Ata-babalarymyzyñ paýhaslaryndan
Ata-babalarymyzyñ paýhaslaryndan
— Awçy ýaragsyz, ekin bagbansyz bolmaz.
— Bir elde bäş barmak bar, ýöne olaryň her biriniň wezipesi bar.
— Taý atyň yzyndan ýörär.
— Ýagyşda bürgüt jüýjesini, aýazda özüni gorar.
— Ýaramaz howa gowy howa öwrülip biler, erbet kişi oňat adama öwrülmez.
— Pis adamyň ýakymly sözi bolmaz.
— Süýt soramaga gelen tabagyny gizlemez..
— Şu günki ýumutga, ertirki jüýjeden gowudyr.
— Ogrynyň haltasy deşikdir.
— It doýan ýerini,ynsan doglan ýerini unutmaz.
— Toprak gurply bolsa, daýhan baý bolar.
— Il bolan ýerinde batyr tapylar.
— Watan-altyn sallançak mysalydyr.
— Bir adamy ýeňip bolar, halky ýeňip bolmaz.
— Möjegiň çalyndan, namardyň alyndan gork.
— Ynsanyň şamçygagy goşa dideleridir.
— Baýlygyny ýitiren garyp däl ynsabyny ýitiren gedaýdyr.
— Goňşynyň dogandan ýakyn bolýan wagty hem bolýar.
— Ene-atanyň gadyry perzendiň ýetişende bilinýär.
— Dost-dogan gadyry ýalňyz galanyňda duýulýar.
— Orta ýaşda aýalyň ölmesin, orta ýolda arabaň döwülmesin.
— Ogly atasyny, gyzy ejesine hemişe meňzäp duranok.
— Ýykylmadyk at, ýalňyşmadyk adam bolmaýar.
— Söz daşy döwmesede, daş kelläni döwermiş.
— Dowar bakmadyk goýun-geçiniň gadryn näbilsin!
— Itiň samsygy ýer gazar, zenanyň akmagy gep gözlär.
— Gahrymanyň gelip çykyşyna däl-de, bitiren işine baha berilýär.
— Süri malyň bolandan her obada dostuň bolsun.
— Dost ýüzüňe, duşman aýagyňa sereder.
— Ganyň ysyn garga biler, ýoluň ugrun ýorga.
— Ynsanyň görküne däl-de, paýhasyna baha berilýär.
— Manyly söz baýlykdan gymmatdyr.
— Gadymy söz—halkyň gaznasy.
— Ýagy söz tagamly aşdyr.
— Bergili däl-de, hassalan öler.
— Myhman bolsaň diliňi sakla, ynsan bolsaň diniňi.
— Erbet adamdan ýagşy söze garaşma.
— Ýamany görmedik ýagşynyň gardyn nä bilsin!.
— Daň atmasa gün çykmaz.
— Ýagyş topragyň bagtydyr.
— Gurduň gurugyny kesselerde möjekligine galýandyr.
— Gün alysda ýerleşýän bolsa-da zemini ýyladýar.
— Yrsgal-nesipden:” Nirä barýarsyň?”— diýip soranlarynda?—“Agzybirligiň bar ýerine!” diýenmiş.
— Garrygyzyň hem bagtly bolmagy mümkindir.
— Ýazda ýylandan gorkan, güýzde ýüpden gorkarmyş.
— Ir ýörän geçen ýoluna begenermiş
— Garrylyk kesel bolsa-da onuň bagtly pursatlary bolýar.
Toplan: Şahymerdan SARY OGLY. Sözler