Barlagçy
Barlagçy

Şlýapasy kellesinden gabarak,
Güjeñläp ondanam gaba papkasyn.
Barlagçy gelenmiş, özem ýokardan,
— Başlygmyzy gazabyndan saklasyn.
— diýip, gürrüñ edýär üýşüp işçiler,
Bu zatlar barlagçyñ perwaýyna däl.
Haşamly kabinet, öñünde gök çaý,
Ýumşajyk kreslo, hem uzyn stol.
Onki papka dörüp, bäş sany kagyz,
Çyrmaşdyryp göwün solpundan çykdy
Başlygyndan içip günortan çaýyn,
Marşrutyn goñşy kontora çekdi.
Ýolbaşçyñ aş-nany, ötümli bolsa,
Hödür-kerem hemme zatdan güýçli-dä,
— Sered-ä, barlagçy ýumlugyberdi
— diýip, ýene gürrüñ edýär işçiler.
Toýly ÖWEZOW. Goşgular