|

Ene gözi bilen görüñ dünýäni

Ene gözi bilen görüñ dünýäni ENE GÖZI BILEN GÖRÜÑ DÜNÝÄNI

Älem-jahan gözellikdir, ajapdyr,
Ene gözi bilen görüñ dünýäni.
Dünýäñ ähli derwezesi açykdyr,
Ene gözi bilen görüñ dünýäni.

Myhmanlara bugdaý çörek bişiren,
Ýadap gelen ýaryn atdan düşüren,
Durmuş gözelligne ýürek düşüner,
Ene gözi bilen görüñ dünýäni.

Mähir gatan hüwdüsiniñ heñine,
Beýik ýaşap, işi bolan oñuna,
Iñ belent dag ýetibilmez deñine,
Ene gözi bilen görüñ dünýäni.

Suw joşanda kenaryny öl eder,
Yhlasy başgadyr, yşkyñ doly eder,
Nur-didesin ile bagt köl eder,
Ene gözi bilen görüñ dünýäni.

Enäñ mañlaýynda — mukaddes yzlar,
Enäniñ kalbynda — aýdym-owazlar,
Ene baksa, gara gyşda ýaz ýazlar,
Ene gözi bilen görüñ dünýäni.

Ene dälmi, Magtymgula şan beren,
Ene dälmi, serdarlara şan beren,
Ene dälmi, Hydyr gören, şa gören,
Ene gözi bilen görüñ dünýäni.

Eneler — keramat, kerem-öwlüýä,
«Ene» diýseñ bar belalar sowulýar,
Ene bilen gyz edebi öwülýär,
Ene gözi bilen görüñ dünýäni.

Enedir iñ beýik gahrymanymyz,
Enedir iñ şöhratymyz-şanymyz,
— Ýaşa! — diýip — ene, mähribanymyz!
Ene gözi bilen görüñ dünýäni.

Amanmyrat USSAÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle