Nyzamy Genjewiniñ setirlerinden
Nyzamy Genjewiniñ setirlerinden
 * * * 
 Ýürekden dogan söz ýeter ýürege.
 * * * 
 Galama gerekdir şeýle söz almak ~ 
 Paýhasdan, akyldan bolmasyn uzak. 
 Parlak hünji kimin düzülen sözler 
 Akyla sygmasa, ýalana meñzär. 
 Dogryga azajyk meñzeýen ýalan 
 Ýagşydyr ýalana meñzän dogrudan.
 * * * 
 Sözleriñ şasynyñ bir mysaly bar, 
 Ne gözel söýlemiş: «Agtaran tapar!»
 * * * 
 Düşünjesi, akly saglam bolan kes 
 Bimany sözleri sözlemezmiş, bes.
 Gahar edende, dili sabr etse biraz, 
 Tutan bir işinden puşeýman bolmaz.
 * * * 
 Ne gözel söýlemiş gadym bir eren: 
 «Dil etden döräpdir, gylyç demirden». 
 Özüne, özgäýe bolmaz mähriban, 
 Diline geldigin sözleýän ynsan.
 * * * 
 Her söz öz ýerinde bolarmyş gözel, 
 Agaç bar getirmez wagtyndan ozal.
 * * * 
 Biwagt gygyran horazyñ başyn 
 Ýiti pyçak ýetip, tiz alarmyşyn. 
 Dilini bagla ki, elde galsyn baş, 
 Diliñ gury bolsa, akmazmyş gözýaş. 		 	  Sözler
