Saparmyrat Türkmenbaşy taglymatynyñ esaslary -1: Millet diýmek bitewülikdir
Saparmyrat Türkmenbaşy taglymatynyñ esaslary -1: Millet diýmek bitewülikdir
SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY TAGLYMATYNYŇ ESASLARY
1. Millet diýmek bitewülikdir
Millet – adamlaryň belli-belli ruhy esaslarda bir topluma öwrülmegidir. Diňe şol ruhy binýatlSaryna laýyklykda milletiň maddy, daşky bitewüligi kemala gelýär.
Saparmyrat Türkmenbaşy, "Ruhnama".
* * *
Saparmyrat Türkmenbaşynyň özbaşdak pelsepe hem dünýägaraýyş bolup duran Ruhnamasynda millet meselesi aýratyn orunda durýar. Onuň yglan eden hem gysga wagtyň içinde amal bolan Milli Galkynyş hereketi düýpli milli taglymata esaslanýar. Ol taglymatyň birnäçe jähetleri bolup, şolaryň biri-de milletiň ruhy kuwwatynyň onuň taryhy hakydasynyň çuňňurlygy bilen ölçenýänligi baradaky pelsepedir. Türkmeniň taryhy hakydasyny dikeltmegiň ähmiýeti barada Saparmyrat Türkmenbaşy gyzyldan gymmatly pikirleri bize miras galdyrdy:
«Milli Galkynyş, ilkinji nobatda, aslyňa göz ýetirmekdir».
«Biz häzir öz taryhymyzy dikeldýäris. Ol häzirki Milli Galkynyşyň köp sebäplerini düşündirmäge kömek edip biljek syrlaryň ençemesini açar».
«Milli buýsanç, milli galkynyş öz halkyň taryhyny öwrenmekden we bilmekden başlanýar».
Aslyňa göz ýetirmek biziň gürrüňimiziň çäginde taryhy pelsepewi pikirlenmäni aňladýar. Taryhy hakydanyň dikeldilmegi, ilki bilen, tema degişli esasy düşünjeleriň aslyny dikeltmek hem olary taryhy-pelsepewi taýdan teswirlemekdir. Eýsem-de bolsa, şu nukdaýnazardan, millet näme, ol haçan döräpdir hem nähili özgerişleri başdan geçiripdir?
Öňki marksistik nazaryýet milletleriň, esasan, feodalizmiň dargap, kapitalizmiň emele gelmegi bilen döreýändigini tassyklaýardy. Munuň özi adamzat taryhynyň maglumatlary bilen tassyklanmaýan, adamzadyň ruhy-milli ösüşiniň bütin çylşyrymlylygyny öz içine alyp bilmeýän tassyklamadyr. Iň bolmanda, beýle pikire eýerseň, onda XVI-XVII asyrlardan öň ýer ýüzünde millet diýilýän zat bolmandyr-da diýen ýöntem netijä gelmeli bolar.
Millet – ruhy hadysadyr. Şonuň üçinem ony jemgyýetiň maddy ösüş kanunlaryna kökerip goýup bolmaz. Gadymy eýýamlarda-da, orta asyrlarda-da güýji-kuwwaty Täze döwürlerdäki milletlerden egsik bolmadyk men diýen milletler ýaşapdyrlar. Umuman, ösüş diýen zadyň özüne seresap çemeleşmeli, munuň şertli aňlatmadygyna düşünmeli.
Wagtyň öňe gitmegi, adamzadyň maddy-tehniki taýdan ilerlemegi ruhy-milli ösüş bilen asla-da gabat gelmän biler. Aýdaly, jemgyýetiň müsürliler, ýunanlar ýa hindiler ýaly halklarynyň ösüş derejesi boýunça soňkulardan pesde ekenligini kim ýürek edip tassyklap biler? Her bir öňe gitmeklik ösüş däldir, onda-da maddy taýdan öňe gitmeklik. Millet bolsa medeni hadysadyr. Şonuň üçinem, milletiň döreýşi hem ösüşi maddy ösüşe gönüden-göni bagly däldir, megerem, hatda tersinedir hem. Maddy durmuş – sebäp, ruhy-netije diýen ýalňyş hem birtaraplaýynlygy bilen gödek taglymat milletiň döreýşiniň wagtyny hem sebäplerini dogry düşündirip bilmeýär. Onuň ruhuň madda baglydygy hakda gelýän netijeleri boýy uzyn adamyň boýy pese garanda adamçylygy gowudyr diýen ýaly bir zat bolýar.
Marksizmiň Gegelden alan spiral şekilli ösüş nazaryýeti milletleriň döreýşini dolulygyna göz öňüne getirmäge esas bolup bilmeýär. Sebäbi ol ösüşe birtaraplaýyn hadysa hökmünde düşünýär. Aslynda bolsa ösüş – munuň özi ikitaraplaýyn hadysa bolup, ol tesişi-de, yza gaýdyşy-da öz içine alýar. Adamzat taryhy hil taýdan daşgynly-gaýtgynly hadysadyr. Beýik milletler döreýär, ösýär, wagtyň geçmegi bilen dagynyk ýagdaýa düşýär. Emma onuň esasy ruhy binýatlary üýtgewsiz galan bolsa, onuň gaýtadan döräp, ýokary galyp gidibermegi-de bolmajak, akyla sygmajak zat däldir. Türkmen milletiniň taryhy-da hut şu hili daşgynly-gaýtgynly çylşyrymlylygy özünde saklaýan taryhdyr.
Türkmen milleti kaknus guş kibi bir zatdyr. Ýanyp küle öwrülýän kaknus guş öz külünden gaýtadan dörärmiş. «Şu guşuň owazy göýä sazyň tapylmagyna sebäp bolanmyş. Ol müň ýyl ýaşap, özüniň-de ýoldaşy bolmaýanmyşyn, garran mahalynda özünden nesil galdyrýanmyş. Özüni oda ýakyp, küle öwrülende, şol külüň aşagyndan geljekde guş döremeli ýumurtga peýda bolýarmyş».
Biz, elbetde, ruhy-pelsepewi pikir ýöredýäris.
Çünki milletiň özi-de şo hili hadysadyr.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamasyndaky millete bitewi ruhy hadysa hökmündäki garaýşy marksizmiň hökmürowanlyk ylmy galyplaryndan çykmaga hem-de meselä has giň jähetden garamaga puryja berýär. Ol adamzat, şol sanda türkmen taryhyny hil taýdan başgaça hadysa hökmünde göz öňüne getirmäge pelsepewi esas bolýar.
Eýsem-de bolsa, beýle esas diňe ruhy-howaýy garaýyş däldir. Ol hut adamzat taryhynyň köpdürlüliginden hem çylşyrymlylygyndan gelip çykýar.
Anyk taryhy jähetden pikir ýöredeniňde, şuny aýtmak bolar: birnäçe alymlar milletiň kemala gelmegini bütin halk, millet möçberindäki döwletiň berkarar bolmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Hatda ýarym rowaýat, ýarym hakykat şekilli taryhy gürrüňlere däl, hut anyk taryhy ýazgylara esaslananyňda-da, baryp VI asyrda oguz-türkmen döwletiniň amal bolandygyny biz çekinmän aýdyp bilýäris. Meniňçe, şol döwürde-de türkmen milletiniň kemala gelip ugrandygy barada taryhy esasly gürrüň edip bolardy. Dogrusyny aýdalyň, biziň içimizde entegem mankurt otyr! Ýogsam bolmasa, men «kemala gelip ugrady» diýmän, «gutarnykly amal bolupdyr» diýmeli ahyryn. Sebäp diýeniňde VI asyrdaky daş ýazgylarynda «oguz» sözi halkyň ady hökmünde gelýär, islendik halk bolsa, alymlar aýtmyşlaýyn, öz adyndanam has uludyr.
«Emma islendik milli at entek halk, millet däl ahbetin» diýmegiňiz mümkin. «Gaty dogry diýýärsiňiz» diýip, men öz tarapymdan aýdardym. Oguz sözi bolsa oguz ýazgylarynda hut halk, millet manysynda gelýär. Munuň özi geň zadam däldir. Eger döwlet milletiň amal bolmasynyň esasy şekili bolýan bolsa, eger millet – hojalyk, dil, ruhy, arazawy, dini ynanç, däp-dessur görkezijileriniň bitewüligi bolýan bolsa, onda VI-VII asyrlaryň oguz-türkmen ýazgylary muňa doly güwä geçýär diýip bolar.
«Emma hakykat baş düşünjelerde ýüze çykýar hem amal bolýar, siziň gürrüňini edýän ýazgylaryňyzda halk, millet sözleri barmy näme?» diýip, siz ýene sorarsyňyz. «Gaty dogry soraýarsyňyz» diýip, men ýene öz tarapymdan aýdardym. Emma soragyň dogrulygy taryhyň dogrulygyndan bihabardyr. Ýetmiş ýylyň rusça pikirlenmesine endik eden türkmen aňynda halk – narod, millet – nasiýa düşünjeleriň taýy hökmünde göz öňüne getirilýär. Emma geçen asyra geçeniňde-de ol sözler başga düşünjeler bolup durýar. «Halk», meselem, nusgawy edebiýatda we pelsepelerde ýaradylan materiýany aňladýan pelsepewi düşünjedir. Millet bolsa orta asyrlarda dini-milli birlik manysynda ulanylypdyr. Onuň mezhep manysy-da bolupdyr. Meselem, dini kitaplarda grek-prowoslaw milleti, ermeni-grigorian milleti diýen jümleler ulanylypdyr. Beýik Magtymgulynyň:
Ýetmiş iki millet bölek-bölekdir,
Bu bölekden goşma özge bölege
– diýen belli setirleri-de mezhep manysyny berýär. Çünki onuň aňyrsynda Muhammet pygamberiň meniň ymmatym ýetmiş iki ugra bölüner, şonuň biri dogry, beýlekileri ýalňyş ýol bolar diýen hadysy ýatýar. «Millet» sözüniň häzirki manysy bolsa has soňraky döwrüň önümidir.
Oguz ýazgylarynda beýan edilýän oguzlaryň syýasy, harby, ruhy hem dil bitewüligi milletiň kemala gelendigine juda esasly hem anyk şaýatlyk edýär. Hatda soňky döwürlerde – orta asyrlarda hem Täze döwürde halk manysyny beren «il» sözi oguz ýazgylarynda has giň manyly düşünjedir. Il-halklaryň birleşigidir.
Şeýlelikde, türkmeniň milli-ruhy, milli-taryhy geçmişinde halk, millet bütindir, ýagny bitewülikdir. Şu manyda türkmen-oguz sözi hemişe milleti aňladyp gelipdir.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasy öňki aňyýet galyplardan çykmaga nazary mümkinçilik döredýär. Täze ýörelgeleriň esaslandyrylmasy bolsa, şu ugurdan çörek iýýän alymlaryň gerdenine düşýär.
Çörek garna, ýük gerdene düşýär.
Emma esasy zat ruhuň çykýan hem ruhuň düşýän ýeri bolan ýürekdir. Ele galam alýanyň şu hakda oýlanmagy gerek.
Gepiň esasy akymyndaky hökmany aýtmaly zat şu – biziň ýetmiş ýylda «plemýa» hem «rod» düşünjelerden göçürip, özümizçe many beren tire-taýpa aňlatmalarymyz-da türkmen milli-ruhy taryhynyň sähralarynda biziň aňymyza bagly bolmadyk manylarda ýaşap gelipdirler. «Plemýa» adalgasy Gündogaryň milli çylşyrymlylygyny düşündirip bilerden juda ejiz düşünjedir. Birinjiden, taryhy nukdaýnazardan alanyňda, «plemýa» halkyň öň ýanyndaky bir bitewüligi, toplumy aňladýan bolmaly. «Plemýanyň» dargamagy netijesinde millet, halk emele gelýär diýip düşündirýärler. Emma türkmeniň «taýpasy» halk, millet bilen bir wagtda-da, hatda millet dargansoňam ýaşap bilýän bir hadysa bolupdyr. Diýmek, «plemýa» hem «taýpa» düýp tebigaty boýunça başga-başga hadysalar bolup, olara manydaş diýip düşünmek türkmeniň ruhy-milli taryhynyň ýalňyş düşündirilmegine hem göz öňüne getirilmegine sebäp bolup biler. Ikinjiden, «plemýa» bir bitewülik bolmaly. «Taýpa» bolsa hemişe we hökmany suratda diňe bölek diýmekdir. Häzirki dilimizde işeňňir ulanylýan «tire» diýmegem bölek diýmekdir. Bölek mantyk taýdan hökmany suratda has uly bitewüligiň bardygyny göz öňünde tutýar. Geliň, öz hususy duýgularymyza kökerilmän, bular barada ylmy kitaplardan düşündiriş alalyň: «Taifa, köplük sanda tawaif (asyl manysy «bölek», «paý») – jemagat, topar, gurama» (J.Trimingem) , «Tire – bölek, taýpa; tire-tire – bölek-bölek» (A.Meredow, S.Ahally).
«Munça mus-mus nämä gerek?» diýip sorarsyňyz. Birinjiden, öz mazmunyňa dogry düşünmek isleýän bolsaň, özgäniň akylyndan çem gelen zatlary alybermegiň howpludygyna düşünmek üçin gerek. Ikinjiden bolsa, biziň tire-taýpa diýýänimiz özbaşdak milli-taryhy ýa bolmasa, ruhy-dil bitewülik däldir, ol milletiň bir hil taýdan tapawutlanýan däl-de, diňe mukdar taýdan tapawutlanýan tebigy düzümidir. Ol bary-ýogy bölek diýmekdir. Şonuň üçinem «plemýadan» tapawutlylykda milletiň içindäki taýpalar ruhy, antropologik taýdan bir esasa daýanýar.
Taryhyň ýakymsyz hokgalary sebäpli olaryň arasynda diňe bir aýralyk – Magtymguly aýtmyşlaýyn, supra aýralygy bolup biler. Bu bolsa taryhy daşky aýralyk däl-de, adamlaryň içki erkiniň ygtyýaryndaky tapawutdyr. Türkmenleriň milli taýdan sarsmaz bitewüligine olaryň aňynyň bir durmuşy ahwalaty şaýatlyk edýär: türkmen aňy hemişe «tire» bile «taýpany» gatyşdyrýar. Näme üçin? Sebäbi türkmeniň özi üçin bularyň bary-da bir zat – bir bölek, türkmeniň bir düzüm bölegi.
Adalgalaryň garym-gatymlygy şu ylmy kitaplardan hem görünýär. «Tire» (taýpa) näme diýen sowala jogap beräýmek örän kyn. Bu adalgalar XIX asyryň ahyrlarynda we XX asyryň başlarynda türkmenlerde öz takyk manysyny ýitirip, urug diýilýäni-de (rod), onuň ownuk bölümlerini-de, birentek halatlarda bolsa birnäçe urugy birleşdirýän topary-da alamatlandyrypdyr» (W.Basilow). Alymyň soňky sözüne weli takyklyk girizmeli: türkmenlerde bu adalgalar hiç mahalam anyk, gutarnykly manyny aňlatmandyr. Çünki şolaryň aňyrsynda ýatan milli amalyýetleriň özi anyk bolmandyr, olar, aýdaly, milletiň bitewüligi ýaly anyk hem gutarnykly zat bolman, taryhy şertlere laýyklykdaky syýasy ýa-da hojalyk dagynyklygyny alamatlandyrypdyrlar. Ol daşky dagynyklyk hem has düýpli, içki birlik – ruhy, dil, dini, gan, arazawy bitewülik sebäpli milletiň dargamagyna geçip gidäýmändir. Eger türkmen hil taýdan başga – «plemýalardan» ybarat toplum bolanlygynda bir wagt ýitip giderdi.
Munça bolanyna görä, ýene bir abraýly işe salgylanalyň. Özem rus dilinde ýazylan bu işden mysaly terjime etmän bermeli. Sebäbi ony terjime edip bolmaýar, çünki «plemýa» «taýpa» däl. Eger bu ikisini bir-biri bilen terjime etseň, onda biziň tutunýan pelsepewi ýörelgämiziň manysy ýitýär. Şo durşuna getirsek bolsa, onda gürrüňiň derwaýyslygy, esaslylygy hasam göze dürtüler durar:
«Popytki uçýonyh uporýadoçit terminologiýu rodo-plemennoý struktury u turkmen poka ne dali položitelnyh rezultatow. U nih net ýedinogo mneniýa o sootnesýonnosti odnogo i togo že termina k opredelýonnomu zwenu. Naprimer, A.Karryýew i Roslýakow predlagaýut sleduýuşiýe terminy dlýa oboznaçeniýa otdelnyh zwenýew rodoplemennoý iýerarhiçeskoý lestnisy swerhu wniz: taýpa – samostoýatelnoýe plemýa, urug – koleno, tire – rody… U G.Nepesowa drugaýa terminologiýa taýpa plemýa uly tire – bolşoýe koleno, kiçi tire – maloýe koleno, urug rod… Po G.Karpowu, rodoplemennaýa iýerarhiýa dolžna oboznaçatsýa sleduýuşimi terminami taýpa oba, urug tire birata… Wo wtorom tome solidnogo etnografiçeskogo izdaniýa «Narody Sredneý Azii i Kazahstana (M.Nauka, 1963) priwedena sowerşenno drugaýa terminologiýa: taýpa il, tire urug, kowum» (S.Atanyýazow).
Alymlaryň başy garjaşýar. Başyň garjaşyklygy daýanjyň gowşaklygyndan habar berýär. Munuň özi nädogry, nälaýyk ruhy-pelsepewi ýörelgeden ýa şeýle ýörelgäniň ýoklugyndan gelip çykýar. Ilki bilen, türkmeniň taryhy durmuşynyň onuň taryhy hereketdäki ruhunyň aýratynlyklaryndan ugur almaly.
Meseläni, ilki bilen, has giň möçberde – Saparmyrat Türkmenbaşynyň ruhy taglymatynyň möçberinde çözmeli. Ol bolsa halkyň, miletiň içki taýdan bitewüligine – ruhy bitewüligine esaslanýar. Onsoň taryhyň belli-belli pursatlarynda täze çykan daşky bölünişik – tire-taýpa diýilýäni wagtlaýyn, ujypsyz zat bolup galýar. Halkyň syýasy bitewüliginiň ýoklugynyň hasabyna çişirilen mukdar tapawudy bolup galýar. Hut ikinji derejeli zat bolany üçinem müňýyllyklaryň dowamynda tire-taýpalar döräp, ýitip gidipdirler, türkmen halky bolsa hiç mahal ýitip gitmändir. Bu hakda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taglymatynda şeýle ruhy-pelsepewi ýörelge bar:
«Türkmen halky hernäçe kynçylykly döwürlerde-de belli bir derejede özüniň ynanç, edep-ekram, däp-dessur gönezligine wepaly bolup galypdy. Şeýle wepalylyk türkmen halkynyň medeniýetiniň we milli däp-dessurlarynyň ýitmän, biziň günlerimize onuň belli bir böleginiň gelip ýetmegine şert döredipdi».
Hut şeýle düýpli – ruhy esasa daýanýandygy üçin hem türkmen milleti bütewi hem bölünmez bolupdyr. Daşky taryhy-hojalyk hem syýasy taýdan amatsyz şertler ony bölünmeklige tarap çekse, içki ruhy birlik ony bitewülige tarap has güýçli dartypdyr. Çünki iň uly güýç ruhy dartyş güýjüdir.
Indi bolsa Saparmyrat Türkmenbaşynyň syýasy erki bilen amatsyz daşky şertleriňem soňuna çykyldy. Türkmen halky syýasy bitewülige – döwletlilige eýe boldy. Munuň özi iki müňýyllyk milli taryhda iň uly hem iň şanly taryhy hadysadyr.
Şeýlelikde, biz türkmen milli ruhy-taryhy aýratynlyklarynyň birini – bu milletiň barlygynda «tire-taýpa» diýilýän hadysanyň hemişe ikinji derejeli bolandygyny, olaryň mazmunynyň diňe şu halka mahsusdygyny, özge akyldan gelen düşünjeler bile aňladyp bolmaýandygyny gördük. Bu hadysalary dogry aňlatmak üçin täze, hut türkmen paýhasyndan çykan aňlatmalar hem pikir ýöretmeleri zerurdyr. Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Biziň öz ýolumyz bar» diýen dünýägaraýyş ýörelgesine degişli meselede men hut şu hili düşünýärin.
Diýmek, milletiň ruhy gönezliginiň üýtgewsizligi türkmeniň dargamagynyň, ýitmeginiň öňüni alyp duran içki guraly bolupdyr. Hut şol milli üýtgewsizlik belli bir derejede müňýyllyklaryň dowamyndaky san-sajaksyz tireleriň, taýpalaryň üýtgemeginiň, ýitmeginiň hasabyna saklanypdyr. Munuň özi täsin milli-ruhy hadysadyr. Şu ýerde bir zady aýratyn nygtamak isleýärin: Tireler, taýpalar doglup, döräp, soňam ýitip dur, köne taýpalar täzeleriň içinde eräp gidýär, köneleri täzeler «ýuwudýar», hut şu «ýuwudyşyň» hasabyna-da milletiň durky hem mazmuny üýtgewsizligine galýar. Bir wagtky uly taýpalar häzir kiçijik tireler bolup taýpanyň düzüminde otyrlar, birwagtky kiçijik tireler bolsa häzir uly taýpalar hökmünde tanalýarlar. Oguz hanyň ýigrimi dört agtygyny alamatlandyrýan men diýen ýigrimi dört taýpasy häzir nirede?! Elbetde, türkmen halkynyň içinde, has soňraky dörän taýpalaryň düzüm bölegi bolup galypdyrlar. Gaýylar hem dodurgalar gökleňiň içine siňdi, ýazyrlar garadaşlylaryň, alilileriň düzümine, salyrlar teke, ýomut, ärsarylaryň içinde galdy, has kiçijik tireler bolup galanlar-da bar. Näme üçin şeýle bolýar? Munuň aňyrsynda türkmeniň ruhy bitewülik kanuny ýatýar. Ol «ýuwutmak» kanunalaýyklygyny döredýär. Eger bir taýpa güýçlenip-güýçlenip, milli bitewülik serhedinden çykaýsa, munuň özi milletiň durkunyň ýoýulmagyna getirmegi mümkin. Şonuň üçinem birhililik bilen ony täze döräp ugran taýpalar «ýuwudyp», öz içine siňdirip başlaýar.
Her bir hakykatyň çöwre ýüzi bolýar. Türkmeniň hemişelik derdi hasaplanyp gelnen agzalalygyň çöwre ýüzi – munuň özi milletiň ruhunyň üýtgewsizligi, onuň gönezliginiň üýtgewsizligidir. Garaşsyz Türkmen döwletiniň döremegi bilen ol ruhy esas hasam berkedi.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň öňden gelýän tire-taýpa düşünjesi barada anyk ýörelgesi bar: tire-taýpa gürrüňi taryhda galsyn. Türkmeni tire-taýpa bölmek bolmaz. Türkmen türkmene dogandyr. Türkmen bir jan, bir ten bolup agzybir ýaşamaly, işlemeli. Türkmen aýrylmaz düşünjedir. Türkmen dünýä halklaryna birligiň nusgasy bolmalydyr. Saparmyrat Türkmenbaşynyň bu adyl syýasatyny külli türkmen goldanýar.
Türkmen halkynyň güýç-gaýraty onuň bir jan, bir tenligindedir, agzybirligindedir, doganlygyndadyr.
Edebi makalalar