|

Amannazar Atanyñ degişmelerinden

Amannazar Atanyñ degişmelerinden AMANNAZAR ATANYÑ DEGIŞMELERINDEN

■ «Ýetişip bilmezler»

Bize saz çalmagy öwreden ussat sazanda Amannazar Ataýew öz köne «Zaporožesinde» bizi toýa alyp gitdi. Amannazar halypamyzyñ arkasy güdri-güpjek ýaly güberip durardy. Şonuñ üçin bolsun gerek, sesi haýal çykardy. Aýdymy pes sesde, örän labyzly aýdardy.
— Ýol bilen barýarkak, bäş-alty düýe ýolumyzy kesip geçdi. Şonda Amannazar:
— Meniñem tüñkejigim bularyñ yzyndan kowup barýar-how — diýip ýylgyrdy. Oturanlaryñ biri bada-bat:
— Ol aýdýanyñ-a dogrydyr, halypa! Ýöne düýeler «logar-logar» edişip, seniñ owazyñ yzyndan iki dünýäde-de ýetip bilmezler — diýip, barymyzy gülüşdirdi.

■ «Başga at alaýaryn»

Amannazar halypanyñ baran toýunda bir kişi burçda çaý içip oturan. Şady-horram bolup oturan märekäñ içinden biri onuñ arak içmän oturyşyna geñ galyp:
— Sen näme üçin içeñok? — diýip soran.
Ol kişi — «Men awtoulagly geldim. Ýolda GAI-ler köp» — diýen. Jaýdaky oturanlaryñ hemmesiniñ ünsi ol kişä öwrülýär. Ähli edip oturan gürrüñleri ýatdan çykýar. Ählisiniñ ünsi çaý içýäne gönügýär. Hemmesi «Iç, iç» diýip içirjek bolýarlar. Ol kes-kelläm içmejekdigini aýdýar. Onda Amannazar halypa:
— Inim, GAI saklasa, meniñ adymy beräý — diýip degişýär. Çaý içýän kişi:
— Men GAÝA seniñ adyñy bersem, sen näme etjek? — diýip soranda halypa:
— Men başga at alaýaryn — diýip jogap berýär.

■ «Gawunlarymy tordan çykaraýaýyn?!»

Amannazar halypamyz Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaly mugallymçylyk institutynda okaýan döwründe bedenterbiýeden synag tabşyrýar. Küýküligi sebäpli tory hem göni depip bilmändir. Mugallym oña degşip:
— Ataýew, şu futbol topuny üç gezek depip, birini tora salyp bilseñ, bäşlik goýjak — diýende, Amannazar mugallymyñ golaýyna baryp:
— Ýoldaş mugallym, beýdip meni kösemäñ. Meniñ ökde işim bar-a. Gowusy — men öýüñize düşüren on sany gawunymy tordan çykaraýaýyn — diýipdir welin, mugallym gülüp-gülüp, heziller edinäýipdir.

Amanmyrat USSAÝEW. Degişmeler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle