|

Bägül hekaýaty

Bägül hekaýaty BÄGÜL HEKAÝATY

Bägül hekaýaty

Möwriti ýetdi-de, açyldy gunça.
“Hiç bir bägül gözel däldir-le munça…”

Diýip, bir gyz ysgap-ysgap doýmady,
Onuň terje ýapraklaryn oýnady.

Birden barmagyna çümdi bir tiken,
Elin çekdi, gaty awuly eken.

Ol gyz diýdi: “Tiken nämäňe gerek?
Gunça et, ol ýiti neşderä derek.”

Gül ygşyldap, ýuwaşjadan seslendi:
“Bilmeseň bilip goý, senem bu pendi!

Temmisin bermeseň işiň görerler,
Herki zada el uzadyp ýörenler…” Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle