Zelili
Zelili
Jeýhun gol uzadyp Bahry-Hazara,
Senden alýar güýç-gaýraty, Zelili.
Sözleriñ öwrülip göwhere-zere,
Ýitirmändir görk-gymmaty, Zelili.
Alkyşlaryñ bilen beýgelen daglar,
Şygyrlaryñ bilen eýlenen çaglar,
Gül-pürçek gujagna düşen meýdanlar,
Gördi senden kän hormaty, Zelili.
Gözleriñ düşüpdir nurly zamana,
Gara öý — gün görmedik dek hamana,
Ejir berip gelen her musulmana,
Parçalapsyñ bar zulmaty, Zelili.
Ýigitleriñ iş kylanda pert bolup,
Ýow-ýagyñ dahana düşdi gurt bolup,
Gözelleñ söz berdi misli mert bolup,
Saklamaga salykaty, Zelili.
Gyzlaryñ geýipdir elwan-alyny,
Üýşürip saçagna nygmat baryny,
Hersine «Kaksyn — diýp — ýürek taryny —
Beripsiñ sen sahawaty, Zelili.
Görseñ tanamarsyñ Türkmenistany,
Ne gyşy galypdyr, ne-de borany,
Häzir Diýar şöhrat DIÝARY, şany —
Dilden düşmez delalaty, Zelili.
Azat dillerinde ýürek galkynar,
Il-günüñ ýaşaýar meñzäp ýalkyma,
Dolandy döwranlar dogan halkyña,
Gel, görmäge adalaty, Zelili.
Fahreddin ALYÝEW,
azerbaýjan şahyry.
Terjime eden: Ahmet MÄMMEDOW. Goşgular