Ketje sorag / satiriki hekaýa
Ketje sorag / satiriki hekaýa
KETJE SORAG
Lakgy lektor leksiýasyny gutardym edip, prezidiumda irkiljiräp oturan partorgyñ ýüzüne gedemlik bilen seretdi.
— Men-ä boldum, belki… — Ol üsgünjiredi. Gapdalynda, münberiñ üstünde goýlan stakandaky suwdan hopurdadyp owurtlady.
Partorg gözüni owkalaşdyryp zala seretdi.
— Onda, näme, soragyñyz ýok bolsa…
— Bar — diýip, ortaky hatardan kimdir biri zöwwe ýerinden galdy.
Partorg gözüni tegeläp, ses gelen tarapa seretdi. Gulagyny gabardyp, ýañky dyzmaç pyýadanyñ soragyny diñledi.
— Ýoldaş lektor. Siz, ýañy çykyş edeniñizde, 173 gezek "durgunlyk ýyllary" diýen sözi ulandynyz. — Zalyñ gowry köpeldi. — Hawa, men sanadym. Ylaýyk 173 gezek aýtdy — diýip, ol töweregine garanjaklady. Soñra sözüni dowam etdirdi. — Näme üçin. Brežnewiñ döwrüne "durgunlyk ýyllary" diýilýär. Gaýtam, şol döwürde dükanlarda adyny tutan zadyñ bardy ahyryn…
— Ýaýk, muñ keçje sorag berşine seret. Wot, imenno, gepem şonda-da. Öz aýdyşyñ ýaly. Şo döwürde adyny tutan zadyñ dükanlarda durardy. Ine, şoñ üçinem o döwre "durgunlyk döwri" diýilýär…
Lektoryñ jogabyndan özüçe many çykaran oba adamlary "durgunlyk döwrüniñ" ýene-de gaýdyp gelmegini arzuw edişip dargadylar.
Täçmämmet JÜRDEKOW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.
Satiriki hekaýalar