| | |

Käsim şahyr

Käsim şahyr

KÄSIM 

Käsim şahyryñ ýaşlygy Çeleken, Esenguly etraplarynda geçýär. Şahyryñ uly dogany Täjiñ ogly, çelekenli Ýowşan aga 1961-nji ýylyñ sentýabr aýynda şeýle gürrüñ berdi:

"Käsimiñ kakasy Hojak Mergen degişgen, şorta sözli, aýdym-sazy halaýan adamdy. Ondan alty ogul, bir gyz galýar. Hojak Mergeniñ iñ uly ogly Täç gyjakçy, gyzy Eneş bagşy, ogly Käsim şahyr bolup ýetişipdi. Men 15 ýaşymdakam, onuñ 32 ýaşy bardy. Men bolsa häzir 63 ýaşymda. Eger Käsim bolan bolsa, 80 ýaşly adam bolardy. Ol uzaga çeken inçekesel sebäpli, 1920-nji ýylda aradan çykypdy. Ölmeziniñ öñ ýanlarynda ol: "Arman, meni keselim heläk edýär, ýogsa bilbil bolup saýrap, ýazan zatlarymy kitap edip çykarmaly zamanam-a gelen eken" diýerdi".

Şahyryñ:

Indi Käsim sözüm sähre,
Azabym gitmedi irýa,
Göwün göýä ulug derýa,
Könelmez heññam ýol kimin[1] —

— ýaly setirleri garyp gatlagyñ göwnünden turýar. Şahyr öz eserlerinde jemgyýetdäki adalatsyzlygy, kanunsyzlygy, sosial deñsizligi görkezýär:

Käsim aýtsa, sözün beter batlamaz,
Haýr eden baýlarym bar diýp ýatlamaz,
Gapymdan it sekmez, pişik ätlemez,
It-de bildi garyplygym, ýaranlar.[2]

Büresi köp, ýatýan garaja öý bilen,
Birnäçesi tam saldyrar küý bilen,
Tamyñ işi hata ýörär çüý bilen,
Çüý tapmany bibat galdyk, ýaranlar.[3]

Şeýle setirlerinde şahyr aşaky gatlagyñ agyr durmuşyny kiçijik detalyñ — çüýüñ hem ýoklugy, gapysyndan itiñ hem sekmeýänligi bilen beýan edýär. Ömürboýy özlerine gulluk eden işçini keselçilik ýa garrap, güýç-kuwwatdan düşmegi zerarly meýdana taşlamak köne jemgyýete mahsus zatlaryñ biridi. Şeýle ýagdaý şahyryñ döredijiliginde öz ornuny eýeläpdir. Bu barada Käsimiñ obadaşlarynyñ biri bolan Orazmämmet Abdalow "Şahyrana ýazgylar" diýen makalasynda şeýle ýazypdyr:

"Onuñ gözünden ýüzügiñ gaşy ýaly düwme-düwme ýaşlar akýardy. (Gürrüñ Käsim şahyryñ Çelekendäki Nobel firmasynda işläninde, rewolýusiýadan öñki günlerini näletleýşi hakynda barýar). Ol özüni dürsäp, Nobele nebit çykaryp berişlerini, teniñi edil tyg ýaly kesip barýan awult aýaz diýmän, Çelekeniñ çäge syrgynly, epgekli jöwzasy diýmän, özleriniñ, türkmen milli proletarlarynyñ ilkinji otrýadynyñ çeken jebir-sütemini birin-birin beýan edýärdi. Şahyr Käsim Nobeliñ müñlerçe gurbanlarynyñ biridi. Çeleken sürgün adasydy. Okeanyñ añyrsynda mesgen tutan "nebit şasy" Nobel göýä maslyk ysyny alan gyrgy kimin türkmen topragynyñ tükeniksiz nebit baýlygyny wagşylarça sormagy bilen kanagatlanman, halkymyzyñ jümmüşinden ýetişen iñ rewolýusion, iñ ilkinji işçi otrýadyny hem fiziki taýdan gyrlyp gutarmaga sezewar edipdi".[4]

Käsim şahyryñ döredijiliginde gönüden-göni hökümdar toparlaryñ garşysyna göreşmek ýaly çagyrmalar bolmasa-da, olaryñ zulumlaryny, adamkärçiliksizliklerini, ahlaksyzlygyny, eksplutasiýanyñ ýokary derejä ýetendigini görkezýän:

Şonuñ geplän gepi hiç maña ýokmaz,
Hemişe ýol ýörse, lampasyn ýakmaz,
Käsimiñ ýüzüne bir gülüp bakmaz,
Iñnirdideb bizar bolduk, ýaranlar.[5] —

— diýen goşgy setirlerine duş gelýäris. Şahyr bu goşgusyny Nobeliñ nebitdakylynda işlän wagty düzüpdir. Onuñ:

Pudak Hajy, gulak goýgul sözüme,
Owal meniñ ikiligim gördüñmi?
Iş bitirseñ, haýry köpdür özüñe,
Sogap gapysyny gaýym urduñmy?[6] —

— diýen şygrynda diñe öz şahsy bähbidini isläp, hardydünýälige, nebisjeñlige baş uran ýokary gatlagyñ wekili Pudak Hajynyñ üstünden gülünýär.
Käsim şahyryñ käbir şygyrlarynda onuñ dünýägaraýşynyñ, düşünjesiniñ çäkliligi hem öz beýanyny tapypdyr. Şahyr "Çarwalar", "Kümüşdepeli" diýen ýaly şygyrlarynda, haýsydyr bir adamyñ özüniñ göwnüne degenligi ýa-da buýran ýumşuny bitirmänligi sebäpli, hemme çarwalary, maldarlary, Kümüşdepe obasynda oturýan baý-garyp ähli adamlary men-menlikli, gepçi, kirli, aldawçy, medeniýetsiz hasaplaýar. Şeýle-de, şahyr bu ýerde dini pikirler bilen çykyş edýär.
Käsim yşky-liriki, sosial-durmuşy temalarda hem ençeme goşgular düzüpdir.[7]
Käsim şahyryñ "Nädir" goşgusy onuñ Baýram şahyr bilen özara aýdyşygyna bagyşlanypdyr. Şahyryñ bu goşgusy:

Bizden salam bolsun, Baýram şahyra,
Jogap berer bolsañ, sowalym bardyr;
Dört ulug jöwherden surat tutulgan,
Dünýä galyp bolan säheri nädir?[8] —

— diýen setirler bilen başlanýar. Baýram şahyr bu dini soraglara paýyş sözler bilen jogap beripdir. Bularyñ özara aýdyşyklary, köplenç, ähmiýeti bolmadyk "Sen çarwa, men çomry" diýen ýaly ýa-da degişme äheñdr ýazylan warsakylardan ybaratdyr. Bu bolsa olaryñ döredijilikleriniñ kemçilikli taraplarydyr.

Allaberdi ORAZTAGANOW,
filologiýa ylymlarynyñ kandidaty.

___________________________________
[1] Inw. 2042 (e).
[2] Inw. 1954.
[3] Inw. 1954. 2042.
[4] "Sowet edebiýaty" žurnaly, 1962, N"2 sany, 91-92-nji sah.
[5] Inw. 2042.
[6] Inw. 2185.
[7] Inw. 2, 4, 261, 775.
[8] Inw. 2042.

Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle