|

Tebigat

Tebigat TEBIGAT

Tebigat

Sen şeýlebir täsin, şeýle owadan,
Hakdan inen deñsiz soñlanmaz gudrat.
Gözýetime sygmaz juda ullakan,
Gözelligiñ gözbaşy sen tebigat.

Ine, görýäs seniñ bütin barlygyñ,
Daglaryñ, derýalañ, deñiz-kölleriñ,
Owaz edip akar çeşme-çaýlaryñ,
Bar sende gudratly çöller tebigat.

Baharyñ, tomusyñ, güýzüñ hem gyşyñ,
Şu dört pasyllaryñ hersi bir täsin.
Bezegisiñ bütin älem, durmuşyñ,
Jana şypa berer suwuñ tebigat.

Säher saba turup seni synlasam,
Maýsaly meýdanda gülleriñ tirsam,
Seniñ gözelligñe ýürekden joşsam,
Tutuş durkuña men aşyk tebigat.

Taýsyz gözelligi äleme ýaýýañ,
Asmanyñ nuruny zemine çaýýañ,
Eziz gujagyñda mähriñi duýýan,
Men seni ýürekden söýýän tebigat.

Merjen BATYROWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle