|

Zenan

Zenan ZENAN

Zenan

Zenan diýmek — eneňdir,
Ýary gije ýatandyr,
Daň saz berse dogandyr,
Aňzaklarda doňandyr,
Hor — zar etmejek bolup,
Gije — gündiz eňendir,
Sebäbi, ol eneňdir.

Zenan diýmek — uýaňdyr,
Ýúzúň nury, tuwagy,
Utanjaňdyr, haýaňdyr,
Ýagşy günde begenjiň,
Kyn günüňde söýäňdir,
Saňa geljek belanyň,
Öňüňdäki gaýaňdyr,
Sebäbi, ol uýaňdyr.

Zenan diýmek — ýaryňdyr,
Ömürlik ýanýoldaşyň,
Baýlygyňdyr, baryňdyr,
Alawlaýan ojagyň,
Namysyňdyr, aryňdyr,
Keşgiňi deň çekişýän,
Ýakyn howandaryňdyr,
Sebäbi, ol ýaryňdyr.

Zenan diýmek — gyzyňdyr,
Teşne kalbyň gandyrjak,
Aýdymyňdyr, sazyňdyr,
Ömre şatlyk getirjek,
Gül — gunçaly ýazyňdyr,
Ogul bilen deň durjak,
Dowamyňdyr, yzyňdyr,
Sebäbi, ol gyzyňdyr.

Zenan diýmek — dünýedir,
Adamzada dowamdyr,
Gelip — gidýän demiňdir,
Sorup alýan howaňdyr,
Zenan başy dik bolsa,
Ýaşaýşa gúwäňdir.
Ondan gymmat zat bolmaz,
Tumaryňdyr, dogaňdyr.
Çünki zenan — ýaryňdyr.
Çünki zenan — gyzyňdyr.
Çünki zenan — uýaňdyr.
Çünki zenan — ENEŇDIR.

Gurt NÄZLIÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle