| | | |

Saparmyrat Türkmenbaşy taglymatynyñ esaslary -5: Baky Bitaraplyk teswiri

Saparmyrat Türkmenbaşy taglymatynyñ esaslary -5: Baky Bitaraplyk teswiri

5. Baky Bitaraplyk teswiri

Türkmen ruhy Saparmyrat Türkmenbaşynyň taglymatynda özüniň kämillik derejesine ýetdi hem-de ruhy manyda bedewiň keşbinde janlandy. Bu howaýy akylyň ýasama toslamasy däl, ýa bolmasa, biziň hususy göwnümiziň hyýaly däl. Türkmen ruhunyň kämillige ýetendigi akyl-paýhasyň türkmen durmuşynyň esasy hereketlendiriji güýje öwrülendiginden hem-de paýhaslylygyň döwlet ýörelgesine göterilenliginden görünýär. Ruhuň bedew suraty hakynda-ha aýdyp hem oturmalyň. Türkmen ruhunyň hyjuwlylygyny, jemgyýetçilik hem aň özgertmeleriniň ýyndamlygyny, tizligini aýtmanyňda-da, türkmeniň döwlet nyşany bolan Gerbde bedewiň şekiliniň bardygyny kim bilmeýär. Diýmek, türkmeniň (şol sanda onuň ruhunyň) nyşany hökmündäki bedew keşbi Saparmyrat Türkmenbaşynyň öz göz öňüne getirmelerinden gaýdýan ekeni.
Türkmen ruhunyň ýeten kämilligi Saparmyrat Türkmenbaşy tarapyndan gurlan türkmen döwletiniň baky Bitaraplyk derejesinde gaty aýdyň aýan boldy. 1995-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 12-sinde Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite Rezolýusiýasy bilen Türkmenistan döwletine baky Bitaraplyk derejesi berildi. Munuň özi Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhy gahrymançylygydy. Dünýä taryhynda entek beýle derejede hem-de beýle resmi suratda Bitaraplyk hukugyny alan ýurt ýokdy. BMG-niň Baş Assambleýasy ýörite Rezolýusiýasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny goldady hem-de Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine, şeýle-de onuň Garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we arazawy bitewüligine hormat goýmaga dünýä döwletlerini çagyrdy. Bitaraplyk derejesi syýasy, ykdysady hem-de ruhy nukdaýnazarlardan maksadalaýykdy we onuň çuňňur taryhy-ruhy kökleri bardy.
Türkmenistanyň syýasy Bitaraplygy oňyn häsiýete eýedir, munuň özi Bitaraplygyň başyňy basyryp ýatybermek bilen bir zat däldigini, tersine, dünýä syýasatyna işjeň goşulmakdygyny, ýöne parahatçylygy hem durnuklylygy saklamaklyga işjeň goşant goşmalydygyňy aňladýandyr. Ol özge döwletleriň içerki işine gatyşmazdan öz garaşsyzlygyňy berkitmek üçin esasy daşarky şerti döredýär. Galyberse-de, dünýä gazynyň hem-de nebitiniň 30 göteriminiň Türkmenistanda jemlenmegi bu ýurduň her hili dawa-jenjellerden gaça durmagynyň dünýä ähmiýetiniň boljakdygyny görkezýär.
Baky Bitaraplyk syýasaty bütindünýä möçberinde halkara hem döwletara gatnaşyklarynyň bütinleý täze ýörelgesi bolup, ol goşulmazlyk hereketiniň we zorluk etmezlik pelsepesiniň täze bir basgançaga galdyrylmasydyr. Hut şu ýerde-de Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň dünýä möçberindäki şahsyýet gabarasy, onuň syýasatçy we döwlet ýolbaşçysy hökmündäki beýikligi görünýärdi. Baky Bitaraplyk türkmen halkynyň taryhy-ruhy tejribesinden, milli serhalyndan gelip çykýan gymmatlyklaryň halkara ýörelgesi derejesine göterilmegidir. Bu bolsa Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsy syýasy erki hem-de döwlet paýhasy mynasybetli amal bolan hadysadyr.
Baky Bitaraplyk syýasaty ýaragdan, goşundan bütinleý ýüz döndermegi aňlatmaýar. Bedew at ýyrtyjy haýwan däl, emma şol bir wagtda-da ol erkinlik söýüji hem-de özüni goramany başarýan jandardyr. Baky Bitarap döwlet bolan Türkmenistan öz-özüni goramaga ýeterlik derejedäki hem mukdardaky goşuny saklamaga hukuklydyr.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň syýasy paýhasy hem-de syýasy erki bilen gurlan Garaşsyz Türkmenistan Bitaraplyga birden hem tötänden gelmedi. Türkmenistanyň garaşsyz bolan gününden beýläkki taryhy hem daşary syýasaty onuň Bitaraplyk ýoluna ýuwaş-ýuwaşdan hem oýlanyşykly gelendigini görkezýär. Munuň özi özakymlaýyn däl-de, akylly-başly gelişdir. Ine, Saparmyrat Türkmenbaşynyň dürli ýyllarda, şeýle hem Ruhnama kitaplarynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň bitaraplyk ugur-ýoly barada aýdan sözleri:

«Türkmenistanyň Asudalygyny, Agzybirligini saklajak bolsak, daşary syýasatymyzy oňat ýola goýmaly bolarys. Onuň üçinem biziň öňümizde goýýan ilkinji meselämiz goňşular bilen doganlyk-dostlukly, deňlik gatnaşygyny etmek».

«Türkmenistanyň eýerjek syýasatynyň ugry beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlykdan, oňyn bitaraplykdan ybaratdyr».

«Daşary syýasatda biz geljekde-de hoşmeýilli bitaraplyk syýasatyny ýörederis, özem biziň häzirki ýagdaýymyzda bu daşary syýasy ugruň iň bir netijeli ugurdygyna biz çuňňur ynanýarys».

«Biz hoşniýetli bitaraplyk syýasatyny ýöredýäris, ýagny Türkmenistan haýsydyr bir harby bileleşiklere ýa-da öňünde tüýs syýasy maksatlary goýýan döwletleriň toparyna girmeýär».

«Biz diňe giň halkara hyzmatdaşlygy mahalynda  Türkmenistanyň ähli bellenilen maksatnamalary durmuşa geçirip biljekdigine hem düşünýäris».

«Hoşniýetli bitaraplyk ýörelgesi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasynda ýatýar. Biz ony durmuşa geçirip, jedelli döwletara meseleleriň hemmesini, dawalary ýa hoşniýetli erk-islegi ýa-da ylalaşyga taýýarlygy görkezip, ikitaraplaýyn esasda ýa-da siwilizleşen serişdeler arkaly halkara bileleşiginiň mehanizmleri bilen çözmegiň zerurdygyndan ugur alýarys».

«Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda parahatçylyk we döredijilik, beýleki ýurtlaryň we halklaryň medeni däp-dessurlaryna hormat goýmak ýoluna eýerýär we özara düşünişmegiň merkezine öwrülmäge çalyşýar».

Türkmen dilinde «Sanasaň sogaby bar» diýen jümle köp gaýtalanýar. Bu söz oňat, haýyrly pikirler we işler barada aýdylýar. Saparmyrat Türkmenbaşynyň sözleri, pikirleri hem işleri oňatlygyň hem haýyrlylygyň aňrybaş nusgasydyr. Şonuň üçinem olary sanasaň sogaby bar. Emma onuň şahsyýetini hem döredijilikli işlerini wagyz etmeli alymlardyr ruhyýeti öwrenijileriň wezipesi munuň bilen çäklenmeýär. Meniň düşünişimçe, olar Saparmyrat Türkmenbaşynyň pikirleriniň düýpsüz umman kibi çuňňur manysyny ýüze çykarmaga, halka hem halklara düşündirmäge borçludyrlar. Biziň aňymyzdaky baş alada mydama şu bolmalydyr. Meniň häzirki mysal alan böleklerimiň içinde Saparmyrat Türkmenbaşynyň Türkmenistanyň resmi suratda Bitaraplyk almazyndan öň aýdan dürdäne sözleri-de bar. Şolarda Saparmyrat Türkmenbaşynyň hemişelik Bitaraplyga basgançaklaýyn, oýlanyşykly barmalydygy hakdaky pikirleri bar. Bitaraplyk pikiriniň – soň dünýä syýasatynda hem-de dünýä taglymatynda üýtgeşik bir düýpli ýola öwrülen şol pikirleriniň ähli süňňi bölekleri şu alnan mysallarda görünýär.
Ilki bilen, Saparmyrat Türkmenbaşynyň baky Bitaraplyk syýasatyny ýurduň içerki zerurlyklaryndan, onuň öz hususy geljekki ykbalyndan getirip çykarandygy görünýär. Saparmyrat Türkmenbaşy öz halkynyň, öz ýurdunyň ykbaly hakynda alada edip, dünýä ykbalynyň bir beýik şahsyýetine öwrüldi. Onuň içerki hem daşarky syýasatyň bitewüligi babatdaky beýikligi ähli meseleleriň sazlaşygyny gurap bilenligindedir.
Ýaňy dörän garaşsyz döwlete, entek uly syýasy dolandyryş edaralary doly berkemedik, jemgyýetçilik aňy hem serhaly doly kemala gelmedik, şol bir wagtda-da örän uly ykdysady, maddy mümkinçilikleri bolan ýurda daşarky oňyn Bitaraplyk syýasaty içerki zerurlyk bolan eken. Saparmyrat Türkmenbaşynyň mysal alnan sözlerindäki «biziň häzirki ýagdaýymyzda» diýen jümle şundan ugur alýarmyka diýýärin.
Diýmek, Ol döwletiň daşarky hem içerki ýagdaýynyň içki arabaglanyşygyny janly göz öňüne getirip bilen, dünýäniň ýürek urgusyny duýup, gelejegi oraşan göz öňüne getirip, amaly ýörelge edinip bilen beýik syýasatçydyr. Emma munuň özi geldi-geçer, diňe konýunktura hyzmat edýän wagtlaýyn syýasat däldir. Oňyn baky Bitaraplyk ilkibaşda täze garaşsyz döwletiň berkemegine hyzmat edýän bolsa, ol soňabaka dünýä ykbalyna täsir edýän pelsepä hem güýje öwrülýär.
Saparmyrat Türkmenbaşy türkmeniň indiki nesilleriniň hem dünýäniň indiki ykbalynyň aladasyny eden beýik şahsyýetdir.
Onuň ýokarky jümlelerindäki oňyn Bitaraplyk ýörelgesini aýry-aýrylykda şu düşünjelere şertli suratda bölmek mümkin:

– harby bileleşiklere, tüýs syýasy maksatly toparlara goşulmazlyk;

– giň halkara hyzmatdaşlyga, hoşniýetli erk-islege hem ylalaşyga taýýarlyk;

– ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklary;

– daşary syýasatda parahatçylyk hem döredijilik ýörelgeleri;

– özge ýurtlara hem döwletlere hormat;

– sebitde durnuklylyk hem düşünişmek merkezi bolmaga ymtylyş.

Saparmyrat Türkmenbaşynyň resmi baky Bitaraplykdan ozal ýöreden bu pikirlerini aýry-aýrylykda çuňňur derňemäge synanyşyk gerek, ol örän köp zatlary berip hem düşündirip biler. Mysal üçin, «tüýs syýasy maksatly toparlara goşulyşmazlyk» diýen jümläniň örän çuňňur taryhy manysy bar. Şeýle maksatly toparlara goşulmak ahyrky netijede halklary bölmäge, ala tutmaga hem-de olaryň içerki işine gatyşmaga alyp barýar. Edil şonuň ýaly-da, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň durnukly daşary syýasy ýörelgeleriniň biri – özge döwletler bilen, esasan, ikitaraplaýyn gatnaşyklary saklamakdyr. Özüniň ahyrky netijesinde bu ýörelge hem Türkmenistanyň her hili toparlaryň, bileleşikleriň täsirine düşmeginden saklanmagyna hyzmat edýär. Şeýlelikde, baky Bitaraplyk özüniň düýp manysy hem maksatlary boýunça Garaşsyzlygyň tebigy hem mantyk boýunça dowamydyr, onuň halkara derejesinde berkidilmesi hem resmileşdirilmesidir.
Emma muny aýtmak – hakykatyň diňe ýaryny aýtmakdyr. Baky Bitaraplyk dünýä syýasatynyň täze ýörelgesi hem täze halkara pelsepesi hökmünde döwletara gatnaşyklary bütinleý täze derejä çykarýar. Biz Saparmyrat Türkmenbaşydan owalam «halkara syýasatynda parahatçylyk» diýen ýörelgäni bilýäris. Emma «halkara syýasatynda döredijilik» diýilýän ýörelge onuň beýik syýasy paýhasynyň netijesidir. Döredijilik ýörelgesiniň dürli many jähetleri barada köp gürrüň ediler. Ýöne, meniň düşünişimçe, munuň özi eýýäm galyba öwrülen ýörelgelerden başga döwletara gatnaşyk ýörelgelerini gözlemegi aňladýar. Hususanam, häzirki barha owazy köpelýän, barha reňbe-reňleşýän dünýä syýasatynda öň sesi eşidilmedik, milli pelsepe hem milli taryhy-ruhy tejribeleri bilinmedik hem hasaba alynmadyk, san hem gurp taýdan ujypsyz milletlere gulak salmak – ine, munuň düýp manysy.
Dünýä ýigriminji asyryň soňky ýigrimi ýyllygynda düýpli özgerdi, sowet şadöwletiniň ýykylmagy dünýäde ruhy hem syýasy güýçleriň täze kybapdaşlygyny emele getirdi. Şol täze emele gelen ýagdaýda hereket etmegiň hem ýaşaýşyň täze ýörelgelerini ulanmazdan owal, ilki bilen, muny gowy öwrenmek, täze döwletleriň hem dünýä ykbalyna ýaňy goşulan milletleriň hersiniň aslyýetini hem ruhy-syýasy gurbatyny öwrenmek gerek. Ine, şu ýerde-de Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň täze halkara syýasy ýörelgesi hökmünde öňe süren döredijilik ýörelgesi zerurdyr.
Döredijilik – öwrenmek hem döretmekdir.
Döredijilik – umumylaşdyrmak hem täze pikirleri we ýörelgeleri öňe sürmekdir.
Ýigriminji asyryň soňky ýigrimi ýyllygynda emele gelen dünýä – entek üsti açylmadyk syrly hem döredijilige köp hörek berip biljek dünýädir. Şol täze dünýäde ykbaly açylan, öz syýasy hususyýetine eýe bolan türkmen halkynyň taryhy-ruhy tejribeleri-de dünýäň ýüzüne tutarlyk bardyr, onuň geljekki maksatlary-da dünýä ykbalynyň öňdebaryjylygyna dalaş etmäge esas berýändir.
Türkmen halky bagtly halk. Sebäbi edil zerur mahaly onuň öňüne düşen, oňa ýol görkezip bilen Saparmyrat Türkmenbaşysy bardy.
Saparmyrat Türkmenbaşy dünýäde bütinleý täze hilli şahsyýetdi. Onuň türkmenbaşyçylyk taglymatynyň döredijilik ýörelgesi diňe bir türkmen üçin däl, dünýäniň akyl ýörelgelerinde düýpli täze hadysadyr.
Asyrymyzyň beýik şahyry Gurbannazar Ezizowyň şeýle bir meşhur setirleri bar:

Şahyr däldir ulus-ili güýmänler,
Adamlary özgerdýänler şahyrdyr!

Bu iki setirde ruhuň durmuş bile aragatnaşygyndaky gaty uly kanunalaýyklyk tutulyp alnypdyr. Durmuşa güýçli täsir edip, onuň hilini üýtgedýän ruhy güýç hakyky diýlip hasap edilip bilner. Şahyryň bu hikmet şekilli sözlerini öz temamyza laýyklykda üýtgedibräk şeýle diýip bilerdik: Syýasatçy däldir ulus-ili güýmänler, Adamlary özgerdýänler syýasatçydyr.
Biz öz geçmişimizde: «Aý, bolýa-la, men öz döwranymy sürýänçäm, adamlary her hili pikirjiklere güýmärin-dä» diýip geçen näçe syýasatçylary bilýäris! Olaryň durmuşy özgertmäge Hudaý tarapyn berlen güýç-kuwwaty-da, beýtmek baradaky pikirleri-de ýokdy. Çünki diňe şu pikire gelmek üçinem näçe zat gerek!
Saparmyrat Türkmenbaşy adamlara halkara gatnaşyklaryny, dünýäni özgertjek akyl güýjüni berdi. Ol akyl-paýhas bir ulgama jemlenip, baky Bitaraplyk pelsepesi hem-de syýasy ýörelgesi görnüşinde jem boldy we kemala geldi.
Şeýdip dünýäniň ikinji bir esasy hem uly böleginde – Aziýa yklymynda adamzat taryhynda ilkinji baky Bitarap döwlet döredi.
Dünýäniň göwrümi giňedi, onuň ikinji dem alyş ýoly açyldy.
Aşgabat indi beýik hem gadymy Aziýanyň Bitaraplyk merkezi hem Bitaraplyk paýtagtydyr.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň bitaraplyk pelsepesi dünýäniň diňe bir syýasy däl, ruhy-ahlak keşbini we ahlaky ýörelgeleriň dünýä ykbalyny kesgitleýjilik mynasybetini hem üýtgetdi. Şahyr Halyl Kulyýew «Daglaryň üstünde daglar görünýär» diýip şahyrana keşpli hem täsirli aýdýar. Saparmyrat Türkmenbaşy dünýäniň içinde dünýä döretdi diýip, sözüň ylmy hem çeperçilik manysynda aýdyp bolar. Saparmyrat Türkmenbaşa baky Bitaraplygy Türkmenistana alyp berenligi, döwletiň özygtyýarlylygyny berkideni üçin ikinji gezek Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň dakylmagy-da tüýs ýerine düşen zatdy.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň baky Bitaraplyk pelsepesiniň hem syýasatynyň çuňňur taryhy-ruhy kökleri bar. Ol ruhy esaslar türkmen halkynyň edim-gylymlarynda, onuň ruhy sypatlarynda ýatyr. Türkmenlere açyklyk, özgeleriň ynançlaryna hormat goýmak, tebigy parahatlyk söýüjilik mahsusdyr. Özge milletlere kemsidiji garamak, dil, din, ýa bolmasa, gan tapawutlaryny çişirmek hem muny başga milletlere gatnaşygyň esasyna öwürmek türkmen häsiýetine mahsus däldir. Aslynda-da türkmenler dine hem din tapawutlaryna aýratyn ähmiýet berip durmaýarlar. Türkmen halkynyň müňlerçe ýyllaryň dowamynda dürli dillerden baş çykarandygy, biziň orta asyr edebiýatymyzyň köp dilli edebiýat bolandygy türkmende doganlyk-dostluk ruhy terbiýeläpdir.
Baky Bitaraplygyň taryhy-ruhy kökleri barada gürrüň edilende, nusgawy türkmen edebiýatyndan hem türkmen diliniň taryhyndan käbir mysallara ýüzlenesim gelýär.
XVIII asyryň meşhur türkmen şahyry Nurmuhammet Andalybyň «Leýli-Mejnun» dessany hemmelere bellidir. Dessanyň baş gahrymany Mejnun dünýä edebiýatynda üýtgeşik şahs. Meniň pikirimçe, onuň keşbinde türkmeniň ruhy pelsepeleri we milli sypatlary jemlenýär. Biz Göroglynyň ruhy taglymatynyň gürrüňini edenimizde «Dälilik teswirini» beripdik. Bu häsiýet sözüň ruhy manysynda göwnaçyklyk, hyjuwlylyk hem dünýä söýgüdir. Biz Mejnunda hem edil şu ruhy sypatlary görýäris. Mejnun yşgyň adamy. Yşk bolsa ähli dünýä mähir hem oňat niýet bile garamagy aňladýar. Mejnunyň çöllerde – sähralarda keýikler, gurt-guşlar bile hemdem bolup ýörşi ýadyňyzdadyr. Ol ýörite pul töläp, awçylaryň goluna düşen jerenleri halas edýär. Çünki onuň daşky dünýä gatnaşygynyň düýbünde söýgi hem külli janly-jandaryň gymmatyna düşünmek ýörelgesi ýatýar. Mejnun üçin hiç hili duşman ýok. Munuň özi türkmen gylyk-häsiýetiniň hem serhalynyň täsin sypaty we täsin pelsepesidir. Saparmyrat  Türkmenbaşynyň «Türkmenistan hiç bir döwleti özüne duşman hasap etmeýär» diýen pähimi şol täsinligiň döwlet ýörelgesi derejesine çykarylmagydyr.
Şeýle wakany ýatlalyň: serkerde Nowfyl Mejnuna ýüregi awap, Leýliniň atasyna garşy uruş edýär. Mejnun bolsa Nowfyla ýesir düşen esgerleriň gözlerinden ogşap aýlanyp ýör, onda ele ýarag almak hakynda-ha pikirem ýok. Ine, bitaraplyga taryhy-ruhy esas bolan türkmen ruhy!
«Il bolmak» sözleriniň ruhy pelsepesi hakynda öwran-öwran gürrüň etmegimiz ýöne ýere däl. Ýöne bu gürrüňi ýene dowam etdirmek pikirini mende dilçi alym Z.B.Muhammedowanyň kitaby gaýtadan döretdi. Şol asyrlaryň ylmy işleri esasynda alym «il» sözüne şeýle düşündiriş beripdir:

«Il– şäher, parahatçylyk (Zamahşary, 76 a)… il (Bulgat, 6) parahatlyk… Häzirki türkmen dilinde il – halk, parahatçylyk, onsoňam, şäher bolmaga çemli!
Bagdat ili munda galdy.
Şu söz bilen, megerem, şu many öwüşginleri-de baglanyşyklydyr. Il bolmak – ylalaşyga gelmek, ilçi…».

Diýmek, türkmen ili – parahatçylygy wagyz edýän ildir. Ilçi bolsa halklar arasynda parahatçylyga hyzmat edýän adamdyr. Munuň özi türkmeniň özge halklara gatnaşygynyň aýratynlygynyň onuň dilinde aýan bolmagydyr. Halkyň dili – onuň ýüregi diýilýär. Megerem, «ylalaşmak» sözüniň aslynda-da il diýen söz ýatandyr. Şonuň görnüşiniň bardygyny bilýäris. Döredijilik, söýgi hem-de ylalaşyk – türkmen Bitaraplygynyň ruhy esaslarydyr. Hut şonuň üçinem Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Türkmen edebiýatynyň taryhynda yz galdyran eserlere türkmeniň milli baýlygy hökmünde garamak gerek» diýen sözleriniň beýik ruhy manysy we ähmiýeti bardyr.

Edebi makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle