Köne güzer
Köne güzer
Ýok,
Men indi «Yşkyñ çyragy söndi»,
Diýip öz-özümi atmaryn oda.
Köne güzer bilen şärikli derdim,
bolan ykbalymy salaryn ýada.
«Ölsem-ä — Ýeriñki, ölmesem — señki,
Halys keç eñegne tutmasa pelek».
Ähti-wadalaryñ biweçliginden,
Görä, bu gün jiger bolmuş janserek.
Sen özge,
Men başga gujaga düşdüm,
Sebäp bolup bir bigäne bagta biz.
«Ömür» atly soñlanmajak sahnada,
Utup bilýän — aşyklykdan daşdadyr.
Indem köne güzer bilen arada,
Külterleýäs uzap barýan ýoly biz.
Bir-biregi baky söýmeklik üçin,
Bir-birekden aýra düşen ýaly biz.
Hojaberdi BAÝRAMOW. Goşgular