|

Bir setir goşgy

Bir setir goşgy

BIR SETIR GOŞGY 

Sen ýatyrsyň 
Men bolsa bir otagda 
Göwne düşüp 
ýatlamalar 
               yşgalaň 

gözlerimi sürtüp 
setirleriňe, 
manysynyň maýasyndan, çuňundan
bir goşgynyň setirlerini 
çyrmaýan …
men goşga başlaýan .

men goşga başlaýan 
ýekeje setir!
Käte doňup galan, 
Şol ýeke setir 
Sözleň  saldamynda 
Iň  uly möçber! 
Maňa 
şol möçberde 
ýazyp bilmäge, 
diňe sen ezizim 
 sen maňa güýç ber.

Seň üçin
Dünýänyň  Söz baýlygyndan, 
Tapyp bilsem 
Diňe ýekeje setir.
Merjen deý balkyldap durardy asyl
Ençeme asyr. 

Ertiriň ölçegin 
Aýdyp biljek däl!
ol söýgide bir näbelli
 Möçberdir…
Ýöne seni öňkilerden artykmaç
Düýnkiden has beter 
Söýmäge güýç ber. 
                                                 

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle