|

Dawudyñ mynajatlary

Dawudyñ mynajatlary DAWUDYÑ MYNAJATLARY

Dawudyñ mynajatlary

1.

Bagtyýardyr gatnamaýan
Mekirleriñ geñeşine;
Galplar bilen oturmaýan,
Goşulmaýan şer işine.
Diñе Hakyñ kanunyna
Baglaýar ol öz erkini.
Diña şol ýakýar janyna.
Miweli agaç deý ösen
Meýdanda — çeşme başynda,
Dogruçyl kişi güýç alýar
Haýyrlaryñ gözbaşyndan.
Mekirlerden hem galplardan
Soñra galmaýar nam-nyşan.
Olaryn küli öwüsýän
Güýçli ýellere bolýar şam.
Kyýamat toýdur päk kişä,
Ýamana ahy-pygandyr.
Ýagşylaryñ işi güllär,
Ýamanyñ işi weýrandyr.

2.

Ýa, Ýaradan! Hemişelik
Çykaraýarmykam ýadyñdan?
Ýüz öwürýärsiñmi menden,
Kowýarsyñmy öz ýanyñdan?

Ýüregim sanjarmy uzak,
Kalbym kän bihal bolarmy?
Ganym duşmanym üstümden
Kän hahaýlap gülermi?

Ýa, Hudaý! Meni halas et,
Güýç-kuwwat dileýän Senden.
Diýmesin ganym duşmanym:
«Geldim onuñ hötdesinden!»

Görüp ýesir düşenimi,
Ýaman galmasyn begenip!
Halas eýle, agyr-agyr
Azaplara dözme meni!

Meni halas et. Üstüme
Özüñ bol mydama pena.
Beren nygmatlaryñ üçin
Ederin kän hamdu-sena.

3.

Ýürekleri däliränler
Hudaýy edýärler inkär,
Bikanunlyga ýar bolup,
Haýry saýmaýar olar kär.
Hudaý bolsa gözleginde
Özüni gözleýänleriñ.
Haýyr iş edýän kişi ýok,
Zalymlar tutdy bar ýeri!

Haçan günä ulaşanlar
Gazabyñdan geler dada?
Bizi gemirýärler dynman,
Hudaýy salýan ýok ýa-da.

Ähli ýer gorkudan doly,
Gorkynyñ ýok ýerinde-de
Adam öz-özüni aldap,
Gorkup başlaýar özünden.

Halas etjek barmy bizi,
Kimden ýeter haýyrly paý?
Bendesinden etme tama,
Bize erk berjek täk Hudaý.

Ýaradan, Saña känden-kän
Aýdarys biz hamdu-sena.
Şatlanar Ýakubyñ ruhy,
Izrail gol götär sema.

4.

Hudaýym, höküm et, ýalka,
Saña tabşyrýan özümi.
Kesekidir güýji zoruñ
Ýüregine guý sözümi.
Çünki olar ýüregimiñ
Gyrýarlar ganat-perin.
Bardygyñy añmaýarlar,
Bilmeýär olar ederin.

Hudaý maña berýär ýardam,
Onuñ bilen aman serim.
Tämiz hakykaty bilen
Ýok edýär olaryñ şerin.

Ýalñyz ýürekden syzdyryp,
Oña dogada bolaryn.
Ýamanlara, zalymlara
Men ýagşy nazar salaryn…

5.

Hudaý ýamanlara jeza
Berýär. Kalbym syzýar — bu hak.
Hudaýym, çekinmän, saña
Gör, tekepbir atýar şyltak.

Gaýypdan garap Zemine,
Bu ýagdaýa bir alaç tap.
Şöhratyñ hem şanyñ bilen
Onuñ ulumsy gözün gap!

Hudaýym hilegär şeýdip
Duwlanar ýörmi ýalana?
Günäsi bilen öwünmek
Haçan dert boljak ýamana?

Seniñ bende-gullaryñy
Gandallap goýdular tümde.
Seniñ ýaradan dünýäñi
Gana gark etdiler günde.

Ötegçini öldürdiler,
Dul aýaly-da bogdular.
Olar Seniñ bardygyña
Ynanmaýandan boldular.

Akylyñyza aýlanyñ,
Ol — dünýäniñ hökümdary.
Ol bilip dur aklyñyzda,
Kalbyñyzda näme baryn.

Onuñ müdimi şanynyñ
Ýalkymyna galyñ siz geñ.
Dirikäñ jezañy çekmek
Bolanyñdan gowudyr teñ
Girip topragyñ astyna.

Hudaý söýýär öz halkyny,
Bendesin söýýär ol gaty.
Ol garaşýar biz ýalylar
Añşyrýança hakykaty.

Ondan başga barmy meni
Şer işden eýlejek halas?
Ol kömek etmese, kalbym
Tüm içinde tutardy ýas
Galyp nurlañ näletine.
Hudaýym, bil baglap seniñ
Ýardamyña urýan gadam
Hem janym ynjalýar meniñ.

Seniñ erkiñde, işiñde
Ýokdur zerre ýaly nogsan.
Zalym kişiler dogruçyl
Adamlara bermän aman,
Aýyplan çagy olary,
Hudaýyñ ýardamy bilen
Olardan halas bolaryn.
Ýaradan göge çykarar
Hersiniñ dat-perýadyny
Hem masgaracylyga öwrer
Olaryñ at-şöhratyny.

Taras ŞEWÇENKO.

Terjime eden: Orazgylyç ÇARYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle