Saparmyrat Türkmenbaşy taglymatynyñ esaslary -9: Ahlak teswiri
Saparmyrat Türkmenbaşy taglymatynyñ esaslary -9: Ahlak teswiri
9. Ahlak teswiri
Täze gurulýan türkmen jemgyýetinde ahlak esasy zatlaryň biridir. Şonuň üçinem Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamasyndaky taglymatynda ahlak meselesiniň dürli taraplary yzygider beýan bolýar. Täze jemgyýet gurulýan döwründe munuň özi örän möhüm zatdyr. Çünki hukuk kanunlaryndan tapawutlylykda ahlak kanunlary gönüden-göni döwlete däl-de, hut jemgyýete degişlidir. Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamasynyň ikinji kitaby – edepnamadyr, çünki ol, esasan, türkmen ahlagyna, edebine bagyşlanypdyr. Kitapda türkmen edebiniň, ahlagynyň geçmiş kökleri yzarlanmak bilen Garaşsyzlyk eýýamynyň raýatlarynyň altyn ruhly altyn jemgyýetinde nähili ahlak we edep ülňülerinden ugur almalydygy anyklanylýar, Altyn asyrda ruhubelent ýaşamagyň anyk ahlak ýollary görkezilýär.
Hukuk kanunlary döwletiň çäginde, ahlak kanunlary bitewi jemgyýetiň çäklerinde dowam edýär. Onsoňam ahlak kanunlarynyň ýerine ýetirilişinde mejburylyk diýilýän zat ýokdur. Galyberse-de, hukuk kanunlary adama daşdan gelýän bolsa, ahlak kanunlary adamyň içinde amal bolýar hem jemgyýete ýaýrap gidýär. Gadymy akyldarlaryň biri «Ahlak – Hudaýyň adamyň ýüregine salan, ýazan kanunydyr» diýipdir. Ahlak kanunlaryny ýola goýmak, muňa adamlary ynandyrmagy başarmak – adamlaryň ýüregine girip bilmek, olaryň ahlaky erkine eýe bolmak diýmekdir. Şu manyda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ägirt uly taryhy iş etdi: ol täze türkmen jemgyýetini gurmak bilen şol jemgyýetiň bütinleý täze manyly we täze hilli ahlaky gatnaşyklaryny-da döretdi. Täze jemgyýet diýmek ahyrky netijede täze ahlak, täze ahlaky ölçegler we täze ahlaky gatnaşyklar diýmekdir.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamasyndaky täze ahlak taglymaty, täze ahlak pelsepesi kemala geldi. Şu beýik ruhy täzeligiň birnäçe aýratyn jähetleri bar. Muny, ilkinji nobatda, geçen kommunistik jemgyýetiň ahlak pesliginiň ýumrulmagynda görüp bolýar. Ol jemgyýet, esasan, synpy ahlagy öňe sürýärdi. Ýönekeý dilde aýdanyňda, adamyň ahlak sypatyna – onuň baýdygyna ýa garypdygyna, haýsy synpyň, gatlagyň wekilidigine garap baha kesilýärdi. Ruhy-ahlaky hadysalar bolan edebiýata, sungata, jemgyýetçilik serhalyna synpy nukdaýnazardan baha berilýärdi. Sen baýmyň – akylsyz, nadan, binamys. Sen garypmyň – akylly, mertebeli. Ýetmiş ýylda ýekeje-de gepi-sözi ýerindäki baýyň keşbi döredilmedi. Şeýle ýagdaý jemgyýetiň ahlak keşbine örän uly zyýan ýetirdi. Ahlaky ölçegleriň, ýörelgeleriň, gymmatlyklaryň synpylaşdyrylmagy adamlaryň aňyna-da, ýüreklerine-de ters täsir etdi.
Kommunistik ahlakda döwletiň ahlaklylygy, döwletiň jemgyýetiň öňündäki ahlaky borçlary we ýörelgeleri diýen mesele asla goýulmaýardy. Saparmyrat Türkmenbaşynyň şu meseledäki täze ýörelgeleri diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem bütindünýä ähmiýetine eýedir. Döwletiň ahlaklylygy, döwletiň ahlaklylyk mertebesi ýaly ähmiýetli meselede täze gymmatlyklaryň ulgamynyň dörändigini Saparmyrat Türkmenbaşynyň anyk amaly işleri subut etdi. Men häzir Saparmyrat Türkmenbaşynyň beýik taryhy gahrymançylygyny – 1999-njy ýylyň Bitaraplyk aýynyň 27 – 29-ynda Aşgabat şäherinde geçen IX Halk maslahatynda Türkmenistanda ölüm jeza çäresini ýatyrmagyny göz öňünde tutýaryn. Bu Saparmyrat Türkmenbaşynyň beýik ahlaky gahrymanlygydyr. Çünki jenaýatkär hem bolsa, adamy ölümden halas etmek iň beýik ahlaky gahrymançylykdyr. Saparmyrat Türkmenbaşy şeýdip öz raýatlaryny nähili derejede eziz görýändigini subut etdi. Ölüm tebigatdaky iň uly adalatsyzlykdyr. Adam janyna kast etmek bolsa, adamyň elinden geläýjek iň uly hem aýylganç jenaýatdyr. Hatda şeýle jenaýat edene-de geçirimlilik etmek – munuň özi, dogrudanam, ahlagyň iň belent derejesidir.
Hawa, bu adatdan daşary hem üýtgeşik ahlaky ädim bolup, biziň köpimiz bu gün onuň ähmiýetini göz öňüne getirerden, megerem, ejizdiris. Munuň özi adalatsyzlygyň hem jenaýatyň garşysyna ädilen ädimdir. Gan döküşiklige, zorluga ahlaky rugsat berýän kommunistik ahlagyň bir çetini gören aňlarymyz üçin bu ädimiň geňlik bolup görünmegem mümkin. Ol aňyýet rewolýusiýany wagyz edýärdi, rewolýusiýa bolsa garpyşyk, gan dökmek, bir topar adamyň bagtyny başga bir toparyň ganynyň üstünde gurmaga çagyryş diýmekdir.
Şol ýörelgelerden üzül-kesil daşda duran türkmenbaşyçylyk ahlagy düýpli taryhy-ruhy we jemgyýetçilik hadysasydyr. Beýik Serdaryň ölüm jezasyny ýatyrmak Permanynyň ahlak manysy jenaýatkäri, hatda adam janyna kast eden jenaýatkäri-de atuw jeza çäresinden halas etmek, onuň jezasyny ýeňilleşdirmek däldir. Onuň ýüzüni ýuwmak hem däldir. Ine, aýdaly, adam öldüren jenaýatkär. Döwlet şeýle jenaýatkäri ölüm jezasyna höküm etmek bilen, isleseň-islemeseňem, ahlak babatda onuň derejesine çenli pese düşýär. Çünki atuwy höküm etmek bilen ol ölümi çykalga, meseläniň çözgüdi hökmünde mantyk taýdan ykrar edýär. Adam öldürenleriň içinde-de adamy ýöne, keýpine öldürenleri azdyr, olar hem adam janyna kast etmegi haýsydyr bir meseläniň özüçe çykalgasy, çözgüdi hökmünde amal edýärler. Ikisi netijesinde-de adam jany alynýar. Diýmek, ikisiniň düýpli ahlak manysy birdir.
Saparmyrat Türkmenbaşy şu ýörelgäni çürt-kesik ret etmek bilen beýik ahlaky gahrymançylygy görkezdi. Ol adam janynyň iň esasy gymmatlykdygyny hemmelere – ýönekeý adamlara-da, jenaýatkärlere-de aýan etdi. Beýle etmek ahlak taýdan döwletiň ýene bir gez ýokary galmagydyr.
Galyberse-de, Saparmyrat Türkmenbaşy türkmeniň «Daş bile urany aş bile ur» diýenini etdi. Ol özüniň, döwletiň maksadynyň ar almak däldigini aýan etdi. Ar almak bilen jeza bermek bütinleý aýry-aýry, başga-başga zatlardyr. «Biziň maksadymyz adamlary terbiýelemekdir» diýip, Saparmyrat Türkmenbaşynyň özi öwran-öwran aýtdy. Jeza çäresi ahlak manysy boýunça hut terbiýelemegiň serişdesi, jenaýatça toba etdirmegiň ýoly hökmünde göz öňüne gelýär.
Men Saparmyrat Türkmenbaşynyň täze ahlak gymmatlyklarynyň durmuş bilen baglanyşykly bir tarapyny görkezmäge synanyşdym. Bitewüligine alanyňda, täze ahlak munuň ýaly aýry-aýry, tötänleýin ýüze çykýan hususy pursatlar däl-de, düşünjeleriň hem ýörelgeleriň bitewi ulgamydyr. Şeýle bitewi ulgam hökmünde Saparmyrat Türkmenbaşynyň esaslandyran jemgyýetçilik ahlagy birnäçe taryhy sütünlere esaslanýar. Şu meselede onuň aýdan birnäçe pähimlerine şu ýerde ýüzlenmek parz bolardy.
«Magtymgulynyň öňe süren ruhy ýörelgesi, ynsap, päklik, erkinlik, adalatlylyk ýörelgeleri türkmen halky üçin şu günem juda-juda gymmatly bolmagynda galýar. Ol biziň gurjak bagtly ertirimizde-de şeýle bolar».
«Men diniň halal hem haram hakyndaky, haýyr-sahawat, sogap hem günä hakyndaky, päklik hem kämillik hakyndaky düýp ýörelgelerine uly hormat goýýaryn».
«Adamzadyň iň oňat gymmatlyklaryny özünde jemlän däp-dessurlarymyza aýawly çemeleşip, olary ösdürsek, şonda türkmeniň medeniýetem, dilem, sungatam, ykdysadyýetem, syýasatam rowaç alar».
Şu dür dänesi kimin pähimlerde Saparmyrat Türkmenbaşy zamanynyň täze türkmen ahlagynyň taryhy taýdan nämelere esaslanmalydygy anyk görkezilýär. Ol esaslaryň ilkinjisi – türkmeniň öňden gelýän milli ahlak gymmatlyklary, şol sanda beýik Magtymgulynyň gymmatly ýörelgeleridir. Asyrlaryň apy-tupanynyň içinden sarsman geçen milli ahlagymyz türkmeniň ruhunyň esasy baýlygynyň bir bölegidir. Bu ýerde mertlik-namartlyk, ýagşylyk-ýamanlyk, haýyr-şer ýaly birnäçe milli ahlaky düşünjeleri ýatlap geçmek ýeterlikdir. Adamkärçiligiň esasy manysyny özünde jemleýän ahlak nusgalary täze türkmen jemgyýetiniň baş ruhy hadysasyna öwrülmelidir. Çünki bu gymmatlyklaryň islendik türkmene, onuň aňyna hem ýüregine ummasyz uly täsiri bar. Şol bir wagtda-da, olar täze taryhy ýagdaýlara we wezipelere laýyk özgerdilmelidir.
Soňky müňýyllygyň dowamynda bolsa türkmen milli ahlagy yslamyň dini-ahlaky gymmatlyklary bilen utgaşyp gidipdir. Diniň ahlagy adam ömrüni akylly-başly, çuňňur mazmunly bir hadysa hökmünde alýar. Din adamyň öňünde öz sütünlerine esaslanýan ahlaky ölçegleri we nusgalary goýýar. Yslam dini halal hem haram, günä hem sogap ýaly milletiň süňňüne-ganyna siňen ahlak düşünjeleri işläp düzüpdir we olary çylşyrymly, agyr taryhyň bütin dowamynda gollanyp, baýlaşdyryp hem anyklaşdyryp gelipdir. Şonuň üçinem, täze türkmen jemgyýetiniň ahlaky sütünleri örän berkdir hem sarsmazdyr.
Emma türkmen ahlagyna bitewi gatnaşyklar ulgamy hökmünde seretmek gerek. Şol bitewülik jemgyýetiň döwlete gatnaşygynda hem döwletiň aýratynlyklarynda aýdyň ýüze çykýar. Saparmyrat Türkmenbaşynyň guran türkmen döwleti dünýäde resmi ykrar edilen ilkinji Bitarap döwletdir. Şol sebäpden şol döwletiň daýanýan jemgyýeti hökmany suratda diňe bir milli ýa dini-ruhy ahlaky gymmatlyklary däl, eýsem umumyadamzat ahlaky gymmatlyklaryny-da goldanmalydyr.
Şeýlelikde, Saparmyrat Türkmenbaşynyň durmuşy hem ylmy ahlaky taglymatynda ahlaky gymmatlyklaryň birgiden ulgamy tebigy suratda kemala geldi. Ahlaky ulgamlaryň janly, içki arabaglanyşygy bar. Olaryň biri-birine tebigy suratda geçişi, täsin tebigy utgaşygy Saparmyrat Türkmenbaşynyň şu pähimlerinde hasam aýdyň görünýär:
«Türkmenistan öz Garaşsyzlygyny berkidýän döwründe her bir ata-ene öz perzendine görelde bolup, onda gözel ahlak sypatlaryny terbiýelemelidir».
«Tämiz ahlaklylyk bir ýüzük bolsa, watansöýüjilik onuň göwher gaşydyr».
«Ata-eneňi söýmek, olara ygrarly bolmak – Watany söýmek we oňa wepaly bolmak mysalydyr. Öz ata-eneňi söýmek we hormatlamak hem tämiz ahlaklylygyň iň ýokary derejesidir».
«Türkmenistanda halal zähmet çekmäge, pul gazanmaga, baýamaga ähli şertler bar. Şonuň üçin, geliň, halal ýaşamagy öwreneliň».
«Şu günki gün biziň hemmämiz agzymyzy birikdirmeli, döwletimizi berkitmeli, halkymyzy eşretli ýaşatmaly. Hemmämiz arassa işlemeli, halaly-haramy saýgarmaly. Ýekejämizem haram işe goşulmaly däl».
Saparmyrat Türkmenbaşynyň bu sözlerinde köneden gelýän ahlaky gymmatlyklaryň türkmen döwletiniň döredilmegi, türkmen jemgyýetiniň ýaýbaňlandyrylmagy bilen täze manylara eýe bolýandygyny görýäris. Täze ahlagyň şu hili jähetlerini aýyl-saýyl edip bolýar:
– Ene-ata öňünde borç ahlak mana eýe bolýar;
– Watan, ene-atanyň ornundaky gymmatlyk;
– Garaşsyzlyk maşgala içindäki ahlaky gatnaşyklaryň manysyna täsir edýär hem özboluşly ahlaky görkeziji bolup kemala gelýär;
– halal zähmet çekmegiň döwlet möçberindäki syýasy-ahlaky manysy bar;
– haramlyk Watana, garaşsyzlyga hyýanat etmegiň bir serişdesi bolan syýasy-ahlaky, ahlaky-jemgyýetçilik görkezijä öwrülýär.
Görnüşi ýaly, köne türkmen durmuşynda hem ahlagynda durmuşy, gündelik manysy bolan ahlak düşünjeleriň göwrümi hem manysy aňrybaş derejede giňäpdir. Munuň sebäbi bolsa, Saparmyrat Türkmenbaşynyň täze Türkmen döwletini gurmagydyr. Bu taryhy hadysanyň biziň göz öňüne getirişimizden hem pikir edişimizden has uly ähmiýeti bar. Çünki islendik ýerde, islendik ugurda bu beýik taryhy hadysanyň täsiri görünýär. Ine, ahlaky meselelerde onuň täsiri we getiren oňyn üýtgeşiklikleri görünýär. Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Tämiz ahlaklylyk bir ýüzük bolsa, watansöýüjilik onuň göwher gaşydyr» diýen beýik pähimi özüniň ahlaky ähmiýeti, many çuňňurlygy boýunça dünýäniň iň beýik akyldarlarynyň pähimli sözi derejesindäki ruhy hadysadyr.
Edebi makalalar