Ahmet Kesrewi
Ahmet Kesrewi
AHMET KESREWI
Ahmet Kesrewi, eýranly taryhçy we syýasatçy alym.
■ Ömri we döredijiligi
Ahmet Kesrewi 1890-njy ýylyñ 29-njy sentýabrynda Töwrizde dogulýar. Azerbaýjanyñ taryhyna degişli ähmiýetli kitaplarynyñ bardygyna garamazdan ol azerbaýjanlylaryñ arieslere degişlidigini subut etmäge çalyşypdyr.
Üç tomluk "Eýranyñ progressiwleşmeginiñ taryhy" kitabynda 1905-11-nji ýyllarda Eýran rewolýusiýasynyñ taryhy öwrenilýär. "Näbelli hökümdar", "Azeriler we azerbaýjanlylaryñ gadymy dili" ýaly birnäçe eserleri bar.
Ol eserlerinde Azerbaýjanyñ taryhyna giñden ýer berýänem bolsa, özi Eýran milliýetçiliginiñ tarapynda bolupdyr we Eýranda ýaşaýan azerbaýjanlylaryñ parslaşdyrylmagy ýaly asla ylalaşyp bolmajak pikirleri öñe sürüpdir.
■ Azerbaýjanlary türki kowumlardan aýyrmaga çalyşypdy…
1921-nji ýyldaky "Azeriler we azerbaýjanlylaryñ gadymy dili" kitabynda azerbaýjanlylaryñ türki kowumlara degişli ýeriniñ ýokdugyny orta atýar we azerbaýjan diliniñ hem türki dilllere däl-de, aslynda Eýran dillerine degişli hasap edýär.
Onuñ pikirine görä, azeriler seljuk türkmenleriniñ Eýrana aralaşmagy netijesinde türkmenleşenmişin.
Ahmet Kesrewi Demirgazyk Azerbaýjanyñ aslynda Albaniýa bolandygyny aýdýar, oña görä Araz derýasynyñ demirgazygynda hiç haçanam Azerbaýjan diýen ýurt bolmandyr. Bu ýurda Azerbaýjan ady Mehmet Emin Resulzada tarapyndan berilenmişin. Ýazyjy hakyky Azerbaýjanyñ häzirki Eýranyñ çäginde galan Günorta Azerbaýjandygyny öñe sürýär.
Ahmet Kesrewi birnäçe nesil bäri ymamlyk edip gelýän maşgalada kemala gelýär we onuñ özi hem 20 ýaşynda ymamlyk edip başlaýar. Emma özüni alyp baryşy, edýän çykyşlary, geýnişi ruhany gatlaklar tarapyndan ýazgarylýar.
Ol "Gurhany" ýatdan bilipdir, daşyndan aklawjylyk käri bilenem meşgullanypdyr. Ymamlygy taşlandan soñra Töwriziñ amerikan kolležinde arap dilinden okadýar we ol ýerde iñlis dilini hem özleşdirip ýetişýär.
■ Kitap ýakmak baýramy
Kesrewiniñ tarapdarlary ýazyjynyñ öñe süren düşünjeleriniñ täsirinde kesrewi tarykatyny emele getiripdirler. Kesrewiler iñ uly baýramçylyklary hökmünde her ýyl Nowruzdan öñ dindäki hurafalary (bozuk we ýalñyş ynançlary) ündeýän we adamlaryñ añyny üýtgetmäge çalyşýan kitaplary köpçülikleýin bolup ýakmak baýramlarydyr. Bu baýramy Ahmet Kesrewiniñ özi yglan edipdir.
Ahmet Kesrewi Eýranyñ iñ uly problemasynyñ dil, din, etniki köpdürliliginden gelip çykýandygyny öñe sürmek bilen pars dilini we yslam dinini özleriçe arassalamagy maksat edinipdir.
■ Garaýyşlary öz ölüminiñ sebäbi boldy
Ahmet Kesrewi hut şunyñ ýaly, milli agzybirligi we jebisligi berkitmegiñ deregine, gaýtam milli bölünişigi gorjaýan düşünjeleri ýaýradýar hasap edilip, 1946-njy ýylyñ 3-nji martynda Aýatolla Borujerdiniñ we Aýatolla Sadyryñ fetwalary arkaly Newwab Sefewiniñ ýolbaşçylygyndaky "yslam pidaýylary" tarapyndan Tähranyñ Adalat köşgüniñ zalynda öldürilýär.
■ Her niçigem bolsa, ussatlygyna söz ýok…
Ahmet Kesrewi pars, azerbaýjan, türk, arap, iñlis, ermeni, esperanto dillerini suwara bilipdir. Eýran hökümeti tarapyndan häli-häzirlerem eserlerini okamak gadagan edilen ýazyjylaryñ sanawyna girýändigine garamazdan, onuñ "Azerbaýjanyñ 18 ýyllyk taryhy" kitaby Eýranyñ ýokary okuw jaýlarynda esasy gollanma kitaby bolup gelýär.
■ Kitaplary:
1). "Azerbaýjanyñ 18 ýyllyk taryhy";
2). "Eýranyñ progressiwleşmeginiñ taryhy";
3). "Undulan patyşalar";
4). "Huzystanyñ 500 ýyllyk taryhy",
5). "Ýolbarsyñ we Günüñ taryhy";
6). "Şeýh Safy we şejeresi";
7). "Azeriler we Azerbaýjanyñ gadymy dili";
8). "Şaýylyk";
9). "Behaýylyk";
10). "Sopyçylyk" we başgalar…
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly