|

Men türkmeni gözlerinden tanaýan

Men türkmeni gözlerinden tanaýan MEN TÜRKMENI GÖZLERINDEN TANAÝAN

Men türkmeni gözlerinden tanaýan,
Ol gözler meñ üçin mähirli hasam.
Şol gözler dadyma ýetişýär meniñ,
Käteler aljyrap, gam-dertde galsam.

Men türkmeni gözlerinden tanaýan,
Hem olañ öñünde edýärin tagzym.
Näme jezañ bolsa çekerin, ýöne,
Şol gözlerden aýra salmawer, Tañrym!

Men türkmeni gözlerinden tanaýan,
Özümi duýýaryn bagy-Eremde.
Sebäp, özüm türkmen,
Onsoñ neneñ men,
Öz gözümi tanamaýyn göremde?!

Ýemreli TUWAKOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle