| |

Şahyryñ ölümi

Şahyryñ ölümi ŞAHYRYÑ ÖLÜMI

Patyşam, ar almak pursaty geldi!
Almaly ganhordan şahyryñ hunun.
Jellatlara sapak bolsun, ber temmi,
Ulan, güýje giriz ähli kanunyñ.
Seniñ hökmüñ seni götersin beýge,
Aýagyña baş goýýan adyllyk eýle.

Heläk boldy şahyr! — ar alyp bilmän —
Ýanalmadan, töhmetlerden dyndy ol.
Ol pidasy boldy gurşunly gülläñ,
Ýöne uly buýsanç bilen syndy ol.

Çekip-çydamady şahyryñ kalby
Ownuk gybatlaryn barly gatlagyñ.
Olañ garşysyna täk özi galdy,
Öldürlip, gazandy öz rahatlygyn.

Öldürildi!.. Peýdasy ýok aglanyñ.
Nämä gerek gury öwgi hem delil.
Çäre barmy ýazgydyna Allanyñ,
Etjek işin edip dynansoñ Jelil?!

Garşysyna gybat, şyltak üýşürip,
Ylhamyny horlap kowalap ýören
Kimdi onuñ ýüregini çişirip,
Kalbyndaky sönjek ody ölçeren?

Ine, indem, gülüñ, diýenñiz boldy!
Soñky günler hesret geçensoñ çenden,
Ajap geniý, ýagty şamçyrag söndi.
Baky soldy dabaraly ter çemen.

Ok atanda ganly eli sarsmandyr
Giñ göwrümli, sowukganly jelladyñ.
Hatda onuñ boş ýüregi ersmändir.
Nätjek, indi peýdasy ýok perýadyñ.

Haýran galaýmaly!.. Uzak ülkeden
Gaçyp gelen ýüzläp gaçgagyñ biri,
Takdyrdan biidin bagt gözläp gelen —
Abraýyñ, şöhratyñ, çiniñ ýesiri,
Şöhrat-şanymyza señrigin ýygryp,
Däplermize göwni ýetmän ýylgyryp,
Bize ýigrenjini saklap gursakda
Hem äsgermän gaýry ýurduñ dilini,
Ol bilenem däldir, ganly pursatda,
Kime, nämä ýaraga çeneýänini!..

Aw bolup köre-kör gabanjañlyga,
Öldi şahyr. Zemin gysdy gujagna.
Gurban boldy ol mertlerçe söweşip.
Ajaýyp güýç bilen sarp edip zehin,
Öz wasp eden şol aýdymçysy kimin.

Rahat günden, dostlardan aýra düşdi nämüçin,
Ýaş başyndan akyllydy, huşy göçdi nämüçin,
Ol nämüçin düşdükä arasyna barlylañ,
Erkinlige göripleñ, çyn höwesden arlylañ.
Ol nämüçin el berdi töhmetçi zalymlara,
Ýa-da boş sözler bilen ýalan şelaýynlara?

Başyndan öñki täjin aýryp, oña bakdylar,
Deregne, lawr büräp, tikenli sim dakdylar.
Täjiñ pynhan tikeni sümdi onuñ serinden,
Şöhratly baş horlandy iññeleñ zäherinden.

Iñ sonky deminde-de, şol hasratly pursatda,
Awuly töhmetleri, hiläni-aly duýdy.
Nadanlañ aldawyndan, dyñzap duran gursakda
Haýyp boldy duşmandan ar almagyñ umydy.

Ajaýyp aýdymlañ owazy diñdi.
Ýok, olar gaýtadan ýañlanmaz ömür.
Dar hem garañky jaý mekany indi
Hem onuñ agzynda aýrylmaz möhür.

A siz, nejislikde ýaka tanadan —
Niçe azap berip, horlap gullary,
Taýpalañ bagtyny baglap, agladan
Atalañ ýalýagsy pis ogullary,
Tagt ýanynyñ açgöz boş mähellesi —
ERKINLIK hem GENIÝ, ŞÖHRAT ýagysy!
Bukulýañyz kanun perdesine siz,
Siziñ üçin sud hem hakykat dilsiz!..

Ýöne öñde Tañryñ sudy bar, Alla
Bolan zatlañ bary owal aýandyr.
O ýerde haýr etmez kümüşdir tylla,
Orramsylar size sud garaşýandyr!

Peýda bolmaz urnup, ylganñyz bilen,
Başa jemläp haýynlygyñ höwesin.
Dolmarsyñyz hapa ganyñyz bilen,
Päk şahyryñ al ganynyñ öwezin.

Mihail LERMONTOW.

Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle