|

Ene

Ene ENE

Ene

Ak tüýnükli alty ganat ak öýüň
Rahatlykdan demin alýan töründe,
Ýalňyz özi süzüp gara gözlerin,
Ak pagtasyn egrip otyr bir ene.

Onuň göz-guwanjy — ýalňyz balasy
Bu gün Watan üçin aýaga galdy.
Hawa, ol öz iýen mukaddes duzun
Müň kerem halallap, ýerine saldy.

Aýlar aýlananda, ýyllar aşanda,
Kyrk üçünjiň maýy gelende çapyp,
Hat geldi ýigitden ýaşyl bukjada,
Üç burçuny üç tarapa galgadyp.

Obaň ulus ili şol üçburç haty
Okap berdi enä göýberip hata.
Şeýle gysga haty dürs okamazça
Ulus-il aňrybaş sowatsyzmy-ka?!

…Ine, onçasyna menem bilemok,
Ýöne umyt edip, şol mährem enäň
Soňky deme çenli ýoluna garap,
Gözün açyp, göre girenin bilýän.

24.12.2017. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle