|

Isgender sypatly sözler

Isgender sypatly sözler

ISGENDER SYPATLY SÖZLER

Doglanymda näme üçin aglandygyma ýaşap ýörkäm düşündim.

* * *

Aý her gije başga şekile girip biler, emma meniñ saña bolan söýgim asla üýtgäp bilmez…

* * *

Söýgi diýlen zat: dodaklardaky şatlyk uçganaklary däl-de, gözlerdäki ýaşdyr, maksat — söýgüliñ ugrunda ölmek däl-de, ugrunda ölmäge mynasyp ýar tapmakdyr…

* * *

Ir bilen oýananyñda aýnanyñ öñüne geçip, ilki bilen özüñe ýylgyryp bak. Soñra sen müñlerçe ýüzde görersiñ ol ýylgyryşyñy…

* * *

Her kim jennete gitmegi arzuw edýär, ýöne hiç kim ölmegi islänok..

* * *

Hernäçe adama degip-dolaşmasamam, şahamy döweniñ öz agajyny welin kökünden goparyp taşlaryn..

* * *

Ölmek mesele däl welin, kepen geýmek edähedim däl… (Al Kapone).

* * *

Adalatsyzlygyñ garşysynda dymsañ, adalatyñ bilen birlikde at-abraýyñy-da elden giderersiñ.

* * *

Ne-hä han bol, ne-de patyşa. Hiç kim bol-da ömür sür!

* * *

Durmuş amanat berlen zat bolsa taşlap giden ýerinde durys, durmuş oýun bolsa ol oýuny oýnamakdan çetde durmarys, durmuş eger söýmek bolsa, ölýänçäk söýeris.

* * *

Söýgä ene-ata hökmünde seretdim, ol meni ýetim goýdy…

* * *

Aglandygymy hiç kime aýtma eje, olar meni patyşadyr öýtsünler, gaharym gelende dünýäni ýumurjagymy gowy bilýändirler. (Al Kapone).

* * *

Alma meni garşyña, gan goşular gözýaşyña…

* * *

Söýmek üçin telbe bolmak, ölmek üçin ýürekli bolmak gerek…

* * *

Biziñ sözümiz dosta Süýji, duşmana Gurşun, namarda Hanjar, merde Jandyr, dosta Pida, duşmana Beladyr. Dostlugymyz Belentdir, ölýänçäk ne alynar, ne satylar.

* * *

Zäherli ýylandan gorkma, bu älemiñ dälibaş ýigitlerinden gork.

* * *

Göwrelerimiz kiçelse-de, mertebämizi kiçeltmäge hiç kimiñ güýji ýetmez.

* * *

Söýgi-de bir gün gutarar, dert hem bir gün gutarar. Oýunbazlygyñ nämä geregi bar?!. Erkek bolalyñ erkek…

* * *

Tilki ýaly dostuñ bolandan ýolbars kimin duşmanyñ bolsun.

* * *

Her eline tesbih alyp pyrlaýan mafiýa bolýan bolsa ymamlar mafiýa bolardy. (Al Kapone)

* * *

Dert suprasyndan bal iýdik, baş berdik baş egmedik.

* * *

Kepensiz ölülerimi kalbyma jaýladym.

* * *

Daglar öñümde eglip durka, gaýalara ýalbarmaryn.

* * *

Ajal gelen wagtynda ýanymda bolma! Biz ýakynlarymymyz üçin Ezraýyl bilenem "Hasap kitabyny" ýöredýändiris… (Al Kapone)

* * *

Durmuşda üç zat yzyna gelmez:
1. Atylan ok;
2. Ölüm;
3. Geçen wagt.

* * *

Biziñ eliýukalykdan syrmadyk sakalymyz indi gurply adamlañ çagalaryna ösdürmek ýoñ bolupdyr. (Al Kapone)

* * *

Biz ýakynlarymyzy gül dessesi ýaly elimizde däl-de, gurşun ýarasy ýaly ýüregimizde göterýäris..

* * *

Geldi-geçer höweslere däl-de, mynasyba nepes bolaryn.

* * *

Her kimiñ şemallanýan ýerinde meniñ tupanym öwser… (Al Kapone)

* * *

Sen kim bolsañam, meniñ ýanymda akyllyja bolsana… (Al Kapone)

Toplan: © Kitapçylar

Sözler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle