Näme sen?!
Näme sen?!
Bir kalbynda bir ÿar, on dost ýerlegen,
Dostlarynyñ derdi bilen sermenen,
Bir ýürekde şunça duýgy eglenen
Ynsanmy sen, ýa sanmy sen, näme sen?!
Diri wagty salgym bolup ýaşagan,
Dideleri ahmyr bilen ýaşaran,
Duýgularyn dälilikden aşyran
Arşmy ýa Ýer-egsanmy sen, näme sen?!
Bu niçik bor: inkär etmiş döwrüni
( Özge ömri derñemeklik dogrumy?),
Ýa-ha Döwür ýalñyşypdyr ömrüni,
ÝA Sen ömre nogsanmy sen, näme sen?!
Ÿa ömrüniñ berilşimi añyrdan —
Öñem çykyp gelen ýaly gabyrdan…
Nä gyssanýañ ölüm sorap Tañrydan,
Ýa ajala suwsanmy sen, näme sen?!
…Ýa ol üýtgär, ýa özgeler özgerer,
Çapraz duýga kalplar neneñ döz geler?..
Ýa-ha seni kösemişdir özgeler,
Ýa özgäni kösänmi sen, näme sen?!
…Boýlasa-da ol dünýäniñ çuñlugyn,
Bilenem ÿok, biljegem ýok kimligin…
Ýa-da ahyr gijeleriñ tümlügin
Böwsüp gitjek wysalmy sen, näme sen?!.
Bapba GÖKLEÑOW. Goşgular