Übtüjekler / kinniwanja kyssalar — Çyn we ýalan
Übtüjekler / kinniwanja kyssalar — Çyn we ýalan
Çyn we ýalan
Ejesi aýtdy:
-Hiç haçan ýalan sözlemegin! Ýalançynyň temmisini Taňry berer.
Kakasy aýtdy:
-Hiç haçan şugullamagyn! Şugulçylyk ýaly ýigrenji häsiýet ýokdur.
Ertesi gün mekdepde arakesmä çykanlarynda, deň-duşlary bilen top oýnap ýörkä, olaryň biriniň depen pökgüsi penjirä degdi.
Aýna döwüldi.
Dergazap bolup gelen synp ýolbaşçysy:
-Kim aýnany döwdi?!-diýip, onuň üstüne heňkirdi.
Oglanjyk ýüzüni sallap, oýurgandy…
Aýtsaň-a şugulçy bolmaly.
Aýtmasaňam ýalançy…
Ol aýgyt bilen gözlerini göterdi-de:
-Men döwdüm!-diýip, mert jogap gaýtardy.
Temmisini aldy, ýöne gynanmady.
Dogry baş alyp çykanyna buýsandy. Hekaýalar