| |

Rubagynyñ üçünji setiri

Rubagynyñ üçünji setiri

RUBAGYNYÑ ÜÇÜNJI SETIRI
    
Bir gezek 7-8 ýaşlyja kiçijek çaga maňa sowal berdi: «Ýedi ýediň näçe?». Men: «Kyrk dokuz» diýip, oglankam ýat tutulan köpeltmek tablisasyny häzire çenli hem unutmandygyma, onuň hemişe maňa nepiniň degýändigine buýsanyp aýtdym. Emma bu gezek tersine boldy. Sebäbi çaga meniň werziş bolan pikir ýodamdan däl-de, bütinleý başga ýoldan tutdy. «Şonam bileňokmy?!» diýip, ol elindäki galam bilen ak kagyzyň ýüzüne ýedi sany ýediligi ýazdy-da: «Şu nähili aýdylýar?» diýip, ýene sowal berdi. Men: «Ýedi million ýedi ýüz ýetmiş ýedi müň ýedi ýüz ýetmiş ýedi» diýdim. Ol çaga maňa: «Berekella, bäşlik!» diýdi-de, bu özleşdiren sapagym üçin ak kagyzyň ýüzünde meniň üçin uly, ýöne tagaşyksyz «5-lik» goýdy.
Şeýdip men bu dersden ýokary baha-da aldym, uly sapagam aldym. Çünki bu ýagdaý meni çuňňur oýlara batyrdy. Käbir zatlar babatda pikirlenişimiziň hem endige öwrülip gidenligi barada pikirlendim. «Ýedi ýediň näçe?» diýlen sowal meniň üçin diňe «Ýedi köpeltmek ýedi näçe bolýar?» diýen görnüşe eýedi. Munuň sebäbi-de aslyna düşünjek hem bolman, gaýtalap-gaýtalap, beýnä oýulyp ýazylan köpeltmek tablisasynyň ýetiren «peýdasy» bolmaly.
«Emirates Airlines» kompaniýasynyň şeýle reklamasy bar: 

«Haçan siz soňky gezek nämedir bir zady ilkinji ýola edip gördüňiz?». 

Men bu sözleri özümçe teswirläp, baryp-ha sekiz ýyl mundan öň gündeligime şeýle bellik edip goýupdyryn: «Hiç bir zady soňа goýman, hut şu wagt ediň! Her gün töwekgellik ediň! Täze zatlara ýapyşmakdan ýaýdanmaň! Ömür juda gysga, gyssanyň!». Häzir oturyp, geçen şunça möhletiň dowamynda näme zat öwrenenligim barada pikirlenip gördüm. Haýsy bir zada elimi uzadyp görkezjek bolsam, ol ondan has öň hem endige görä edip ýören, werziş bolan işim bolup çykaýýar. Käbir dilleri öwrenmäge başlan hem bolsam, ony hem idili özleşdirmän, orta ýolda taşlapdyryn. Bahanam hem: «Barybir, bu dil bilen gündelik iş salşyp ýörmeseň, ol basym unudylar». Ýogsam, ilki bir özümi ruhlandyrmaga, höweslendirmäge delil hem tapýardym. Meselem, Ýewropa dilleriniň içinden öwrenmesi iň aňsat dil hökmünde kesgitleme beren dilim bolan italýançany özleşdirmek islän uçurlarym: «Günlerde bir gün söýgüli aýdymçylaryň Adriano Çelentano ýa-da Toto Kutunýe bilen söhbetdeş bolmak miýesser edäýse, olar bilen hiç hili dilmajyň hyzmatyna mätäçlik çekmezden, öz ene dillerinde gürleşip bilseň, gör, nähili oňat bolardy!» diýip, öz-özüme göwünlik berýärdim. Hyýalymda söhbetdeş hem bolýardym. Aýdýan aýdymlarynyň sözlerini terjime edýärdim. Emma böwrümiň garaňky bir burçundan kine ýalyja bir ses hem özüniň zoňtarja pikirini oklap goýberýärdi: «Sen nire, olar nire?! Öňki bolşuňa bolubersene!». Onsoň, men kem-kemden oňa ylygyp, gözi baglanyp, jykyr aýladylýan ýaby ýaly, öňküje tanyş ýodajygym bilen aýlanyberýärdim… Şol pursatlar Omar Haýýamyň şu rubagysynyň üçünji setirini hem özüm üçin şygar edinýärdim:
Sadalaç köňlümden men jana geldim,
Jepakeş janymdan pygana geldim.
Mensizem bu dünýäň işi geçip dur,
Ýeri, how, men neçüýn jahana geldim?!
Ýokarky reklamadaky sözlere dolanyp baryp, ýene özüme sowal berýärin. 

«Haçan siz soňky gezek nämedir bir zady ilkinji ýola edip gördüňiz?». 

Ýakynda näme boldy diýseňizläň?! Işe gatnaýan ýolumyň ugrunda elli ýyl bäri hellewläp ösüp oturan täsin daragty ilkinji gezek gördüm. Dogrusy, öň hem oňa gözüm düşse düşýändir, emma ony ilkinji gezek içgin synladym. Men rulda oturyşyma, şol bir ugur boýunça işe gatnap ýöremsoň, öň ol meniň üçin ýönekeý bir sudurdy. Emma şol gezek günorta arakesme wagtynda bir toýa görünmeli bolup, tanyşlarymyň biriniň ulagynyň yzky oturgyjynda oturyp, töweregi synlap barşyma, ol daragta ozal aň etmänligime haýran galdym. Ýapragyny döken hem bolsa, şahalaryndaky serçeler oňa täsin bir gözellik berýärdi. Ony adama hem meňzetseň bolman durjak däldi. Hawa, hanha, goluny salgap, hakyt, bize ýol görkezýän ýaly.
Onsoň, men ýokarky rubagynyň üçünji setirine, şu daragta seredişim ýaly, hälki çaganyň ýedi sany ýedilige seredişi ýaly, başgarak burçdan garap göreýin-le diýen netijä geldim.
Nämeden başlamaly diýip kän bir oýlanyp hem oturmazdan, italýan dilini öwrenmäge höwes eden döwrümde ýörite munuň üçin tutan umumy depderimi elime aldym. Kim bilýär, arzuwdyr-da, belki, hasyl bolar. «Arzuwyňy hasyl etmejek bolsam, ol arzuwy hem kalbyňa salmazdym» diýenmişin-ä Ýokarky. Bilip bolmaz, belki, günlerde bir gün gojalyp giden Adriano Çelentanodyr Toto Kutunýe bilen gabatlaşaryn hem-de olara: «Buongiorno!» diýip salam bererin.

Orazmyrat MYRADOW.

Filosofiýa

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle