kerep oraşypdyr saçyna.

Gök gözünde yşkyñ ataşy bardy,
Dür damja teninde sandyraýardy.

Şazada: «Bäri dur» diýip ýetişdi,
Soñam gyzyñ saçlaryndan ýapyşdy.

Sypdyranok ýigdiñ mäkäm elleri,
Köp aglap, towlanyp, ýalbardy peri.

Pälwan ýigit ýüzüp, çykdy kenara,
Dostlarna gygyrdy, uzakdy ara.

«Eý, siz, dostlar, ylgañ, kenara çykyñ,
Meniñ ele salan awuma bakyñ!»

Nä üýşüp dursuñyz, galdyñyz-la geñ,
Beýle gözel gyzy göreñzokmy öñ?»

Soñ şazada arkasyna seretdi,
Haýran galyp, uludan bir ah çekdi.

Synlap mawy deñziñ çäge kenaryn,
Gördi ýaşyl guýruk deñiz jandaryn.

Guýrugy ýylanyñ gowuna meñzäp,
Sandyrap, hem gagşap ýatyrdy geñ zat.

As elleri bilen ýapyşyp çägä,
Gyjytly bir zatlar diýýär biçäre.

Ýigit çuñ oýlanyp, atyna mündi,
Deñiz gyzyn asla unutmaz indi.

Mihail LERMONTOW.

Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle