|

Ýat iller, ýaman iller

Ýat iller, ýaman iller ÝAT ILLER, ÝAMAN ILLER

Gadym zamanlarda bir gyzy ýat illere satypdyrlar. Õz ýaýlasyndan aglap giden buýsançly çarwa gyzynyñ ýüregi alty ganat ak õýe sygmandyr. Ol oba-da sygmandyr, ýer bilen gõgüñ arasyna-da sygmandyr. Munuñ üstesine-de, oña keseden dil ýetip durupdyr. Gaty ýõrese-de gülüpdirler, çala ýõrese-de gülüpdirler. Otursa oturşyna at dakypdyrlar, gaýma gaýasa keşdesine at dakypdyrlar. Muña çydamadyk şahyr ýüregi gõr-bak, näme diýipdir:

Gaty ýõresem,
-Ýorga- diýdi.
Haýal ýõresem,
-Yrga-diýdi,
Ýat iller, ýaman iller.

Gõzüm süzsem,
-Süzgek- diýdi.
Kekire ýaly
Gõm-gõk diýdi,
Ýat iller, ýaman iller.

Saçymy çõzsem,
-Urgan- diýdi.
Oturanja bir
Harman-diýdi
Ýat iller, ýaman iller.

Çala ýylgyrsam,
-Gülýäñ — diýdi.
Nirede señ
haýañ- diýdi.
Ýat iller, ýaman iller.

Ýuwaş hiñlensem
-Toba- diýdi.
Telekdir bilseñ
Däbe — diýdi,
Ýat iller, ýaman iller.

Dost boljakdym,
Setir bilen.
Ýandym-la, ýandym
Kesir bilen,
Ah, ýat iller, ýaman iller….

Baýram JÜTDIÝEW Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle