| |

Agartalylar we Gitler

Agartalylar we Gitler

AGARTALYLAR BILEN GITLER

Agarta siwilizasiýasy bilen içgin gyzyklananlaryñ biri hem faşistik Germaniýanyñ öñbaşçysy Adolf Gitlerdir.
Gitleriñ döwründe Germaniýada Agartanyñ barlygyna ynananlaryñ we onuñ gizlin ýerasty merkezlerini tapmaga çalyşýanlaryñ birnäçe gizlin sektalary we toparlary döredilipdir. Şonuñ üçin Gitleriñ Agartanyñ barlygyna ynanandygy we dünýäni eýelemek üçin "Tule" atly gizlin guramanyñ kömegi bilen birnäçe ylmy-barlag işlerini geçirendigi öñe sürülýär.
Uruşyñ tamamlanyp barýan döwründe faşistik komandowaniýäniñ ştabynyñ weýran edilen binasynyñ astyndan on iki sany tibetli ruhanynyñ jesediniñ tapylmagy-da Gitleriñ ýokarda aýdylanlar bilen haýsydyr bir arabaglanyşygynyñ bardygyna güwä geçýär.
"Tuleniñ" taglymçylary Karl Haushoffer, Ditrih Ekkart dagylar medium ukyby bolan Adolf Gitleri we Rudolf Gessi öz peýdalaryna ulanypdyrlar.
1937-nji ýylda Gamburg munisipialetiniñ başlygy faşistleriñ serdary barada şeýle diýýärdi:

"Bize ruhanylaryñ we dindarlaryñ geregi ýok. Biz Gitleriñ ýardam etmeginde Hudaý bilen gönüden-göni gatnaşyk açyp bilýäs".

Faşistik partiýany esaslandyryjylardan Ditrih Ekkart "Tuleniñ" konsepsiýasyny şeýle beýan edýärdi:

"Tuleniñ ähli syrlary gaýyp bolan gadymy siwilizasiýa esaslanýar. Adamzat bilen "daşarky güýçleriñ" arasynda gezýän käbir araçy güýçler bu syrlaryñ nämedigini bilenler üçin tükeniksiz ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär…" 

German Rauşning "Gitler maña aýdypdy" atly kitabynda: "Ýakynlarynyñ maña aýtmagyna görä Adolf Gitler gijelerine uly ses edip oýanýan eken: saññyldap düşnüksiz sözleri samyrdaýarmyş, birden-birden düşeginden atylyp turýarmyş, otagynyñ ortasynda dim-dik durýarmyş, bir nokada tiñkesini dikip "Ynha ol, bärigem gelipdir, ynha ol" diýip iññildeýärmiş, soñra ýene düşnüksiz sözleri samyrdap başlaýarmyş. Zordan höre-köşe edilip düşegine geçirensoñlaram, ýene-de düşeginden atylyp turýan eken hemem "ynha ýene geldi, burçda dur…" gohlap, uly ses edýän eken"

Käbir alymlaryñ çaklamasyna görä, Gitler gorkunç horror güýçleriñ kontrolynda bolupdyr we öz ýeten derejesinden has ýokarda bolan taglymyñ iñ aşakky, iñ ýöntem bölümini adamlara mälim edipdir.
  
# gizemligercekler

Geň-taňsy wakalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle