| |

Ýagmyrly gürrüñ / hekaýa

Ýagmyrly gürrüñ / hekaýa ÝAGMYRLY GÜRRÜÑ

Meniñ adym Kuly. «Ýagşyny taryplamak parz» diýlensoñ, menem klasdaşym Ýagmyry öwüp arşa çykaraýyn diýdim.
Ýagmyr, tüweleme, tüýş şu dünýäniñ adamsy, haçan görseñ zähmetde. Käbirleriniñki ýaly, «toýa hyzmat etmelidir, ýaşu sowuşmalydyr» diýip; biderek zatlara kelle agyrdyp ýörenok. Ýogsa-da, mysal gerekmi? Ine, mysal! Öñräk bir deñ-duş oglanymyzyñ ýyly dolup, neressäniñ belli gününe bir janlyjyk alaýalyñ diýşip pul jemledik. Soñam baryp Ýagmyra ýüz tutduk. «Ýagmyr, dost, maşynyñy otla, bazardan bir toklu alyp gaýdaýaly diýsek, ol: «O-how, siz, nähil-aý, bärde ekinim bazara äkidilmän çüýräp ýatyrka, men bazara goýun almaga giderinmi-aý?!» diýip, oñaryp aýtdy.
Tüýs «berekella» ol! Onuñ ýerine başga biri bolan bolsa, işden gaçmak üçin: «Ýörüñ» diýerdi. Şeýdibem halal zähmetiniñ hasylyny püçege çykarardy.
Ýene-de ol gaty geçirimli, göwrümi giñ adam. Biri batnyksyzyny ataýsa-da, onuñ ýüzüne zat diýmeýär. Gaharyny jylawlap saklanýar-da, ol gideninden soñ ýa-da öýünde, aýalynyñ ýanynda içini boşadýar.
Tüýs berekella ol! Şeýlebir berekella welin, soñurak il-gün: «Kuly kassiriñ Ýagmyr ýaly ogly bar. Kuly şeýle ogul ýetişdiripdir» diýäýse ýer-ä ýarylmazdy, menem girmezdim…

Serdar ATAÝEW.

# edebiyatwesungat_2000 Satiriki hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle