GÖZELLIK
GÖZELLIK
Görüň, agtyjagma aýak bitipdir,
Akja diş görünýär ýylgyran wagty,
Gözleriň garasy mähre batypdyr,
Dünýäniň ýaşajyk şitil-daragty.
Öz dilinde bir zat diýip gürleýär,
Lak ataýsak gollaryny galgadyp,
Şindi päkje, aldanmany bilmeýär,
Bilenok ol ýalňyşlarny düzedip.
Gözüm gidýär onuň täsin bolşuna,
Onki süňňi durşy bilen çagalyk,
Deň-je gülýän jykyr-jykyr gülşüne,
Bolýar eken beýle ajap sadalyk.
Aglasa-da özi bilmän aglaýar,
Biz onuň keşgine-azarna gurban,
Didelerni balkyldadyp garaýar,
Biz onuň intizar nazarna gurban.
Zeminiň bar ýagşylygy arzuwmyz,
Kalbyň gözel, özüň gözel bol balam,
Siziň barlygyňyz-biziň barlygmyz,
Bagşy-ozan bolup ile dol balam. Goşgular