|

Men obamyñ ogly

Men obamyñ ogly MEN OBAMYÑ OGLY

Men türkmen perzendi,
Oguz han nesli.
Agam bar Görogly, Baýram han deýin.
Gaty ir uçradym Watan yşkyna,
Çagalykda ylgap Sumbaryñ boýun.

Gaty ir düşündim käbir zatlara,
Daglañ arasyna sygmady göwnüm.
Ylym hiç.
Käteler köp ýandym diýip,
Ýalan dostlañ arasynda öwündim.

Ynha,
         indi pikir berip otursam,
Zat bilmeýän ekenim men aslynda.
Adam hemme zada düşünjek bolup,
Ömri geçip gidýär sähel salymda.

Ökünemok,
                   gözel obamy taşlap,
Ymsynanma ak şäheriñ säherne.
Dolanaryn öz jülgäme ýene-de,
Öwrülip Sumbaryñ elwan baharna.

Çünki, öñi bilen bir söz aýdylsa,
Aýdaryn bir jümle ömrüme bagly.
Meniñ bar şygrymyñ şygary şudur,
Men obamyñ ogly!
Sumbaryñ ogly!

2006 ý.

«Balkan» gazeti, 2018 ý, N»1 Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle