Meýdan bu
Meýdan bu
Mähribanlyk bilen çar ýana garap,
Märekäniñ «howun» çeken meýdan bu.
Ak ýoly aýlaýyp, biline orap,
Ýeñişi arzuwlap bakan meýdan bu.
Dal bedewler göýä humaý guşlary,
Toýhananyñ gyzgalañy, hoşlugy,
Dabarasyn tijäp, gyzdy:r guşlugy,
Owaz bolup dünýä akan meýdan bu.
Ýeñşe ýetse çykar seýsiñ hasaby,
Juwan telpek zyñar, garry — hasany,
Allañ arş üstünde kämil ynsany,
Çyn bedewe serpaý ýapan meýdan bu.
Ilim toý toýlaýar artyp şöhraty,
Algyr bedewinde güýji-gaýraty,
Türkmeniñ döwleti — şuñkar gyraty,
Bagt bolup alnyndan çykan meýdan bu.
Öý-ojaklar artsyn, atlar çapylsyn,
Al güller ekilsin, däne sepilsin,
Bedew kimin mañlaýyndan öpülsin,
Owal-ebet döwlet tapan meýdan bu.
Hudaýberdi MÄTJUMAÝEW. Goşgular