|

***

*** ***
Jylawlajak bolup sergezdan seri,
Tapsam diýip atlanmankam hyýala,
Arzuw-umytlarmyn bar wagty teri,
Janyma nos wagty meýli pyýala.

Esdilmeýän wagty dünýäniň gohy,
Gozlerimde göripligin ýok wagty,
Bolan bolup ýorkäm özümçe sahy,
Mende-de bar diýip Hatamyn tagty.

Söýgi paýlan wagtym gysylman beter,
Aşyk bolsam magsuk wagty gozeller,
Bolan wagty pikirlerim elýeter,
Ýeňil ýazlan wagty sygyr-gazallar.

Maýyl bolyp juwanlygyn alyna,
Deň garadym saglara-da, hassa-da,
Başym gosman bu dünýäniň aňyna,
Gözüm gypdym wagtym a:tly gassaba. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle