Sadry Maksudy Arsal
Sadry Maksudy Arsal
SADRY MAKSUDY ARSAL
Sadry Maksudy Arsal (Sadretdin Nyzametdinowiç Maksudow), tatar döwlet işgäri, ýazyjy, ýurist, akademik, syýasatçy.
1879-njy ýylda Kazanda eneden dogulýar.
1917-nji ýylda Ufada gurulan Milli Dolandyryş we parlamentiñ başlygy bolýar. Ruslaryñ bu parlamenti dagatmaklary bilen ol Günbatar Ýewropa gidýär.
Türkiýe Respublikasynyñ düýbüniñ tutulan ýyllarynda Mustafa Kemal Atatürk tarapyndan Türkiýä çagyrylýar. Türkiýede türkçülik akymynyñ başyny başlanlaryñ biri, şeýle hem Ankara uniwersitetiniñ hukuk fakultetiniñ, Türk taryhyny öwrenmek, Türk dilini öwrenmek ylmy instititlarynyñ düýbüni tutujylaryñ biri Sadry Maksudy Arsaldyr.
Türkiýäniñ Ýokary Halk mejliise Şebinkarahisardan, Giresundan, Ankaradan halk deputatlygyna saýlanýar. Şeýle hem Türkiýäniñ Daşary işler ministrliginde işlän ilkinji zenan diplomaty Adilýa Aýda Sadry Maksudynyñ gyzydyr. Meşhur rus ýazyjysy Lew Tolstoý Sadry Maksuda "akylly tatar perzendi" diýip ýokary baha berer ekeni. Russiýadaka ady Sadretdin Nyzametdinowiç Maksudowdy.
■ Ýaşlygy we okuw ýyllary:
Agasy we tanymal pedagog, Kazanyñ tanalýan jeditçilerinden bolan Ahmet Hady Maksudy onuñ ylymly-bilimli bolup ýetişmeginde uly rol oýnady.
1985-nji ýylda "Zynjyrly" medresesinde ders bermäge çagyrylan agasy bilen bile Bakjasaraýa gidýär. Ol ýerde soñra "Ruhy halypam" diýip ýatlajak adamy Ysmaýyl Gaspyraly bilen tanyşýar.
1897-nji ýylda Rus pedagogik mekdebine okuwa girýär. 1899-1900-nji ýylda ilkinji hekaýalaryny çykardýar. 1900-njy ýylda Kazanda "Eklenç" ("Maişet") atly romany neşir edilýär. 1901-nji ýylda okuwy tamamlandan soñra agasynyñ teklibi bilen Stambula okamaga gitmek isleýär. Emma Lew Tolstoýy görmän Russiýadan gitmek islemeýär. Şol ýylyñ ýazynda Ýasnaýa-Polýana obasyna gidip ol ýerde 73 ýaşly ýazyjy Lew Tolstoý bilen duşuşyp birnäçe sagat onuñ bilen gürrüñleşip oturýar. Dünýä belli ýazyjy Lew Tolstoý Sadry Maksudynyñ çuññur ylmyna we çäksiz zehinine bolan haýranlygyny gizläp durmandyr.
Sadry Maksudy Stambula gitmek üçin Kryma geleninde Ysmaýyl Gaspyraly oña ilki Pariže gitmegi maslahat berýär. Pariže gitmegi ýüregine düwen ýaş Sadry Maksudy Stambuly görüp gitmegi müwessa bilýär. Stambulda Ahmet Mithat Efendi bilen tanyşýar.
Fransuz we latyn dillerini öwrenenden soñra 1902-nji ýylda Sorbonne uniwersitetiniñ hukuk fakultetine girýär. Şol bir wagtyñ özünde beýleki fakultetleriñ derslerini hem sypdyrman özleşdirýär.
1906-njy ýylda okuwy tamamlap Russiýa dolanýar.
■ Duma agzalygy:
Russiýa dolanan Sadry Maksudy syýahat bilen gyzyklanýar we rus dumasyna Kazandan agzalyga kabul edilýär. Dumadaky çykyşlary bilen ünsi özüne çeken Sadry Maksudy Başlyklyk diwanyna hem agza saýlanýar. 1909-njy ýylda Angliýa giden parlament delegasiýasyna goşulýar we daşary ýurtda gören zatlaryny, özünde galan täsirleri "Angliýa syýahat" atly kitabynda beýan edýär.
1911-nji ýylda Kamilýa Ramy bilen nikalaşýar. Ondan Adilýa, Nailýa atly iki gyzy bolýar. Sadry Maksudy 1913-nji ýylda adwokatlyk edip başlaýar.
■ Sadry Maksudy — Idil-Ural döwletiniñ başlygy:
1917-nji ýylda Bütinrussiýa musulmanlarynyñ gurultaýynda "Milli-medeni awtonomiýasy" meýilnamasyny biragyzdan kabul etdirdýär. Şol ýyl Ufada yglan edilen "Içerki Russiýa we Sibir Milli-medeni türk-tatar awtonomiýasy" atly özygtyýarly döwletiñ konstitusiýasyny taýýarlaýar. Şol ýylyñ noýabr aýynda döredilen Milli mejlisiñ başlyklygyna saýlanýar. Döwlet işlerini dolandyrmak üçin "Milli erada" atly üç ministrlikden ybarat düzüme hem ýolbaşçylyk edýär. Garaşsyz Idil-Ural döwletine öwrülmegine garaşylýan bu syýasy hereketiñ ömri gaty uzaga gitmeýär. Kän wagt geçmänkä Milli mejlis ruslar tarapyndan dargadylýar we "Milli erada" öz işini bes edýär.
■ Ýewropa gaçyş:
"Milli erada" öz işini bes edensoñ Sadry Maksudy din alymy Musa Jarullanyñ kömegi bilen Finlandiýa gaçýar.
1919-njy ýylda Pariže geçen Sadry Maksudy 1920-nji ýylda Parižde geçirilen Bütindünýä Parahatçylyk konferensiýasyna gatnaşýar.
1922-nji ýylda maşgalasy bilen birlikde Berline göçýär we syýasaty taşlap ylmy-barlag işleri bilen meşgullanyp başlaýar. 1923-nji ýylda ýene Pariže göçýär we Sorbonne uniwersitetinde işläp başlaýar.
24.11.1924-nji ýylda Ankaranyñ "Çankaýa" köşgünde Mustafa Kemal Atatürk bilen duşuşan Sadry Maksudy 1925-nji ýylda Türkiýä göçüp gelýär. Türkiýäniñ Magaryf ministrligine degişli Terjimeçilik toparynyñ agzalygyna kabul edilýär. Ankara hukuk mekdebiniñ gurulmagynda uly rol oýnaýar we ol ýerde uzak ýyllar ders berýär.
■ Türk dilini öwreniş institutynyñ gurulmagyndaky inisiýatiwasy:
Sadry Maksudy "Milliýet" gazetinde çykardan makalalaryny bir kitaba jemleýär we Mustafa Kemala hödürleýär. Atatürkiñ sözbaşy ýazan "Türk dili üçin" atly bu kitaby iki ýyl soñra Türk dilini öwreniş institutynyñ döredilmeginde täsiri uly bolýar. Atatürkiñ bu kitaba ýazan sözbaşysyndaky sözler soñra Türk dilini öwreniş institutynyñ binasynyñ öñünde ýazylyp goýulýar.
■ Türk taryhyny öwreniş institutynyñ gurulmagyndaky inisiatiwasy:
27.04.1930-njy ýylda "Türk ojagy" merkezleriniñ VI gurultaýynda gurulmagyny teklip eden taryh topary 1931-nji ýylda "Türk taryhyny öwreniş jemgyýeti" ady bilen hereket edip başlaýar. Gelejekde taryhy öwreniş institutyna öwrüljek bu jemgyýete agza bolýar we 1930-njy ýylda "Türk taryhynyñ esaslary" ensiklopedik eseriñ taýýarlanmagyna gatnaşýar.
"Familiýalar hakyndaky" kanunyñ güýje girmeginden soñra adyny biraz üýtgedip Sadretdin Nyzametdinowiçiñ ýerine Sadry Maksudy Arsal diýen ady ulanyp başlaýar.
■ Halk deputatlygy:
Mustafa Kemal Atatürkiñ halk deputatlygyna dalaşgärlige hödürlemegi bilen syýasata giren Sadry Maksudy 1931-nji ýyldan 1935-nji ýyla çenli Şebinkarahisar, Giresun halk deputaty bolýar. 1935-nji ýyldan soñra syýasata arakesme berip ylmy işler bilen meşgullanýar. 1950-nji ýylda syýasata ýañadandan dolanyp Demokratik partiýasyndan Ankaranyñ halk deputatlygyna saýlanýar.
■ Hukuk ulgamynda eden işleri:
Stambul uniwersitetiniñ Hukuk fakultetinde we Edebiýat fakultetiniñ Taryh insitutynda dersler beren Sadry Maksudy "Umumy hukuk esaslary", "Hukuk taryhyndan dersler", "Umumy hukuk taryhy", "Hukuk pelsepesiniñ taryhy", "Türk taryhy we hukugy" atly eserleri bilen Türkiýe respublikasynyñ hukuk ylmynyñ ilkinji wekilleriniñ biri bolmagy başardy.
■ Demokratik partiýadan agzalygy:
1950-nji ýylda Demokratik partiýanyñ hataryndan Ankaranyñ halk deputatlygyna saýlandy. Türkiýäniñ wekili hökmünde Ýewropa kongresiniñ işlerine gatnaşýar.
■ Milliýetçilik garaýyşlary:
1955-nji ýylda "Milliýet duýgusynyñ sosiologik esaslary" atly eserini neşir etdirýär. Bu kitapda milliýetçilik garaýyşlaryny beýan etmek bilen onuñ emele gelmeginde haýsy şertleriñ zerurdygyny agzap geçýär.
■ Ölümi:
Sadry Maksudy Arsal 26.02.1957-nji ýylda Stambulda aradan çykýar. Stambulyñ "Zynjyrlyguýy" gonamçylygynda jaýlanýar.
Gyzy Adilýa Aýda kakasy barada "Maksudy Arsal" (1991 ý) atly kitap ýazýar.
■ Eserlerinden:
1. "Eklenç" (roman);
2. "Angliýa syýahat";
3. "Türk hukugynyñ taryhy";
4. "Türk dili üçin";
5. "Skifler-saklar";
6. "Orta Aziýa türk döwletleri";
7. "Teokratik döwlet we dünýewi döwlet";
8. "Farabynyñ hukuk pelsepesi";
9. "Milliýet duýgusynyñ sosiologik esaslary";
10. "Hytaýlylaryñ, mongollaryñ huweý-hulary we Orhon ýazgylaryndaky Tokuz oguzlar";
11. "Türk bileleşigi";
12. "Emeller ussady — Ysmaýyl Gaspyraly";
13. "Halklaryñ durmuşynda maksatlar we ideallar";
14. "Milli ideologiýa we keseki ideologiýalar";
15. "Ýewropa medeniýetiniñ ykbaly";
16. "Arap bileleşigi we beýik arap milletiniñ ykbaly";
17. "Atomyñ pelsepewi ruhy";
18. "Angliýada demokratiýanyñ ruhy we taryhy kökleri" we başgalar…
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly