Taryhyñ iñ geñsi emeli ujytlary
Taryhyñ iñ geñsi emeli ujytlary
TARYHYÑ IÑ GEÑSI EMELI UJYTLARY
Gadym zamanlarda bolup geçmedik zat ýok. Ähli gowulyklar bilen bir hatarda adama mahsus ähli haýasyzlyklar hem bolup geçipdir. Käbir adamlar häzirki döwürde jynsy islegler bilen baglanyşykly hereketleriñ barha artandygyna we mundan beýläk barha-da artjagyna ynanýarlar. Iñ erbet ýeri bolsa, öñki döwürlerde şeýle zatlar bolmandyr öýdýärler. Munuñ beýle däldigini, geliñ, aşakdaky faktlara ýüzlenmek arkaly bilelikde göreliñ.
■ "Buzluk döwrüniñ batonlary"
Falloslar (emeli ujyt) aslynda täzelik däl. Hatda ilkinji fallosyñ taryhy mundan 30 müñ ýyl owalky döwre uzaýar.
Arheologlar Germaniýada tapylan ujyda meñzeş falloslara "buzluk döwrüniñ batonlary" diýip at berdiler.
Arheolog Timothy Taýlor bu barada şeýle diýdi:
“Buzluk döwrüniñ batonlarynyñ uzynlygyna, şekillerine we käte äşgär simwolizmine seredip, görnüp duran hakykatlary mälim etmezlik ikiýüzlülik bolar. Gynansak-da şeýle mälim etmelerden uzak wagtlap gaça duruldy".
Taryhçylaryñ habar bermegine görä ilkinji emeli jyns agzalary (seks oýunjaklary) daşdan, tagtadan we zykgyç ýaly añsat şekil berip bolýan maýyşgak jisimlerden ýasalypdyr.
■ XV asyrdan galan emeli ujytlar
XV asyrda hytaýly aýallar tagtadan we bürüçden ýasalan emeli ujytlary ulanypdyr. Hytaýly erkekler köp aýala öýlenipdirler. Hytaýlylar alan aýallarynyñ hemmesine ýetişip bolmajagyny bilensoñlar, aýallary erkegiñ jynsy agzasyna meñzeş emeli ujyt ulansa, olaryñ jynsy isleginiñ kanagatlanjakdygyna we teletinbazlykdan (lezbiýanlyk) daşda saklajakdygyna ynanypdyrlar.
■ Gadymy greklerden galan emeli ujytlar
B.e.öñ V asyrdan öñki gadymy Gresiýada deriden ýasalan seks oýunjaklaryndan başga-da, “olisbokollikes” atly erkegiñ ujydyna meñzeş taýak şekilli emeli ujytlary ulanylypdyr.
■ Şwesiýadan tapylan fallos
Taryhçylar Şwesiýada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniñ dowamynda b.e.öñ 6000-4000-nji ýyllara degişli keýigiñ buýnuzyndan ýasalan fallos tapdylar.
Arheolog Martin Rundkwist bu fallos barada: "Munuñ jynsy isleglerden başga maksatlar üçin ulanylan bolmagam ähtimal, ýöne şol döwrüñ adamlary onuñ ujyt bilen meñzeşligini gaty gowy bilendirler" diýdi.
Keramzitden ýasalan bir fallos bolsa Angliýanyñ Dorset diýen ýerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniñ dowamynda tapyldy.
Ýüzünde sypjyryk yzlary çekilen şirmaýy fallos Fransiýamyñ Azilian we Magdalenian medeniýetleriniñ bolup geçen Masd-Azil gowagyndan tapyldy. Mundan başga-da taryhy eksponatlaryñ hatarynda sünnet edilen ýa-da hamy yzyna ýygrylyp duran portatiw falloslar az duş gelenok. Nagyşlanan, silt daşyndan sünnälenip ýörite ýasalan şeýle fossallaryñ biri Germaniýanyñ günorta-günbatar etraplarynda ýerleşen "Hohle Fels" gowagyndan tapyldy. Falloslar palta deregine hem ulanylypdyr.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Geň-taňsy wakalar