|

Goşgymdan haýyş

Goşgymdan haýyş

GOŞGYMDAN HAÝYŞ

Gijäň tümlügini böwsüp iki ýana,
Edil däri ýaly ýarylsaň diýýän!
Gamly ýürekleriň teşne dodagna 
Şatlyk gatra bolup syzylsaň diýýän.

Uly ile hemra bolgun togtaman,
Batly gadamlaryň akymna tolkun. 
Ile giýa bakan gözleri tanap
Şolaň penjesinden aljak bol erkiň. 

Sähelçe tarypa  gülme, gomparma.
Şöhrat diýilýän zat tapar danasyn. 
Onuň basan yzyn bassaň bigümän, 
Seň döşüňden göçer uly namysyň.

Agyr heňňamlaram duş geler saňa, 
Kötel ýollara-da düşersiň hökman, 
Ýöne açyk meýdan gujagyn açsa 
Bialaç  durmagyn ile birikmän.

Çökgün ýürekleriň şypasy bolgun,
Olaň her alkyşy  ýasar durkiňi.
Iliň meýllerini seljer, ýol açgyn, 
Arzan satma her setiriň nyrhyny.

Galp adamlary aç-açan paş et. 
Nejis ýüreklere salgyn ýüz ýara. 
Duşman garşysyna öň hatara gir,
Garaz öz iliňi etme ýüz gara.

Halal zähmet bilen rahnatyň agtar. 
Taýýar aşa asla gurmagyn duzak.
Nebis penjesinden  ýeke-je çümmük 
Duz datmak ynsapdan uzakdyr-uzak!

Gapur HOJA.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle