|

Altyn zynjyr

Altyn zynjyr

ALTYN ZYNJYR

Şahyr kakan wagty ýürek taryna,
Çyzyk çekýär gara kalbyň baryna.

Kapyýa gözleýär ýagşydan ýagşy,
Ol şonda unundýar dünýä-durmuşy.

Teni goýup gidýän jan bolýar şahyr,
Dagy deşip, ondan zer alýar şahyr.

Der döküp, kän tapmak şahyryň işi,
Zerşynas bolýandyr her şahyr kişi.

Göwheri daşlaryň içinden tapýar,
Şahyryň elinde telim göwher bar.

Göwherler ýalbaryp atar öwüşgin,
Emma şahyr kişi hemişe misgin.

Kanagatly adam bolýar bagtyýar, 
Ýagşylyk talap et, ýagşy kişi bar.

Ýamandan daşda dur, giňdir ýer-meýdan,
Ýalana şygyrdan bolmaz bir peýda.

Göwhere diýerler her gowy şygyr,
Emma ol göwherden gymmat hem agyr.

Söz giden dünýädir, manysy giňdir,
Muny aňmadygyň ahwaly teňdir.

Goşgy suw dek aksyn, goý tolkun tursun,
Çynyň ýüpegi dek lowurdap dursun.

Sözi söze çatýan ähli kapyýa,
Emma kapyýa hem gerekdir haýa.

Ýene-de aýdýaryn, kalplaryň yşky,
Hemişe döredýär nurana goşgy.

Yşk nurundan önýär pelegiň raksy.
Yşk nurundan önýär şygyr gowusy.

Şygyr hem tagamdyr, gulak sal, Jamy!
Hödür etme ile duzsuz tagamy.

Abdyrahman JAMY.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle