|

Dem çeken derwüşler…

Dem çeken derwüşler…

DEM ÇEKEN DERWÜŞLER…

Dem çeken derwüşler, kakyñ gapymy,
Hasañyzy şat köñlüme söýäñ-de.
Aýdyñ maña Ýedi weliñ söhbetin;
Hem Isanyñ çöl söküşin eşekli,
Sowudundan gürrüñ beriñ Dawudyñ.
Hökmi-Süleýmanyñ asmanda uçan
Tagtyna aýlañ siz meni bir salym.

Musañ hasasynyñ aždarha bolşun,
Hem Gulzumdan on iki ýol açyşyn,
Niçik ýygnajakmyş tejjal leşgeriñ?
Esrapyl neneñsi çaljakmyş surun?

Yşbu ýoluñ juda köp eken şerti,
Saýlaýan ekeni, namardy, merdi.

"Huw-hak!" diýip, ýola çykan derwüşler,
Bosagamda birdem kanagat kylyñ.
Ýa-da geçiñ gül pürkülen duluma,
Söz arada aman diläñ SERDARA,
Hemem bagty göterilen ilime.

Aýdyp beriñ ol Hezreti Ýusupnyñ
Enbiýada mekan tutan kyssasyn.
Zal ogly Rüstemiñ, Ispendiýaryñ,
Dag arslany Isgenderiñ kyssasyn…

Beýik Tañra sygnyp ýeten pirleriñ,
Emin pygamberleñ — Hakyñ şirlerniñ
Gür beriñ derdinden Eýýup, Ýunusyñ,
Pygamberi ol şygryýet şasynyñ —
Akly bu dünýäni kesen Pyragyñ.

*  *  *

Watanymda baky öçmez çyragyñ,
Ýaşap öten heññamyndan gür beriñ!

Çyksam diýer köñül Arşa seýrana,
Käte-käte sygman uly döwrana.

Dem çeken derwüşler — hak bendeleri,
Aýlanyp çykýañyz juda köp ýeri,

Kuwwat alýan hasañyza döneýin,
Hoş dilegli torbañyza döneýin!

Türkmene ýar bolsun nalyş-ahyñyz,
Siz Hudanyñ adamlary ahyry!

Hakyñ dergähine ýetsin dogalam,
Siziñem başyñyz aman eýlesin!
Derwüş nalyşyndan hem gargyşyndan,
Hernä, Ýaradanyñ özi gorasyn!

Näzik ANNATYÝEWA.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle