Men gidip barýaryn…
Men gidip barýaryn…
Men gidip barýaryn ýodajyk bilen,
Aýagmyñ astynda otlar döwülýär.
Käte hyjuwyndan öwüsýän ýeliñ,
Derekleriñ başy aşak egilýär.
Ak derekler ýodañ gyralarynda,
Daragyñ dişi deý hatarlanyp dur.
Meniñ gök otlary basýanym üçin,
Ýüregim özüme gatyrganyp dur.
Men gidip barýaryn ýodajyk bilen,
Hem-de oýlanýaryn synlap daşymy.
Bu ýodajyk synandyr-la kän gezek,
Dagdan-daşdan gaty adam başyny.
Belki, bu ýodadan babam geçendir,
Mümkin, by ýodadan ýörändir atam.
Ýok, mümkin däl, hökman,
hökman geçendir,
Bolandyr ýanynda meşhur Gyratam.
Ýañy taban murtum kimin otjagaz,
Gizlemek isleýär olañ yzyny.
A men görüp durun ýüregim bilen
Atalarmyñ gadamlarnyñ tozuny.
Ýyllar geçer, bir gün juwan ýuwlugmyñ
Ýoly bu ýodanyñ üstünden düşer.
Aýagmyñ astynda döwülýän otdan
Topraga söýgimiñ sesin eşider.
Durdy DURDYÝEW. Goşgular