Übtüjekler / kinniwanja kyssalar — Tanyşlyk
Übtüjekler / kinniwanja kyssalar — Tanyşlyk
Dosty bilen ikisi…
Gitmekçidiler.
Ýöne, dostunyňka myhman geldi-de, myhmanlaryň özi bilen deňdeş oglunam ýanlary bilen alyp gaýtmaly boldular.
Bolmasa boljak däl.
Şeýtmeseler, ata-enesi dostunam toýa goýbermezdiler.
Jahyllar üç tirkeş bolup bärden bardylar.
Iki çagalyk dost, öz aralarynda äbe-de-jüýje.
Myhman gögeläni bolsa gepe goşmaýarlar.
Hamana: “Mejbury alyp gaýtsagam-a alyp gaýtdyk welin, şu taýda artykmaçlygyňy bildejik goýaýgyn!” diýýän ýaly…
Hatda onuň adynam soramady.
Ne myhmanyň özünden.
Ne-de dostundan.
Toý bolsa, hezillik.
Akly-gyzylly çyralardan ýaňa bagşynyň gygyrýan tirkegi garaňkylykda öwşün atyp, hol beýikde galdyrylan gapaklaryny howalandyryp dur.
Köçe adamdan hümer.
Bir gidenem gyzyl-çyzyl.
Olaram üç bolup çete geçdiler-de, toýa tomaşa edip ugradylar.
Toýa-da.
Toý toýlaýan toýçylara-da.
Ýetginjekleriň bolşam hemmä belli.
Edil öz ketegine keseki horaz goýberilen jüýje horazlar deýin, kimdir biri bilen kejeleşmeli, döş direşip ütmeleşmeli bolsa gözleri açylýar.
Bu ýerde-de şeýle boldy.
Ýerli ýetginjekleriň biri tötändenmi ýa-da bilgeşleýindenmi, olaryň biriniň aýagyna basdymy ýa-da tersine, iki sany gögeläniň arasynda başlanan sene-mene göz açyp-ýumasy salymda degene gözüm menden däl güpür-tapyrlyga ýazdy.
Olar eýlesine-beýlesine garap ýetişmänkäler, bezegli mähnet tirkegiň ýeňse ýüzündäki garaňkylyga dartyldylar-da, daşlaryny özleri ýaly degenekler gallady.
Gep gepleşip, söz sözleşere maý galmady.
Ýüzlerini yzgytsyz eňşidişip duran hümer jahyllar, ortada-da diňe ikisi geriş-gerşe berip arkama-arka durlar.
Diňe ikisi…
Ol hem-de ýaňky ýanlaryna mejbury dakylan myhman gögele…
Çagalyk dost welin, ýok.
Pursatdan peýdalanyp, gürüm-jürüm bolupdyr.
Birdenem, biri: “hop” diýen ýaly, başlady.
Gürp-gürp…
Tarp-tarp…
Dumly-duşdan aýak ýagýarmy, el ýagýarmy…
Düşer ýaly däl.
Bu ikisem kem galmaýarlar.
Endam-janlaryna degýän ýumruklardyr-depgilere üns bermän, ýetişibildiklerinden ellerini-aýaklaryny salgaýarlar.
Gürp-gürp…
Tarp-tarp…
Munuň ýaly ýerde iň esasy zat ýykylmazlyk.
Ýykyldygyň aýak astyna alyp, külüňi çykarýarlar.
-Häýt, eşegataly gurrumsaklar! Jähennem boluň hany, şu taýdan!-diýip tirkegiň öň ýanyndaky ýagtylykdan ýaňlanan uluraklaryň biriniň gazaply haýkylygy, ýerli ýetginjekleri sülgüniň jüýjesi deýin dyr-pytrak etdi.
Bularam säginip durmadylar.
“Nirdesiň, obam!” diýäge-de, gelen ugurlaryna tarap ökjä tüýkürdiler.
Şol gidişlerine “haş-haşlap”, iki obanyň arasyndaky ekinzarlygy ýarpylaberenlerinde daljygyp, batlaryny gowşatdylar.
Ilkibada gyzgynlaryna bildirmedigem bolsa, ýumrukdyr-depgi iýen ýerlerem syzlap başlady.
Togtadylar.
Biri-biriniň ýüzlerine seredişip, gülüşdiler.
Birdenem üçünji ýoldaşlary ýatlaryna düşdümi nämemi, ikisiniňem birwagtda gülkülerini tapba kesdiler.
Göýä, hemme zat bolaýmalysy ýaly, hatda ony gözläp ýaltaklaşmadylaram.
Onuň nirededigini biri-birinden soramadylaram.
Aralaryna dymyşlyk aralaşdy.
Demlerini dürsänlerinden soň, oba tarap mytdyldadylar.
Biraz seslerini çykarman ýöränlerinden soň, ol dem salymlyk aýak çekdi-de:
-Ýogsa-da, seniň adyň nämä, dost?!-diýip, myhman gögeleden sorady.
Myhman aýtdy-da, onuňam adyny sorady.
Olam aýtdy.
Tanyşdylar… Hekaýalar