| |

Surnugan möjek hekaýaty

Surnugan möjek hekaýaty SURNUGAN MÖJEK HEKAÝATY

Bilip bolmaýar-da alna geljegi,
Bir gün açlyk surnukdyrdy Möjegi.

Ol siňkildäp sökdi tutuş jeňňeli,
Garaz şeýdip, bu günü-de jemledi.

Jelegaýda ýok hasap edip taýyn,
Özüni akylly-paýhasly saýan.

Hasaplardy özün jeňňeliň şiri,
Öňünden çykany goýmazdy diri.

“Her bir işde paýhasly men” diýerdi,
Awuny-da saýlap-seçip iýerdi.

“Güýçde hem kuwwatda, akyl-paýhasda,
Men ähli haýwandan arşda-alysda!”

Diýýän, bu Möjege ne döw çalypdyr?!.
Ahyry bir Kirpä gabat gelipdir.

Öň ençeme ýola awunan Möjek,
Ýene-de bir ýola synanyp görjek.

“Bu ýerde akylyň kömegi deger,
Muny hile bilen iýerin meger.”

Diýip, öz ýanyndan pikir ýüwürden.
(Ynsa-jynsa süýji zat ýok ömürden.)

Garaz, Möjek mähriban bolan Kirpä.
“Maňa senden gowy dost boljak kimkä…

Bu gün seni gözledim uzak günläp!”
Diýip, al salmakçy bolupdyr gürläp.

Ýene diýen: “Seniň bilen dost boljak,
Saňa gelýän howpuň öňünde durjak!

Biz bile çekeris durmuş keşigni,
Aýyr-da zyň bu tikenli eşigňi!”

Bu sözlere Kirpi çala ýylgyran.
(Tejribesi bardy onda ýyllaryň.)

Kirpi diýen: “Mende gorky-hatar bar,
Möjek dogan, teklibiňe minnetdar!

Hergiz bilip bolmaz pelek işini,
Tikenim aýraýyn, sogurt dişiňi!

Bu şertime razy bolmarsyň senem,
Dost, tikenlem aýyrmaýyn-la menem!”

Diýip, öz hinine siňipdir Kirpi.
Surnugan Möjegiň çaşypdyr eňki.

Özüňe artykmaç baha bermeklik –
Ol bir jebir-jepa, sütem görmeklik.

Kämil eken durmuşyň öz tälimi,
Akyl bilen tap her işiň tärini. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle