| |

Görogly taglymatynyñ esaslary -6: Köweklik teswiri

Görogly taglymatynyñ esaslary -6: Köweklik teswiri

6. Köweklik teswiri

Durmuşda adamyň mümkinçiligi hem-de jogapkärçiligi nähili?
Nämäni adamyň özi gazanýar, nämäni oňa Hudaý berýär?
Bu sowallar gaty ir döwürden bäri adamlary gyzyklandyryp gelipdir. Muňa erkiň azatlygy meselesi diýip at beripdirler.
Şu meseleleri Göroglynyň şahsyýeti arkaly göz öňüne getirmek türkmeniň olara garaýşyny anyklamaga kömek ederdi.
«Göroglynyň döreýşinde» şeýle owadan waka bar:
«Röwşen:
– Hop, ýagşy – diýip, bir gömme çörek bişirip, ýaryny atasyna berip, ýaryny guşagyna salyp, taýynyň yzyny alyp, kybla tarap ötägitdi. Iki gün ýol ýöräp, üçülenji gün bir çynaryň teýine bardy. Barsa, bir aksakgal baba namaz okap otyr. Baryp namazyna uýdy. Hupdan on iki kişi boldy. Ýarym gije kyrk kişi boldy. Daňa ýakyn üç ýüz altmyş erenler şu ýerde jemlenişdiler. Bu-da ýadap baran oglan, bir çetde uklap galyberdi… Erenler maslahatlaşyp, Röwşeni ýatan ýerinde beýhuş etdiler. Garnyny ýaryp, içini-bagryny arassalap, içini nurdan dolduryp, ýene jaýma-jaý goýup, barça erenler pata berdiler. Röwşen asgyryp ýerinden turdy. Oňa kyrk-da bir jam şerap berdiler. Ony içip, mes bolup, Röwşen ýene ýykyldy. Ýene erenler pata berdiler. Ýene asgyryp ýerinden turdy. Soňraky turanda «Dat, taýym!» diýip turdy».
Şu ýerde iki pursada ünsi çekmek isleýärin. Birinjisi – Röwşeniň uklamagy hem-de beýhuş edilmegi. Dünýä edebiýatynyň iň irki eserlerinde bu pursat uly many aňladypdyr. Munuň özi gadymy adamlaryň ruhy durmuşy bilen – erkeklige kabul edilmegi bilen baglanyşykly bolupdyr. Bu däbiň manysy barada dünýä belli alym W.Ý.Propp şeýle ýazypdyr:
«Erkeklige kabul etmek urug gurluşyna mahsus dessurlaryň biridir. Bu dessur jyns kämilligine ýetilmegi bilen berjaý edilipdir. Şu dessur arkaly ýigit urug birleşigine alnypdyr, onuň doly hukukly agzasy bolupdyr hem nika baglaşmak hukugyny edinipdir. Bu dessuryň durmuşdaky wezipesi şeýledir… Dessur berjaý edilýän wagtynda oglan ölýär hem-de soňra täze adam bolup dogulýar hasaplanypdyr. Bu – wagtlaýyn ölüm diýilýänidir».
Alymyň suratlandyrýan dessury şadessanyň ýokarky bölegini ýada salýar. Ýogsam weli bu ýerde tapawutlar örän köpdür. Göroglynyň pata almasy has düýpli hem uly zatdyr. Ol ýöne bir erkeklige ýetişmän, eýsem ýurduna eýe bolmaga ýetişýär. Ýöne munuňam durmuşy manysy alymyň diýýäni bilen gabat gelýär. Adamzat aňynyň has  giçki  önümi bolany üçin bu dessura erenler gatnaşýar.
Erenlerden alnan pata adam erki meselesiniň nukdaýnazaryndan nämäni aňladýar? Özüniň soňky ykbalyna – ýeňişlerine, üstünliklerine, gahrymançylygyna Görogly erenleriň patasy bilen ýetýärmi ýa onuň özüne-de bir zatlar galýarmy?
Şu sowala jogap bermezden owal, ikinji bir pursady-da belläýeliň. Röwşen kyrkda bir jam şerap içýär. Şerap içmek oguzlaryň şamançylyk ynançlary bilen bagly eken. «Gyrgyzlaryň arasynda faginun diýip atlandyrylýan adam bar. Ony ýylyň belli bir güni öýe çagyrýarlar; onuň töweregine sazanda-bagşylar we beýlekiler ýygnanýarlar hem-de içip, mes bolup başlaýarlar. Meýlisiň gyzan wagty bu adam huşundan gidip, ysytmaly ýaly ýykylyp başlaýar; ondan öňümizdäki ýyl nämeler bolar diýip sorap başlaýarlar, olam ýylyň hasylly ýa hasylsyz boljagyny, ygalyň ýa gurakçylygyň boljakdygyny aýdyp berýär; olar munuň aýdýanynyň hakdygyna ynanýarlar».
Görnüşi ýaly, goýlan sowalyň jogaby belli bir derejede getirilen maglumatda saklanýar. Erenler – iş ýüzünde adamlaryň özüniň mistiki röwüşde göz öňüne getirilmesidir. Olaryň keşpleridir. Ýöne olary özünden aýrybaşgalaşdyrmak serhal zerurlyk bolupdyr. Çünki şolardan pata aldym diýip göz öňüne getirmek öz-özüňe ynamyň üýtgeşik bir görnüşidir. Aňyň ösüşiniň irki döwründe adam erkini aýrybaşgalaşdyrmak ony adamlar arasynda ýaşaýan şamanlara bermek tärinde amal edilipdir. Yslam bolsa adam erkini ýedi gat asmanda – Arşda oturan Alla hem onuň gaýyp welilerine beripdir. Tüýs türkmen ruhly Göroglynyň erenlere iki manyly gatnaşygy şu ýerden gelip ikimanylylygyň birinji manysy – erenlere minnetdarlyk duýgusy hem-de kyn pursatda olardan delalat islemek endigi. Ikinji manysy bolsa – erenleri «öz biriň» ýaly görmek, olary tanamazlyk hem äsgermezlik gylygy.
Şu ýerde-de onuň köwekligi bildirýär. «Köwek» köwelmek diýen işlikden ýasalan söz. Ol hem köwelmegi – gomparylyp men-menlik edip oýnalmagy hem içi boşlugy aňladýar. Biz bu ýerde sözüň, esasan, birinji manysyna ähmiýet berýäris.
Görogly men-menlik edip, Arap Reýhanyň eline düşýär. Onuň men-menlik etmegine-de şeraby aşa köp içmegi sebäp bolýar.
«– Haý, Öwez jan!
– Lepbeý, aga.
– Nowşirwan adylam meniň ýaly adyllyk bilen ýurt soran däldir gerek?
– Rastdyr, aga.
– Hatam Taýam meniň ýaly ýurda aş beren däldir gerek?
– Rastdyr, aga.
– Hezreti Alam meniň ýaly iş bitiren däldir gerek?
– Haý, aga, gatyrak gitdiň-ä! Kärhana gol saldyň, aga!»
Görogly, şeýdip, öz pirine-de dil ýetirip ugraýar. Ýene bir gezek ol Agaýunusyň maslahatyny gaýtarýar. Üçünji bir gezekde bolsa ol Aşyk Aýdyň pirden pata alman, Harmandäli bilen göreş tutýar.
Öz güýjüne buýsanmak, güýjüne baýrynmaklyga öwrülip gidýär. Muňa Göroglynyň köwekligi sebäp bolýar.
Köweklik serhal sypat hökmünde türkanalyk bilen serhetleşýär. Türkanalyk samsyklyga çenli baryp ýetýän sadalyk, hatda ýöntemlikdir hem. Türkanalyk, türklügiň esasy aýratynlygy – öz bähbidiňi bütinleý aňlamazlykdyr. Göroglynyň bähbit diýen düşünjäni bilmeýänligi häsiýetli aýratynlykdyr. Bähbidini aňlamak, ony tassyklamaga çalyşmak oýlanyşyklylyga, mekirlige getirýär. Öz döwründäki gaýry ýurtly taryhçylar, gezende adamlar türkmenleriň türkanalygyny hem gönümelligini, hile-aldawy bilmeýändiklerini geň galyp, belläp geçipdirler. Iller näme, XIX asyryň beýik türkmen alymy hem ruhanysy Nyýazguly halypa öz türkmeni hakynda şeýle pelsepeli bendi döredipdir:

Türküm, türküm, türkümdir,
Toklusyn satar sekize,
Guýrugyny alar dokuza.
 
Köweklik, türkanalyk – bähbidiňi utdurmak. Şu-da adamy köp zatlardan mahrum edýär.
Men-menlik bilen türkanalyk utgaşanda Göroglyny serpmeden gaýdan ýaly edýär. Ol özüniň göz-guwanjy – Gyratdan aýra düşýär. Muňa ýetmek üçin köp jepalary görmeli bolýar. Ol hatda öz tüýsüni-de üýtgedýär. Ýagny türkanalygy mekirlik – başganyň sypatyna girmek bilen çalşyrmaly bolýar.
Umuman, Göroglynyň şahsyýeti dürli gapma-garşylyklaryň täsin utgaşygydyr. Onuň islendik sypatynyň hökmany suratda çöwre ýüzi-de bolýar. Şonuň üçinem onuň şahsyýetinde türkmen häsiýetleri hakda düýpli pikir ýöredere esaslar köpdür. Diýmek, köwekligiňem özüne ýetiksi serhal hem ruhy çylşyrymlylygy bar.

Edebi makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle