| |

Seýitnazar Seýdi

Seýitnazar Seýdi

SEÝITNAZAR SEÝDI

Seýitnazar Seýdi, takmynan 1760-njy ýylda (öňki maglumatlara görä 1775-nji ýylda) Lebap welaýatynyň häzirki Garabekewül etrabynyň Lamma obasynda eneden dogulýar. 
Ol ärsary türkmenlerinden bolup, ömrüniň köpüsini Amyderýa boýlarynda geçiripdir. Şahyr başlangyç bilimi öz obalarynda alýar. Soňra ol, halk gürrüňlerine görä, Buharada okapdyr. Ol medrese bilimini alan adam bolsa-da, ylym öwretmek ýa-da mollaçylyk etmek bilen meşgullanman, öz ylmyny, güýjüni ýurduň abadançylygyny goramaga bagyş edipdir. Onuň iki sany zürýady bolup, olaryň ikisi-de ýaşlykda aradan çykýar. Seýitnazar Seýdi ömrüniň aglabasyny at üstünde geçirmek bilen, Buhara emiri Mirhaýdara garşy söweşde-de, onuň yzygiderli çapawulçylygy sebäpli Lebapdan Mara göçüp gelen döwürlerinde Eýran basybalyjylaryna garşy göreşde-de ýigitlere ýolbaşçylyk edipdir. Ol Mara göçüp gelen ärsarylar, sakarlar bilen birlikde ömrüniň ahyrlarynda öňki oturymly ýerlerine dolanyp gelýär. Seýitnazar Seýdi şol wakadan bir ýyl töweregi geçenden soň 1828-nji (öňki maglumatlara görä 1836-njy) ýylda aradan çykýar.

■ DÖREDIJILIGI

Seýitnazar Seýdi kalbyndan joşup çykan ylhamyny halkyna bagyş eden şahyrdyr. Onuň döredijiligi ýaşan döwrüniň, at üstünde geçiren pursatlarynyň wakalary bilen sazlaşyp gidýär. Şahyryň döredijiliginde watançylyk, harby-gahrymançylyk, durmuşy, dostluk-agzybirlik temalary uly orun tutýar.

● Watançylyk, harby-gahrymançylyk temasy

Daşary duşmanlara garşy göreşler Seýitnazar Seýdini taplaýar. ol ata çykyp, duşmana garşy göreşmek bilen birlikde, halky duşmana garşy aýaga galdyrmak, olaryň göwnüni götermek üçin eline galam alan şahyrdyr. Watanyň, il-günüň namysy diýip urýan şahyr kalbyndan syzylyp çykýan setirler munuň aýdyň şaýadydyr. Şahyr bu temada “Dönmenem, begler”, “Görülsin indi”, “Baraýlyň”, “Goçaklar”, “Çykyp gideliň”, “Ärsarynyň ýigitleri” ýaly goşgularyny döredipdir. Öz watanynyň tebigatyny jany-teni bilen söýen şahyr oňa bolan çäksiz söýgüsini “Sen çölüň” goşgusynda beripdir. Seýitnazar Seýdiniň “Bedew” atly goşgusy-da watançylyk, harby-gahrymançylyk temada ýazylan goşgularynyň ruhy bilen sepleşip gidýär.

● Söýgi temasy

Seýitnazar Seýdiniň bu temada ýazan goşgularynyň gymmaty onuň gelin-gyzlaryň edep-ekramyny, ajaýyp gylyk-häsiýetlerini wasp edenligindedir. Bu temada şahyryň “Gel, Arzygül, görüşeli”, “Ahy-zar olar”, “Eý, ýary-Horezmi” ýaly birnäçe goşgulary bar. 

Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle