|

Myş-myşly parasatlar

Myş-myşly parasatlar MYŞ-MYŞLY PARASATLAR
 
— Gympaý keýtigiň üstünden gülermiş.
— Pişik murtuna, tilki guýrugyna guwanarmyş.
— Gurt gören itler birleşermiş.
— Sürüden galan goýny möjek iýermiş.
— Adam teşne bolsa ädigi bilen suw içermiş.
— Daglynyň gözi daşda, görgüliniň gözi ýaşda bolarmyş.
— Ýigidi burnundan, aty erninden tanap bolýarmyş.
— Gahrymanyň gymmatyny halk bilermiş
— Ýalňyz at ýaryşda ýeňiji bolarmyş..
— Ýüpek düwün berk bolarmyş
— Gämidaki ýolagçylaryň arzuwy bir bolarmyş.
— Guş ahmal bolsa duzaga düşermiş.
— Gorkagyň gözi dört bolarmyş.
— Gorkagy öwseň batyr bolarmyş
— Gelinler agzybir bolsa, maşgalanyň yrsgaly artarmyş.
— Jüýjesini naharlan guş aç galarmyş.
— Sart aýal özini şa zenan hasaplarmyş.
— Çagaly öýe perişde,çagasyz öýe jenjel gelermiş.
— Dogan käýesede kemsitmez.
— Ojagyň tüsseçykary egri bolsa-da, tüssesi dik çykarmyş.
— Adamyň görki saçynda, bagyň görki ýapragyndamyş
— Aty gamçy, ynsany namys öldirmiş.
— Külbede ýaşaýan külbesini öwermiş.
— Görmegeýe gyz köne köýnekde hem gözel görünermiş.
— Tikin bilmez iňňäni günäkärlärmiş.
— Eşek ýadanyny aýal garranyny bilmezmiş
— Myhmanyny sylan onuň itine süňk oklarmyş.
— Doýan myhman ýola gararmyş.
— Bergidaryň gapysyndan algydary gelermiş.
— Adamy dosty, geçini şahy bezärmiş.
— Gije tümlik bolsa, ýyldyzlar hem şöhle saçarmyş.
— Är garrasa sakçy bolarmyş
— Atyň agnan ýerinde tüýi galarmyş.
— At ýüwrügini it halamazmyş.
— Hassasy kemelse, tebip kesellärmiş.

Şahymerdan SARY OGLY. Sözler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle