| | | |

Orta Aziýanyñ ilkinji türkmen çapçylary: Mirzahyt Mirsyddyh ogly

Orta Aziýanyñ ilkinji türkmen çapçylary: Mirzahyt Mirsyddyh ogly ORTA AZIÝANYÑ ILKINJI TÜRKMEN ÇAPÇYLARY

■ Mirzahyt Mirsyddyh ogly we onuñ neşir eden kitaplary

XIX asyryň ortasynda Orta Aziýada metbeçilik işi ýüze çykypdyr. Ilkibada diňe rus dilinde kitaplar we döwürleýin neşirler çap edilipdir. Soň şol asyryň soňky çärýeginden başlap, arap elipbiýinde bu ülkäniň halklarynyň dillerinde hem metbugat eserlerini neşir edip başlapdyrlar. Ýerli halklaryň wekillerinden hem özleriniň ömrüni kitap neşir etmek we kitap söwdasy işlerine bagyşlan adamlar peýda bolupdyr. Türkmenistanda şeýle adamlaryň ilkinjisi mundan laýyk bir asyr öň ýaşap geçen Mirzahyt Mirsyddyh ogludyr. Ol Merwde ýaşaýan we türkmenleşip giden uýgurlaryň (tenejirleriň) arasyndan çykan adam bolupdyr. Onuň şahsyýeti, durmuş ýoly barada bize heniz köp zatlar belli däl. Ol hakdaky ujypsyz maglumatlarymyz diňe onuň neşir eden kitaplaryndan alnandyr. Mirzahyt Mirsyddyh ogly öz neşir eden kitaplarynyň daşgapaklarynda we içgapaklarynda söwdagärlik nukdaýnazaryndan okyjylar köpçüligine niýetlenilen ýüzlenmeleri yzygiderli ýerleşdirip gelipdir. Olarda ol neşir eden kitaplary we ýakyn arada çap etdirjek eserleri barada habar beripdir. Ol ýüzlenmeler diňe bir Mirzahydyň döredijiligi üçin däl, eýsem, türkmen kitabynyň taryhyny öwrenmek üçin hem anyk we ygtybarly çeşmelerdir. Olardan mälim bolşuna görä, Mirzahyt Mirsyddyh ogly diňe Türkmenistanyň çäklerinde däl, eýsem, bütin Orta Aziýa boýunça hem uly kitap neşir edijileriň we kitap söwdagärleriniň biri bolupdyr. Ol özüni «baş söwdagär», «kitap täjiri», «kitaplary oňat sahaplaýjy», «sahhap» diýip atlandyrypdyr. Üstesine­de, ol arap, pars we türki dillerdäki kitaplaryň tekstlerini göçüriji ökde hatdat bolupdyr. Ol daşbasmada neşir etdiren kitaplarynyň tekstlerini örän owadan edip göçürip, olary özi çapa taýýarlapdyr. Şeýle netijä gelmeklige iki sany ýagdaý mümkinçilik berýär. Birinjiden, onuň daşbasmada neşir etdiren kitaplarynyň tekstleriniň göçürme ýazuwlary biri­birine meňzeş, olaryň ählisi bir adamyň eli bilen berjaý edilipdir. Ikinjiden, ol neşirleriň hiç birinde haýsydyr bir beýleki hatdadyň ady görkezilmeýär. Öz nobatynda, bu ýagdaý Mirzahyt Mirsyddyh oglunyň öz döwrüniň bilimli adamy bolandygyna şaýatlyk edýär. Muny onuň neşir eden kitaplaryndaky okyjylara niýetlenilen ýüzlenmelerinde öz adynyň öňünde «molla» sözüni getirmeginde däl, eýsem, eserleriň golýazmalarynyň iň gowy nusgalaryny saýlap almagynda hem görmek bolýar. Ol öz dükanynda neşir eden kitaplary bilen bir hatarda, ilat arasyndan toplan, könelişen ýa­da zaýalanan golýazma kitaplaryň tekstlerini täzeden göçürip ýa­da rejeläp dikeldip, olary hem satyp gelen kitap söwdagäri bolupdyr. Oňa adamlaryň özleri hem dürli kitaplary tabşyrypdyrlar. Bize onuň Daşkent, Samarkant we Buhara şäherlerindäki hususy çaphanalarda öz serişdesiniň hasabyna çap etdiren 30­dan gowrak kitaplaryň özüni ýa­da olar baradaky ygtybarly maglumatlary tapmak başartdy. Ol kitaplaryň ählisi diýen ýaly türkmen nusgawy şahyrlarynyň eserleridir. Olar barada ilkinji gezek okyjylarymyza «Nesil» gazetiniň 2001­nji ýylyň iýun aýynda çykan sanynda gysgaça habar beripdik. Soň olary 1917­nji ýyla çenli arap elipbiýinde türkmen dilinde neşir edilen kitaplara bagyşlap düzen hronologik görkezijimize­de goşduk (Aşgabat, 2006. 450s.). Nähili­de bolsa, Mirzahyt Mirsyddyh oglunyň türkmen nusgawy şahyrlarynyň eserlerini neşir etmek ýoly bilen giň okyjylar köpçüligine ýetirmekde bitiren ajaýyp hyzmaty okyjylarymyza heniz doly belli däl. Şonuň üçin bu meseläniň üstünde has giňräk durup geçmegi ýerlikli hasap edýäris.
Mirzahyt neşir eden kitaplarynda ýerleşdirilen ýüzlenmelerinde, ilkinji nobatda, Merw şäherinde öz kitap dükanynyň ýerleşýän ýerini salgy beripdir. Ýüzlenmelerde öz dükanynda türkmen şahyrlarynyň haýsylarynyň eserleriniň satylýandygyny we ýakyn wagtlarda haýsylarynyň çap bolup çykjakdygyny yzygiderli habar berip durupdyr.
Biziň toplan maglumatlarymyz heniz Mirzahyt Mirsyddyh oglunyň haçan kitap neşir etmek işine başlandygyny anyk kesgitlemäge mümkinçilik bermeýär. Sebäbi olary heniz doly hasap etmeýäris. Onsoňam XIX asyryň soňky çärýe­ ginde — XX asyryň başynda Orta Aziýada arap elipbiýinde ýerli we beýleki Gündogar halklarynyň dillerinde neşir edilen kitaplaryň ep­esli bölegi biziň günlerimize gelip ýetmändir.
Her halda, Mirzahyt Mirsyddyh oglunyň neşir eden kitaplarynyň esasy bölegi barada bize ygtybarly maglumatlary tapmak başartdy. Biziň esasy çeşmelerimiz, ilkinji nobatda, kitaplaryň saklanyp galan asyl nusgalary, ikinjiden, Russiýada 1907­nji ýyldan bäri bu döwletiň çäklerinde neşir edilen kitaplaryň Baş senzura edarasyna gelip gowşan hökmany nusgalarynyň esasynda düzülýän «Kнижная летопись» (mundan beýläk ýurduň adyny görkezmezden, diňe «Kitap letopisi») atly bibliografik maglumatlarydyr. Aşakda neşir edilen kitaplary hronologik yzygiderlilikde gysgaça synlap geçeliň. Mirzahyt Mirsyddyh oglunyň neşir eden we bize gelip ýeten kitaplaryndan ilkinjisi Mollanepesiň «Zöhre we Tahyr» dessanydyr. Ony ol 1908­nji ýylda Daşkentde Gulam Hasan Aryfjan oglunyň hususy metbesinde çap etdiripdir. Bu kitabyň bir nusgasy TYA­nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň gaznasynda saklanýar. Ýeri gelende bellesek, Mirzahyt Mirsyddyh ogly, esasan, G.H.Aryfjan oglunyň we O.A.Porsewiň hususy metbelerinde özüniň çapa taýýarlan kitaplaryny neşir etdirip gelipdir, çünki olar, Orta Aziýanyň halklarynyň kitabynyň taryhyny öwrenmekde uly hyzmatlary bitiren professor G.N.Çabrowyň belleýşine görä, kitaplary arzan bahalar bilen çap edipdir. «Zöhre we Tahyr» kitabynyň daşgapagynda ýerleşdirilen ýüzlenmede şeýle diýilýär:

«Üşbu zamanda Hezreti Mälik mannan awny (Biribaryň kömegi) we enaýatyile (hemaýaty bilen) täjirler serweri we sahhaplar ser­ depderi (kitaplary oňat sahaplaýjy) Merwlik (Maryly) Molla Mirzahyt Mirsyddyk ogly sarp we harajatyile üşbu kitap, ýagny «Kitab­e Tahyr we Zöhre» Daşkentde «Gulamiýe» metbesinde çap kylyndy. We diger (beýleki) kitaplar, ýagny «Magtymguly», «Diwan­e kulliýet­e Meşrep», «Nurnama», «Bezubende» mezkur (ýokarda ady tutulan) Mirzahyt çap kylmakdadyr. Soragan hyrydarlarga her hil kitaplar hem satylmakdadyr.
Adresi: Merwde Misaýyl (Mihail) saraýynda turgujy sahhap (kitap sahaplaýjy) Molla Mirzahyt Mirsyddyk ogly».

Bu ýüzlenmeden mälim bolşuna görä, Mirzahyt Mirsyddyh ogly kitap neşir etmekde tejribesiz biri bolmandygy belli bolýar.
«Otuz iki tohum kyssasy we Magtymguly» atly kitabyň 15 sany nusgasy TYA­nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň gaznasynda saklanýar. Ol «Kitap letopisinde­de» hasaba alnypdyr (Кitap letopisi. 1911.№ 35.С.34.t/№ 20753).

Ondan mälim bolşuna görä, bu kitap 2200 nusgada çap edilipdir. Ikinji kitap «Kyssa­ýe ymam Hüseýin», üçünji kitap Şabendäniň «Şabähram» dessany, degişlilikde, G.H.Aryfjan oglunyň we O.A.Porsewiň metbelerinde çap edilipdir. Olaryň ýeke­täk nusgalary TYA­nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň gaznasynda saklanýar.

1912­nji ýylda Mirzahyt Daşkentde üç sany kitaby neşir edipdir. Olaryň birinjisi Şeýdaýynyň «Gül—Senuber», ikinjisi awtory näbelli «Hüýrlukga—Hemra» dessanydyr. Kitaplaryň ikisi hem G.H.Aryfjan oglunyň metbesinde 3300 nusgada neşir edilipdir.
(Кitap letopisi..1912.№ 3.С.34.t/№ 2385, п/№ 2386.). Üçünji kitap Şabendäniň «Gül we Bilbil» dessanydyr. Ony Mirzahyt O.A.Porsewiň metbesinde neşir edipdir. Onuň 10 sany nusgasy TYA­nyň Mag­ tymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň gaznasynda saklanýar. «Kyssa­ýe Şabähram we Balahusun» we «Kyssa­ýe Kerbalaýy ymam Hü­ seýin» atly bilelikde neşir edilen kitapda ýerleşdirilen ýüzlenmede hem täze maglumatlary görýäris.

«Zöhre we Tahyr» dessanyny çap etdiren döwründe, ýagny 1908­nji ýylda kitap neşir etmek işinde tejribesiz täze adam bolmandyr. Onuň şeýledigine Mirzahydyň bir wagtyň özünde ýene­de dört kitaby neşir etmäge tabşyrmagy şaýatlyk edýär. Olardan «Kitap letopisinde» berilýän maglumatlara görä, «Nurnama» atly kitaby Mirzahyt Mirsyddyh ogly 1911­nji ýylda 20 000 nusgada neşir edipdir (Kitap letopisi.1912.№ 22.С.31.t/№ 14534; 1917.№ 29-30.С.11.t/№
6534). Emma onuň we «Bezubende» atly kitabyň nusgalary saklanyp galmandyr.
Mirzahyt Mirsyddyh ogly okyjylara niýetlenilen ýüzlenmelerini neşir eden beýleki kitaplarynda­da ýerleşdiripdir. Olaryň her haýsynda azda­kände täze goşmaça maglumatlar berlipdir. Şonuň üçin olaryň hem käbirlerine salgylanmaly bolýarys. «Otuz iki tohum kyssasy we Magtymguly» atly kitapda ýerleşdirilen ýüzlenmede şeýle diýilýär:

«Üşbu kitap, ýagny «Otuz iki tohum kyssasy we Magtymguly» söwdagärler serweri we sahaplar serdepderi Merwlik (Maryly) Mişaýyl saraýynda turgujy kitapferuş (kitap satyjy) Molla Mirzahyt Mirsyddyk ogly harajaty birlen diňe bu žurnalyň berýän resmi Daşkentde «Gulamiýe» metbesinde çap kylyndy we hem hyrydarlarga mälim bolgaý ki mezkur (ýokarda ady tutulan) Mirzahyt dükanynda her hili kitaplar bardyr. Emma «Kyssa­ýe ymam Hüseýin» we «Şabähram» we «Zöhre we Tahyr» we «Diwan­e kelliýet­e Meşrep» çap olmakda. Sorsalar nalwaç (poçta) birle iberilür».

Onda şeýle diýilýär:

«Üşbu zamanda Merwde Mişaýyl saraýynda turgujy kitapferuş (kitap satyjy) Molla Mirzahyt Mirsyddyk ogullarynyň sarp we harajatlary birlen üşbu kitap, ýagny «Kyssa­ýe Şabähram» we «Balahusun» we «Kyssa­ýe ymam Hüseýin» Daşkentde «Gulamiýe» metbesinde çap kylyndy. «Kitabe Magtymguly» we «Zöhre—Tahyr» we «Nurnama» we «Diwane kul­ liýete Meşre» çap bolgandyrlar. Her hili kitaplar satylmakdadur. Soragan hyrydarlarga arzan baha birle berilür. Welaýatdan soraganlarga nalwaç kylynur (poçta bilen iberiler)».

Bu ýüzlenmede Mirzahydyň «ogullarynyň sarp we harajatlary birlen» kitaplaryň neşir edilendigi we olaryň «arzan baha» bilen satylýandygy nygtalypdyr. Bu habardan kitap neşir etmek bilen diňe Mirzahydyň özüniň däl, eýsem, onuň maşgala agzalarynyň hem meşgullanandygy mälim bolýar.
1913­nji ýylda­da Mirzahyt Daşkentde üç sany kitaby neşir edipdir. Olaryň birinjisi Wepaýynyň «Rownak ul­yslam» («Yslamyň nury») atly eseridir. Ol G.H.Aryfjan oglunyň metbesinde neşir edilipdir. Onuň iki nusgasy Özbegistanyň YA­nyň Biruni adyndaky Gündogarşynaslyk institutynyň gaznasynda saklanýar. Bu neşir «Kitap letopisinde­de» (1913.№ 30.S.36.t/№ 19217) hasaba alnypdyr. Ondan görnüşine görä, ol 2200 nusgada çap edilipdir.
Ikinji kitap Mollanepesiň «Zöhre we Tahyr» dessanynyň ikinji neşiridir. Ony Mirzahyt 2200 nusgada çap etdiripdir. Bu sapar dessan O.A.Porsewiň metbesinde çap edilipdir. «Zöhre we Tahyryň» bu neşiri hem «Kitap letopisinde» (1914.№ 47.S.50.t/32467) hasaba alnypdyr. Ýöne, «Rownak ul­yslamdan» tapawutlylykda, onuň bu neşiriniň ýekeje nusgasy hem bize gelip ýetmändir. Üçünji kitaby — Şabendäniň «Gül we Bilbil» dessanyny Mirzahyt O.A.Porsewiň metbesinde ikinji gezek çap edipdir. Bu neşir barada dürli çeşmelerde habar berilýändigine seretmezden, onuň hem biziň döwrümize gelip ýeten nusgasy belli däldir.
1914­nji ýylda Mirzahyt bir kitaby, awtory näbelli «Saýatly— Hemra» dessanyny O.A.Porsewiň metbesinde 1100 nusgada neşir edipdir. Bu kitap Türkmenistanyň we Özbegistanyň gündogarşynaslyk merkeziniň gaznahanalarynda saklanyp galypdyr we ol «Kitap letopisinde» (1913.№ 13-14.S.42. t/№ 8642) hasaba alnypdyr.
1915­nji ýylda Mirzahyt Wepaýynyň «Rownak ul­yslam» poemasyny ikinji gezek O.A.Porsewiň metbesinde 1500 nusgada neşir edipdir. Ol «Kitap letopisinde­de» (1915.№43.S.22. t/№ 22912) hasaba alnypdyr. Şeýle­de, bu kitabyň nusgalary Orta Aziýa döwletleriniň golýazmahanalarynda saklanyp galypdyr.
Kitaplary gaýtalap çap etmek ýerli kitap neşir edijilere we kitap söwdagärlerine amatly bolupdyr. Sebäbi şeýle edilende, olara Russiýanyň merkezinden (Sankt­Peterburgdan) uzak wagtlap garaşmaly bolýan rugsady täzeden almak gerek bolmandyr. Orta Aziýanyň beýleki kitap neşir edijileri ýaly, Mirzahyt Mirsyddyh ogly hem bu mümkinçilikden telim gezek peýdalanypdyr.
1916­njy ýyl Mirzahyt Mirsyddyh oglunyň kitap neşir etmek işinde iň önjeýli ýyl bolupdyr. Şol ýyl ol Daşkentde 8 sany kitaby neşir edipdir. Andalybyň «Leýli we Mejnun» (Kitap letopisi.1916.№ 49.S.24. t/№ 17774), «Babaröwşen», «Sagdy Wakgas» (Kitap letopisi.1916.№ 49.S.24. t/№ 17775) atly eserlerini, Magrupynyň «Kyssa­ýe şazada Seýpelmelek» dessanyny, «Nurnamanyň» (Kitap letopisi.1917.№ 29–30.S.11. t/№
6528) we « Hüýrlukga—Hemranyň» ikinji neşirlerini, «Kyssa­ýe Görogly soltan» şadessanyny Mirzahyt O.A.Posewiň metbesinde her haýsyny 1260 nusgada neşir edipdir. Olaryň nusgalary TYA­ nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň gaznasynda saklan­ ýar. «Şasenem—Garyp» dessanyny Mirzahyt G.H.Aryfjanowyň metbesinde çap edipdir we onuň nusgalary TYA­nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň gaznasynda saklanýar.
Ýokarda sanalyp geçilen kitaplardan başga­da, Mirzahyt Mirsyddyh ogly türkmenleriň we Orta Aziýanyň beýleki halklarynyň arasynda örän meşhur bolan ýene­de iki sany kitaby neşir edipdir, ýöne olaryň çap edilen ýyllary görkezilmändir. Olaryň birinjisi Wepaýynyň «Rownak ul­yslam» poemasydyr. Bu eser Wepaýynyň Mirzahyt Mirsyddyh ogly tarapyndan goýberilen üçünji neşiridir hem­de onuň Buharada çap etdiren ýeke­täk eseridir. Onuň doly bolmadyk nusgasy TYA­nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň gaznasynda saklanýar. Ikinji kitap Sopy Allaýaryň «Sebatul ajyzyn» («Ejizleriň merdanalygy») atly meşhur kitabydyr. Ony Mirzahyt Mirsyddyh ogly G.H.Aryfjan oglunyň metbesinde çap etdiripdir. Bu kitabyň hem ýeke­täk nusgasy TYA­nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň gaznasynda saklanýar.
1916­njy ýylda neşir edilen sekizinji kitapda gynançly ýüzlenme ýerleşdirilipdir. Onda şeýle diýilýär:

«Üşbu zamanda kitab­e hub (oňat) we hekaýalar mergub (gyzyklysy), agni (ýagny) «Şazada Kerem we Aslyhan», «Hekaýe­i Leýli we Mejnun», «Kyssa­i şazada Seýpelmelek» 1334/1916­njy ýylda Molla Mirzahyt Mirsyddyh merhum ogly harajaty ilen Merw şajahanda mesjit kyblasynda Muhammet dilmaç saraýynda kitap söwdasy birle turgujyny ehtamamyile (yhlasy bilen) Daşkentde Porsew metbesinde basylmyşdyr».

Şeýlelikde, Mirzahyt Mirsyddyh oglunyň neşirýat işi uly möçberde dowam edip başlan döwründe onuň 1916­njy ýylda aradan çykmagy bilen tamamlanypdyr.
Biziň synlap geçen kitaplarymyz Mirzahyt Mirsyddyh oglunyň neşir eden eserleriniň ählisi däldir. Olaryň bellibir böleginiň bize gelip ýetmedik ýa­da onuň neşir eden kitaplarynda öz adyny görkezmedik bolmagy hem mümkindir. Emma ýagdaý nähili bolaýanda­da, onuň çap etdiren kitaplaryndan biziň elimize düşenleri hem Mirzahyt Mirsyddyh oglunyň türkmen nusgawy şahyrlarynyň eserlerini neşir etmekde düýpli işleri berjaý edendigini tassyklaýar.
Türkmen şahyrlarynyň eserlerini, türkmen halk dessanlaryny yzygiderli çap etmek hem­de olary ilat arasynda ýaýratmak bilen, Mirzahyt Mirsyddyh ogly möhüm işi berjaý edipdir. Şol döwürde munuň nähili uly ähmiýetiniň bolandygy barada söz uzaldyp oturasy iş ýok. Ýöne bir zady belläsimiz gelýär, Mirzahyt Mirsyddyh oglunyň neşir eden kitaplary häli bu güne çenli halkymyzyň arasynda saklanyp galypdyr. Olaryň TYA­nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda toplananlary hem ilat arasyndan ýygnalan neşirlerdir. Ol kitaplaryň örän gymmatly çeşmä öwrülip gidendigini ýokarda «Seýpelmelek—Methaljemal» dessanynyň mysalynda görýäris.
Mirzahyt Mirsyddyh oglunyň neşir eden kitaplaryny halkymyz el bilen göçürip, öz öýlerinde saklap hem gelipdir. Onuň 1911­ nji ýylda neşir eden «Otuz iki tohum kyssasy we Magtymguly» atly kitabyny soňky döwürlerde ýerli hatdatlar telim gezek elde göçüripdirler. Olaryň nusgalary TYA­nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň gaznasynda duş gelýär. Olar baradaky maglumatlar başga­da bir ýagdaýa şaýatlyk edýär: edil beýleki musulman ýurtlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem, gadymdan däp bolup gelýän kitaplary elde göçürmegiň hatdatlyk sungaty XX asyryň başynda­da, ýagny bu ülkede metbeçilik sungatynyň ýaýran döwründe­de dowam edip gelipdir. Adatça, hatdatlar ol ýa­da beýleki eseri elde göçürenlerinde, onuň ygtybarly nysgalaryna esaslanypdyrlar. Mirzahyt Mirsyddyh oglunyň neşir eden kitaplary şeýle çeşmeleriň hatarynda bolupdyr.
Mirzahyt Mirsyddyh oglunyň ogullary kakasynyň metbeçilik işini dowam etdirip bilmändir. Has dogrusy, täze dörän syýasy ýagdaýlar olara mümkinçilik bermändir. 1917­nji ýyldan 1940­njy ýyla çenli nusgawy şahyrlarymyzyň arap we latyn elipbiýlerinde neşir edilen kitaplary barmak basyp sanaýmaly derejede az bolupdyr.
Mirzahyt Mirsyddyh oglunyň bitiren baş hyzmaty onuň diňe türkmen nusgawy şahyrlarynyň eserlerini yzygiderli neşir edip we ýaýradyp gelenligindedir.

Almaz ÝAZBERDIÝEW. Taryhy makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle