|

Nazaraly ahun

Nazaraly ahun

NAZARALY AHUN

■ Pyragynyñ ýakyn dosty

1983-nji ýylda neşir edilen "Magtymguly hakynda rowaýatlar we legendalar" atly kitabyñ 96-njy sahypasyndaky "Gaýgyly habar" atly bölüminde şeýle setirler bar:

"Magtymguly Hywadaky "Şirgazy" medresesinde üç ýyl okap, dördünji ýyla aýak basanda rugsat wagty Etrek tarapdan Magtymgulynyñ janköýer dostlary Nury Kazymdyr Nazaraly gaýgyly günde şahyry ýeke goýbermejek bolup, oña goşulyp gaýdýarlar.
Ýolda Nurynyñ ýagdaýy agyrlaşyp, aradan çykýar. Magtymguly özüniñ ýakyn dosty Nury Kazym ibn Bahryny şol ýerde jaýlap, ýadygärlik üçin sypa galdyrýar. Soñ Nazaraly bilen Etrege gelýär. Görseler, şahyryñ ogly Mollabäbek ölüm halynda ýatyr eken… Oglan gutaranyndan soñ, Nazaraly şol ýerde birnäçe wagt galyp Magtymgulynyñ agyr derdini paýlaşýar hem oña göwünlik berýär. Soñ ol obasy Börmä gaýdýar…"

Şu setirlerden ugur alyp, beýik ussadymyz Magtymguly Pyragy bilen "Şirgazy" medresinde bile okan Nazaraly ahunyñ kim bolandygyny anyklamaga çalyşdyk. Netijede Nazaraly ahunyñ bäşinji arkadan nesli bolan Pirguly Baýlyýewiñ maglumatlaryna gabat geldik.

■ Nazaraly ahun kim bolupdyr?

Nazaraly ahun barada anyk taryhy maglumatlar saklanyp galmandyr. Ol barada diñe rowaýata öwrülip giden hekaýatlar galypdyr. Şeýle-de bolsa, 90-njy ýyllarda Eýrandan Gyzylarbada gelen Baýram ahun atly bir ýaşulynyñ Pirguly aga ugradan hatynda, Nazaraly ahunyñ ömrüniñ soñky ýyllarynda Türkmensähra göçüp gidenden soñra Türkmensähranyñ Güllidag diýen ýerinde "Gylyç işan" gonamçylygynda jaýlanandygyny we onuñ guburynyñ häli-häzirlerem adamlaryñ zyýarat edýän ýerleriniñ biridigi barada gymmatly maglumaty ýazypdyr.
Nazaraly ahunyñ dört gyzy bolupdyr we olary hiç hili hak-heşdeksiz durmuşa çykarypdyr. Şeýle hem ol özüne berlen suw paýyny-da garyp-gasarlara berýän eken.

■  "Allanyñ hukugyny aljak bolmañ!"

Nazaraly ahun bir gezek Eýrana gidende, myhman baran öýüniñ öý eýesiniñ ýogalan wagtyna gabat gelýär. Oba mollasy bolsa ýogalan bendäni gonamçylykda jaýlamaga rugsat bermändir. Sebäbi ýogalan görgüli dirikä arak-şerapdan daş durmaýan, üstesine-de jalaýrak gezýän birimişin. Ýogalanyñ garyndaşlary nätjeklerini bilmändirler. Muny gören Nazaraly ahun oba mollasyny ýanyna çagyrmaklaryny haýyş edipdir.
Şonda adamlar:
— Aý myhman, ol juda özdiýenli adamdyr. Añsat-añsat gelmez. Ýöne, synanyp göreliñ. Aýdyñ, kim çagyrýar diýmeli? — diýýärler.
— Nazaraly ahun çagyrýar diýip aýdaýyñ.
Molla gapydan girip-girmänkä, Nazaraly ahun onuñ al-petinden alýar:
— Siz obanyñ mollasy bolýan bolsañyz eliñize "Gurhany" alyñ-da, musulman bendesini öwlüýäde jaýlamak bolanok diýlen süresini tapyp beriñ!
Mollanyñ aljyrap başlandygyny görendenem janyýangynly gürleýär:
— Aýdalyñ, şu bende bäş wagt namazyny okamandyr. Belki, orazasynam parz eden däldir. Ýöne oglan wagtlary ene-atasynyñ gapdalynda namaza duran bolmagy mümkin. Belki, Käbä bakyp sežde edendir. Belki, käbir adamlardan alkyş alan ýerlerem bardyr. Onsoñam ýadyñyzdan çykarmañ, Alla adamlary sähelçe zat üçin gargabam biler, ýalkabam. Siz Allanyñ hukugyny aljak bolmañ…
Şeýdibem, Nazaraly ahun ýogalan bendäni oba gonamçylygynda ýerlemeklerini gazanýar.

■ "Patyşalar haçan synyp bilerler?"

Nazaraly ahun Börme obasynda ýaşap ýörkä bir rus generaly ýanynyñ dilmajy bilen Börmä gelipdir. Şonda ol obanyñ sowatly adamlaryny görmekçidigini aýdýar. Börmeliler ilki bilen oña Nazaraly ahuny salgy berýärler. General bilen ahun bile oturyp, pikir alyşýarlar. Şonda rus generaly Nazaraly ahunyñ sowatlylygyna haýran galýar. Ol gaýtmakçy bolanda ahuna sowal bilen ýüzlenýär:
— Patyşalar haçan synyp bilerler?
Ahun bada-bat jogap gaýtarýar:
— Haçan-da ynsabyny ýuwdan wagtynda!
Jaýdar jogaba göwni biten general ýene-de onuñ sylagyny ýetirýär. Nazaraly ahun alan sylag-serpaýlaryny duran ýerinde garyp-gasarlara paýlap beripdir.
Börme obasyndan, tekeleriñ syçmaz tiresinden bolan we ömrüniñ soñky ýyllarynda Kümmethowuza göçüp giden Nazaraly ahun baradaky toplan maglumatlarymyz häzirlikçe, şulardan ybarat. Gelejekde bu maglumatlardan ugur alyp, Nazaraly ahun barada gyzyklanjak we ol barada göwrümli işleri etjek alymlarymyzyñ, ýazyjylarymyzyñ boljakdygyna tüýs ýüregimizden ynanýarys. 
Goý, Nazaraly ahunyñ eziz ruhy bizden şat bolsun!

Taryhy şahslar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle