|

Synanşyk

Synanşyk SYNANŞYK

Men seni dünýäniň malyna deňäp,
Gabanyp, gysganyp goraglap ýörün.
Almaz sakçysy deý, her gün, her agşam,
Kirpiklem çalyşsa ogurlanjak dek,
Bagryma bassamda ynjalyp bilmän,
Gizläre ýer gözläp nijeme gündür,
Bukuja ýerleri sermeläp, dörüp,
Saňa kybap geljek, seni ýerlejek,
Ýumşak ýelek ýaly, anbar-u-müşkli,
Bägüliň suwuna suwlanan ýeri
Gözläp tapabilmän içimi tutup,
Didämiň dürleri seçelenip dur…
Ýüregmi birhili wehim gurşapdyr,
Sähel üns bermesem gidäýjek ýaly,
Sesine bilbiller sesin goşdugym,
Nurana keşbine, jady bakyşna,
Saçlarnyň taryna müň hyrydarlym,
Gözüm ýolda goýup garaşdyryp kän,
Goýnunyň ýazynda döwran sürjegim,
Güýzünde dolandy, ak bagtym bolup.
Bagtdan gök diredi çalaran başym,
Ine indem çaşan serim gowgada.
Del gözden, nazardan, ýalan gybatdan,
Gorajak, gizlejek ilkinji söygim,
Arman ýer tapamok özünden başga.
Gowsy kem-kem söýgi bolup, bal bolup,
Didesinden gursagyna dömeýin,
Ýüreginde ornum bardy birmahal,
Sönmez söygiň közi bardyr ynanyan,
Çalaja körese ýeterlik maňa.
Zenan mähri, yhlasynyň öňünde,
Çözülmejek doň barmyka aslynda?
Eger şeýle bolsa ynanmaryn men,
«Söýgi gudrat» diýen jümlä, alyma.
Ýöne şu mahala giç gelen bagty
Ömürlik wysala ýetirjek bolup ,
Bagt guşumy gujagymda saklajak.
Didesinden gursagyna ýetýänçäm,
Doňan kalbyn mährim bilen çawlajak,
Eger oňarmasam bagyşla meni,
Şunça ýyllap umyt beren söýgimi
Sessiz üýnsüz gursagyma jaýlajak. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle