| |

Wesýet

Wesýet WESÝET

Wesýet

Öz-özüňe erk et, erksiz mähelle
gelip, saňa tagzym edýän mahalda.
Öz-özüňe ynan, öz ýoluňy seç,
Ynanjy azlaň hem günäsini geç.
Döwrüň gelmese-de, irginsiz garaş,
Döwüň sürmese-de, ýadawsyz göreş!
Ýalançylar ýalan sözläbersinler,
Hiç haçan sen olaň deňine düşme.
Özgäni bagyşla, bagyşlaňdan soň,
Hondanbärsi bolup, tekepbirligiň
Hem pes gedemligiň demine düşme
Özüň özgelerden akylly saýma,
Danadyryn öýdüp, akmak bolaýma.

Arzuw et-de, arzuwlara gul bolma,
Pikir et, pikiriň hudaýlaşdyrma.
Deň kabul et ykaraty hem ýeňşi
Hem unutma söýýänleň hem sögýänleň
aýdýan bar sözlerniň ýalandygyny.
Ümsüm otur, bir gün seniň sözleriň
ýoýsa kezzap, aldamaga akmagy
aýaman öz ähli ýamanlygyny.
Tutuş ömrüň tamam bolaýsa weýran,
Sen ony täzeden dikeltmelisiň.
Däldir dünýä saňa seýilu-seýran
Öz erkiň öz-özüň bekeltmelisiň.

Öňdäki iň ýagşy umytlar üçin
Ähli zähmet çekip gazanan zadyň
Humara goýmagy başaryp bilseň,
Hiç haçan oň üçin ahmyr etmegin,
Bar zadyň utduryp, gedaýam galsaň.
Ýüregiňi, bedeniňi, beýniňi
Etdir sen mydama özüňe gulluk.
Göwräň boşap galsa,
Umytlaň ýansa,
Daşyňy alanda müň dürli şumluk,
Diňe erkiň saňa: «Öňe ýör!» diýse,
Şondan uly mertlik barmydyr eýse?!

Ýönekeý bol şalar bilen söhbetde,
Dogruçyl bol sözleşeňde halk bilen.
Gönümel bol, berk bol dost-duşman bilen
Diňe şeýtseň, olar seni sylarlar.
Iş salyşma gedem bilen, galp bilen,
Şeýtseň, senden sowlup geçer töhmet-de.
Dünýäň pesi-beýgi seni synlarlar.

Aý-günler ýel ýaly uçar, tutdurmaz,
Many bilen doldur ötýän pursady.
Goç ýigitler dünýä özün utdurmaz,
Dünýä yşkdan doldur boşan gursagy.
Bar bolsa özüňe erkiň hem dogmuň,
Dünýäň ýüzi seniň eliňe geçer.
Ine, şonda adam bolarsyň, oglum!
Men mundan gitsem-de, boş galmaz ornum.

Redýard KIPLING.

Terjime eden © Atamyrat ATABAÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle